Aýal eden işiniň mundan aňry gizlin galmajakdygyny bilensoň, titräp gelip, Isanyň aýagyna ýykyldy. Ähli halkyň öňünde özüniň näme üçin Isa elini degrendigini, şobada hem şypa tapandygyny gürrüň berdi. Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Arkaýyn gidiber» diýdi.