1
Ýohanna 19:30
Mukaddes Kitap
Isa sirkeden dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi we başyny egip jan berdi.
Compare
Explore Ýohanna 19:30
2
Ýohanna 19:28
Onsoň Isa ähli zadyň tamam bolup barýanyny bilip, Mukaddes Ýazgylaryň berjaý bolmagy üçin, «Suwsadym» diýdi.
Explore Ýohanna 19:28
3
Ýohanna 19:26-27
Isa ejesini we onuň ýanynda duran söýgüli şägirdini görüp, ejesine: «Eý, zenan, bu seniň ogluňdyr» diýdi. Onsoň şägirde garap: «Bu-da seniň ejeňdir» diýdi. Şondan soň ýaňky şägirt ony öz öýüne aldy.
Explore Ýohanna 19:26-27
4
Ýohanna 19:33-34
Emma Isanyň ýanyna gelenlerinde, Onuň eýýäm ölendigini görüp, injiklerini döwmediler. Muňa garamazdan, esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi, şobada ondan gan bilen suw çogduryldy.
Explore Ýohanna 19:33-34
5
Ýohanna 19:36-37
Bu iş «Onuň ýekeje süňki hem döwülmez» diýen Mukaddes Ýazgylaryň berjaý bolmagy üçin boldy. Mukaddes Ýazgylaryň başga bir ýerinde bolsa: «Olar özleriniň deşim-deşim edenine serederler» diýilýär.
Explore Ýohanna 19:36-37
6
Ýohanna 19:17
Esgerler Isany alyp gitdiler. Isa haçyny Özi göterip, Kelleçanak diýilýän ýere geldi. Bu ýeriň arameýçe ady Golgotady.
Explore Ýohanna 19:17
7
Ýohanna 19:2
Esgerler tikenden täç örüp, Onuň başyna geýdirdiler, egnine gyrmyzy don ýapdylar.
Explore Ýohanna 19:2
Home
Bible
Plans
Videos