YouVersion Logo
Search Icon

Müsürden çykyş 21

21
21‑nji bap
Ýewreý gullary hakynda
(Kanun taglymaty 15:12-18)
1«Şu hökümleri ysraýyllara ýetir: 2Siz ýewreý guluny satyn alsaňyz, ol size alty ýyllap hyzmat eder, ýedinji ýyl bolsa ol hiç hili bergisiz azat adam bolar. 3Eger ol sallah bolup gelse, sallahlygyna hem gider. Eger öýlenen gul gelse, onuň aýaly-da özi bilen gider. 4Eger hojaýyny guluna aýal alyp berse we ondan ogul-gyz dogulsa, onuň aýaly, çagalary hojaýyna degişli bolup galar-da, guluň ýeke özi gider. 5-6Emma gul: „Men hojaýynymy, aýalymy we çagalarymy söýýärin. Men azatlyga çykjak däl“ diýip jar etse, hojaýyn ony Hudaýyň huzuryna getirsin. Ony gapynyň ýanyna ýa-da bosaga getirip, temen bilen gulagyny deşsin. Soň ol gul hojaýynyna ömürboýy hyzmat eder».
7«Bir adam öz gyzyny gyrnak edip satsa, ol gyrnak azatlyga guluň çykyşy ýaly çykyp bilmez. 8Eger gyrnak özüni saýlan hojaýynynyň göwnünden turmasa, gyrnagyň maşgalasy ony yzyna satyn alyp biler. Hojaýynyň ony keseki adama satmaga haky ýokdur, sebäbi ol gyrnagyna adalatsyz garapdyr. 9Eger hojaýyn ol gyrnagy ogluna gelinlik saýlasa, ol ony öz gyzy ýaly görmelidir. 10Eger hojaýyn özüne başga aýal edinse, ol birinji aýalyny hemişeki iýmitinden, geýim-gejiminden ýa-da är-aýallyk hukugyndan mahrum etmeli däldir. 11Eger hojaýyn oňa şu üç zady etmese, ol aýal hiç zat tölemezden, azatlyga çykyp biler».
Zorluk hakda
12«Kim adam urup öldürse, ol ölüme höküm edilsin. 13Emma ol ony bilkastlaýyn öldürmän, eýsem, bu Hudaý tarapyn bolsa, onda ol adam Meniň bellejek ýerime gaçyp gutulyp biler. 14Emma bir adam başga birine hile gurap, ony bilkastlaýyn öldürse, ol hatda Meniň gurbanlyk sypama gaçan hem bolsa ony öldüriň.
15Kim atasyna-enesine el galdyrsa, ol ölüme höküm edilsin.
16Kim adam ogurlap satsa ýa-da ogurlanan adam onuň öýünden tapylsa, ol ölüme höküm edilsin.
17Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin.
18-19Iki adam dawalaşyp, biri beýlekisini daş bilen ýa-da ýumruk bilen ursa, ol hem ölmän galyp, düşekde ýatsa, soňra ol ýene-de aýak üstüne galyp, pişegiň kömegi bilen içeri-daşary girip-çykyp bilse, ony uran adam jezasyz galsyn. Ýöne ol onuň ýitiren wagty üçin tölesin we gowy gutulýança oňa seretsin.
20Kim guluny ýa-da gyrnagyny taýak bilen ursa, urlan hem onuň elinden ölse, uran jezalandyrylmalydyr. 21Emma ol gul ýa-da gyrnak birki gün ölmän ýaşasa, hojaýyna jeza bermeli däl. Çünki ol gul onuň hususy emlägidir.
22Adamlar uruşýan mahaly, göwreli aýala zeper ýetip, çagasy düşse, ýöne başga hiç hili zyýan etmese, oňa azar ýetiren adam ol aýalyň äriniň talap eden zatlaryny kazylaryň tassyklan möçberinde jerime tölemeli. 23Eger oňa başga bir ömür howply zyýan ýeten bolsa, onda jan ýerine jan almak bilen; 24göz ornuna göz, diş ornuna diş, aýak ornuna aýak almak bilen; 25ýanyk ýerine ýanyk, ýara ýerine ýara, gök ýerine gök salmak bilen jeza berilsin.
26Hojaýyn guluny ýa-da gyrnagyny urup, gözüni kör etse, gözüniň öwezine ony azat etsin. 27Eger-de kim guluny ýa-da gyrnagyny urup, dişini döwse, döwlen dişiň öwezine ony azat etsin».
Mal-garalar hakda
28«Eger bir öküz bir erkek adamy ýa-da aýaly süsüp öldürse, onda ol öküz daşlanyp öldürilsin. Onuň eti hem iýilmesin. Öküziň eýesi bolsa günäkär saýylmasyn. 29Eger öküziň süsekdigi öňden mälim bolup, ony eýesine duýdursalar, emma ol adam şonda-da öküzine göz-gulak bolmasa we ol öküz erkek adamy ýa-da aýaly süsüp öldürse, onda öküz daşlanyp öldürilsin. Onuň eýesi bolsa ölüme höküm edilsin. 30Eger öküziň eýesinden hun talap edilse, ol özünden talap edilen huny doly töläp, öz janyny gutaryp biler. 31Eger gara mal oglany ýa-da gyzy süsüp öldürse, oňa garşy hem şuňa meňzeş kanun ulanylsyn. 32Eger öküz guly ýa-da gyrnagy süsüp öldürse, öküz eýesi guluň hojaýynyna altmyş bäş mysgal#21:32 Altmyş bäş mysgal – ýewreýçe otuz şekel. Bu takm. 330 gr deňdir. kümüş jerime tölesin. Mal bolsa daşlanyp öldürilsin.
33Bir adam çukuryň üstüni açsa ýa-da çukur gazyp üstüni örtmese we oňa öküz ýa-da eşek gaçsa, 34çukury gazan adam ýetirilen zyýany tölesin. Ölen malyň maslygy bolsa onuň özüne galsyn. 35Bir adamyň öküzi başga biriniň öküzini süsüp öldürse, onda olar diri öküzi satyp, onuň bahasyny deň bölüşmeli. Ölen maly hem deň ikä paýlamaly. 36Eger öküziň süsekdigi ozaldan belli bolup, ony eýesine duýdursalar, eýesi şonda-da oňa göz-gulak bolmasa, ol öküziň öwezine öküz bermelidir. Ölen malyň maslygy bolsa onuň özüne galmalydyr».

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in