YouVersion Logo
Search Icon

Müsürden çykyş 16

16
16-njy bap
Manna we bedeneler
1Ähli ysraýyl halky Eýlimden çykyp gaýtdy. Müsürden çykanlaryndan soň, olar ikinji aýyň on bäşi güni Eýlim bilen Sinaýyň aralygynda ýerleşýän Sin çölüne geldiler. 2Çölde ähli ysraýyl halky Musa we Haruna igenmäge başlady. 3Olar şeýle diýdiler: «Biz Rebbiň elinden Müsürde ölen bolsak gowy bolardy. Biz ol ýerde etli gazanlar ataryp, doýýançak nahar iýerdik. Siz bolsa bu tutuş jemagaty açlykdan öldürmek üçin çöle getiripsiňiz».
4Reb Musa: «Ine, Men size gökden çörek ýagdyrjak. Adamlar her gün gündelik paýyny ýygnamaga çykarlar. Men olary şeýle synap, Meniň kanunym boýunça ýörejegini ýa ýöremejegini bilerin. 5Altynjy gün olar gündelik ýygnaýan paýy bilen deňeşdirende iki esse köp ýygnap, iki günlügini taýýarlap goýsunlar» diýdi. 6Şeýlelikde, Musa bilen Harun ähli ysraýyllara ýüzlenip: «Agşam siz özüňizi Müsürden alyp çykanyň Rebdigini bilersiňiz. 7Irden bolsa siz Rebbiň şöhratyny görersiňiz, sebäbi Reb siziň Özüne garşy edýän zeýrençleriňizi eşitdi. Bizden nalar ýaly, biz kim bolupdyrys?» diýdiler. 8Musa ýene-de: «Reb size agşamyna iýmäge et, ertirine bolsa doýýançaňyz çörek berer. Sebäbi Reb siziň Oňa garşy edýän şikaýatlaryňyzy eşitdi. Biz kim? Siziň igençleriňiz bize däl-de, Rebbe garşydyr» diýdi.
9 Musa Haruna: «Bütin ysraýyl halkyna aýt: „Indi olar Rebbiň huzuryna gelsinler, çünki Reb olaryň nalasyny eşitdi“» diýdi. 10Harun tutuş ysraýyl halkyna ýüzlenip geplän badyna, olar çölde buludyň içinde peýda bolan Rebbiň şöhratyny gördüler. 11Reb Musa şeýle diýdi: 12«Men ysraýyllaryň nalyşyny eşitdim. Olara aýt: agşamyna et iýersiňiz, ertirine bolsa çörekden doýarsyňyz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz».
13Agşam bedeneler uçup gelip, düşelgäni bürediler. Ir ertir bolsa, düşelgäniň töweregine çyg düşdi. 14Çyg sowlanda, çölüň ýüzünde gyrawa meňzeş maýda inçe patrak ýaly zat galdy. 15Ysraýyllar muny görende, biri-birlerinden: «Bu näme?» diýşip soradylar. Çünki olar munuň nämedigini bilmeýärdiler. Musa olara: «Bu size Rebbiň iýmäge beren çöregi. 16Rebbiň buýrugy şudur: her biriňiz ondan öz iýip biljegiňizi ýygnaň. Düşelgäňizdäki adam sanyna görä, her jan başyna bir omer#16:16 Omer – bu ýewreýleriň agyrlyk ölçegidir. Bir omer takm. 2 kg deňdir. ýygyp alarsyňyz» diýdi. 17Ysraýyllar şeýle hem etdiler. Olaryň käbiri köpräk, käbiri azrak ýygnady. 18Emma bir omer ölçegi bilen ölçänlerinde, köp ýygnanyňkydan artmady, az ýygnanyňky-da kem çykmady. Her kim öz iýip biljegini ýygnan eken. 19Musa olara: «Ýekeje adam hem ondan ertire hiç zat galdyrmaly däldir» diýdi. 20Emma olar Musa gulak asmadylar. Ýygnanlaryndan birazragy ertire galdy. Ol bolsa gurtlap porsapdyr. Musanyň olara gaty gahary geldi. 21Her gün ertirine her kim bu berilýän çörekden öz iýip biljegini ýygnady. Gün gyzyp, yssy düşende, ol eredi.
22Altynjy güni olar adam başyna iki esseden, ýagny iki omer möçberinde ýygnadylar. Halkyň ähli ýolbaşçylary gelip, muny Musa aýdanlarynda, 23Musa şeýle diýdi: «Rebbiň buýrugy şudur: ertir dynç alyş güni, bu Rebbe bagyş edilen mukaddes Sabat günüdir. Bişirjek zatlaryňyzy bişirip, gaýnatjak zatlaryňyzy gaýnadyň. Artan zatlaryňyzyň hemmesini ertir daňdana alyp goýuň». 24Şeýlelikde, olar Musanyň buýrugy boýunça ertire çenli ondan alyp goýdular. Ol ne porsady, ne-de gurtlady. 25Musa: «Muny şu gün iýiň, çünki bu gün Reb üçin Sabat günüdir. Bu gün siz olary meýdandan tapmarsyňyz. 26Alty günläp siz ondan ýygnarsyňyz, emma ýedinji gün bolan Sabat güni meýdanda ondan hiç zat tapmarsyňyz» diýdi.
27Ýedinji gün birnäçe adam ondan ýygnamaga çykdy, emma hiç zat tapmadylar. 28Reb Musa: «Siz haçana çenli Meniň tabşyryklarymy we kanunlarymy ýerine ýetirmekden boýun towlajaksyňyz? 29Serediň! Men size Sabat gününi berdim. Şonuň üçin hem altynjy gün Men size çöregi iki günlük edip berýärin. Ýedinji gün her kim öz ýerinde galsyn, hiç kim daşary çykmasyn» diýdi. 30Şeýdip, adamlar ýedinji gün dynç aldylar.
31Ysraýyllar ol çöregiň adyna manna#16:31 Ýewreýçe manna we bu näme? diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir. Seret: Msr 16:15. diýip at goýdular. Ol kinzanyň tohumyna meňzeş ak we kiçi bolup, tagamy bal goşulyp bişirilen çelpek ýalydy. 32Musa: «Rebbiň buýrugy şeýle: „Geljekki nesiller üçin bir omer möçberde manna saklaň, şonda olar Müsürden alyp çykanymdan soňra, çölde sizi nähili çörek bilen bakanymy görerler“» diýdi. 33Musa Haruna: «Bir golça alyp, onuň içine bir omer mannany sal. Geljekki nesiller üçin saklar ýaly, ony Rebbiň huzurynda goý» diýdi. 34Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Harun ony saklamak üçin, Äht sandygynyň öňünde goýdy. 35Ysraýyllaryň ornaşan ýurdy bolan Kengan topragyna baryp ýetýänçäler, olar kyrk ýyllap manna iýdiler. 36(Bir omer batmanyň ondan biri bolýar.)

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in