1
Ýohanna 13:34-35
Mukaddes Kitap
Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň. Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň. Eger biri-biriňizi söýseňiz, hemmeler siziň Meniň şägirdimdigiňizi bilerler».
Compare
Explore Ýohanna 13:34-35
2
Ýohanna 13:14-15
Eger Men siziň Agaňyz we Mugallymyňyz bolubam, aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyňyzy ýuwmalysyňyz. Meniň size edenimi, siz hem biri-biriňize edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim.
Explore Ýohanna 13:14-15
3
Ýohanna 13:7
Isa oňa: «Meniň edýän işime entek akylyň çatmaýar, muňa soň düşünersiň» diýdi.
Explore Ýohanna 13:7
4
Ýohanna 13:16
Men size dogrusyny aýdýaryn, gul hojaýyndan beýik däldir, habarçy-da özüni iberenden beýik däldir.
Explore Ýohanna 13:16
5
Ýohanna 13:17
Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.
Explore Ýohanna 13:17
6
Ýohanna 13:4-5
Şonuň üçin Ol nahar başyndan turup, donuny çykardy-da, bir ýaglyk bilen bilini guşady. Onsoň bir legene suw guýdy-da, şägirtleriniň aýaklaryny ýuwup, guşanan ýaglygy bilen süpürmäge durdy.
Explore Ýohanna 13:4-5
Home
Bible
Plans
Videos