YouVersion Logo
Search Icon

Müsürden çykyş 14

14
14‑nji bap
Ysraýyllaryň Gyzyl deňizden geçişi
1-2Ine, şonda Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, goý, olar yzyna öwrülip, deňziň gyrasyndaky Bagalsepona golaý ýerde, Migdol bilen deňziň arasyndaky Pihahyrotda düşlesinler. 3Faraon: „Ysraýyllar çölde azaşyp ýörendirler“ diýip pikir eder. 4Men faraony doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Faraonyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Ysraýyllar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler.
5Müsür patyşasyna ysraýyllaryň gaçandyklary barada aýdanlarynda, ol we onuň emeldarlary ysraýyllar hakdaky pikirlerini üýtgetdiler. Olar: «Ysraýyllary özümize gul bolmakdan boşadyp, bu biziň näme etdigimiz boldy?» diýişdiler. 6Şeýlelikde, faraon söweş arabasyna atlanyp, goşunyny hem öz ýany bilen alyp ugrady. 7Ol alty ýüz sany iň saýlama söweş arabalaryny we Müsüriň ähli beýleki söweş arabalaryny aldy. Olaryň hersiniň öz onbaşysy bardy. 8Reb Müsür şasy faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň goragy astynda gaýdan ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýtdy. 9Faraonyň ähli söweş arabalary, olaryň üstündäki esgerleri bilen birlikde tutuş pyýada goşun bolup, müsürliler olaryň yzyndan kowdular. Olar deňziň kenarynda, Bagalseponyň golaýyndaky Pihahyrotda düşlän ysraýyllaryň yzyndan kowup, olara golaý geldiler.
10 Faraon olara ýakyn gelende, ine, birdenkä öz yzlaryndan müsürlileriň kowup gelýändiklerine ysraýyllaryň gözi düşdi. Olar gaty gorkdular we Rebbe perýat etdiler. 11Ysraýyllar Musa: «Müsürde näme gabyr ýokmudy? Sen biziň çölde ölmegimiz üçin alyp gaýtdyňmy? Bizi Müsürden çykaryp, bu näme etdigiň boldy? 12Biz saňa Müsürde: „Bizi öz günümize goý, biz müsürlilere hyzmat edibereli“ diýip aýtmanmydyk? Biz çölde ölenimizden, müsürlileriň guly bolup ýören bolsak, müň paý gowy bolardy» diýdiler. 13Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz. 14Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi.
15Reb Musa: «Näme üçin sen Maňa perýat edýärsiň? Ysraýyllara aýt, goý, olar öňe tarap gitsinler. 16Sen eliňdäki hasaňy uzat-da, deňziň suwuna ur. Deňziň suwy ikä bölüner we ysraýyllar şol gury ýer bilen ýöräp, deňizden geçerler. 17Men müsürlileri doňýürek ederin, şeýdip, olar siziň yzyňyzdan kowup gaýdarlar. Faraonyň, onuň bütin goşunynyň, söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üsti bilen Men şöhrat gazanaryn. 18Men faraonyň, onuň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden şöhrat gazananymda, müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi.
19Şundan soň, Ysraýyl goşunynyň öňünden ýöreýän Hudaýyň perişdesi olaryň yzyna geçdi. Olaryň öňünden süýşüp barýan bulut sütüni hem olaryň arka tarapyna geçip, 20Müsür goşuny bilen Ysraýyl goşunynyň arasyna gelip durdy. Bulut gije ysraýyllar tarapyny ýagty, müsürliler tarapyny bolsa garaňky etdi. Şeýdip, bütin gije bular biri-biriniň golaýyna baryp bilmediler.
21Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi. 22Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler, suw sag tarapdan we çep tarapdan olara diwar bolup durdy. 23Müsürliler olary yzarlap gelýärdiler, faraonyň ähli atlary, onuň söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri olaryň yzyndan kowup, deňziň ortasyna girdiler. 24Daň atmazdan öň Reb ot we bulut sütüniniň içinden aşak, Müsür goşunyna tarap seretdi we olary aljyraňňy ýagdaýa saldy. 25Reb olaryň söweş arabalarynyň tigirlerini batga batyrdy, şonuň üçin hem, olara arabalaryny sürmek gaty kyn düşdi. Şonda müsürliler: «Ýörüň, ysraýyllardan gaçalyň, çünki Müsüriň garşysyna olar üçin Reb söweşýär» diýdiler.
26Soňra Reb Musa: «Eliňi deňze tarap uzat, goý, suw müsürlileriň, olaryň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden basyp, yzyna öwrülsin» diýdi. 27Şeýdip, Musa elini deňze tarap uzatdy welin, daňdan deňziň suwy öňki akymyna öwrüldi. Müsürliler ondan gaçyp çykmaga dyrjaşdylar, emma Reb müsürlileri deňziň ortasyna eltip taşlady. 28Suw yzyna dolup, ysraýyllaryň yzyndan deňze giren söweş arabalaryň, söweş arabaly esgerleriň, faraonyň tutuş goşunynyň üstüni basyp örtdi. Olaryň ýekejesi hem diri galmady. 29Emma ysraýyllar deňizden gury ýer bilen geçdiler, suw olara sag we çep tarapdan diwar bolup durdy.
30Şeýlelikde, Reb şol gün ysraýyllary müsürlileriň elinden halas etdi. Ysraýyllar deňziň kenarynda ölüp ýatan müsürlileri gördüler. 31Rebbiň müsürlilere garşy görkezen beýik gudratyny görüp, ysraýyllar Rebden gorkdular. Olar Rebbe we onuň guly Musa iman etdiler.

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in