YouVersion Logo
Search Icon

Müsürden çykyş 10:21-23

Müsürden çykyş 10:21-23 TUKLAT16

Şundan soň Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy asmana uzat, şonda Müsür ýurduna garaňky düşüp, ony tümlük gaplap alar» diýdi. Şeýdip, Musa elindäki hasasyny asmana uzatdy we tutuş Müsür ýurdy üç günläp garaňka gaplandy. Olar hatda bir-birlerini hem görüp bilmediler. Üç günläp olaryň hiç biri hiç ýere gozganyp hem bilmedi, emma ähli ysraýyllaryň ýaşaýan ýerinde ýagtylyk boldy.