1
Mark 13:13
Mukaddes Kitap
TukLat16
Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.
Compare
Explore Mark 13:13
2
Mark 13:33
Hüşgär boluň, oýa boluň! Siz ol wagtyň haçan geljekdigini bilýän dälsiňiz.
Explore Mark 13:33
3
Mark 13:11
Sizi tussag edip, kazyýete tabşyranlarynda, näme diýjegiňizi öňünden gaýgy etmäň, şol pursatda size näme berilse, şony gepläň. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur.
Explore Mark 13:11
4
Mark 13:31
Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
Explore Mark 13:31
5
Mark 13:32
Emma ol güni hem sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul bilýändir, diňe Ata bilýändir.
Explore Mark 13:32
6
Mark 13:7
Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşideniňizde gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir.
Explore Mark 13:7
7
Mark 13:35-37
Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi siz öý eýesiniň agşammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, gün dogandamy – haçan geljegini bilmeýärsiňiz. Ol duýdansyz gelip, ukuda üstüňizi basaýmasyn. Size aýdýanlarymy hemmelere-de aýdýaryn: oýa boluň!»
Explore Mark 13:35-37
8
Mark 13:8
Çünki millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar. Bular burgularyň başlangyjydyr.
Explore Mark 13:8
9
Mark 13:10
Hoş Habar ilki bilen ähli milletlere wagyz edilmelidir.
Explore Mark 13:10
10
Mark 13:6
Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men – Şolduryn“ diýip, ençeme adamlary aldarlar.
Explore Mark 13:6
11
Mark 13:9
Emma siz özüňizden habardar boluň! Adamlar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Men sebäpli siz hökümdarlaryň, patyşalaryň öňünde durarsyňyz we olara şaýatlyk edersiňiz.
Explore Mark 13:9
12
Mark 13:22
Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.
Explore Mark 13:22
13
Mark 13:24-25
Emma şol günlerde muşakgatlyklardan soňra, Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler.
Explore Mark 13:24-25
Home
Bible
Plans
Videos