YouVersion Logo
Search Icon

Müsürden çykyş 26

26
26-njy bap
Mukaddes çadyr
1Bulardan başga-da, sen on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasat. Perdeler zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen bolsun. Ussat keşdeçiler olaryň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler. 2Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeş bolsun. 3Bäş perde bir aýry, beýleki bäş perde hem bir aýry edilip çatylsyn. 4Birinji bäş perdäniň iň soňkusynyň ujuna gök halka ýasa, ikinji bäş perdäniň hem iň soňkusyna şeýle edilsin. 5Birinji toplumyň iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasa we ikinji toplumyň soňkusyna-da elli halka ýasasynlar. Halkalar biri-biriniň garşysynda ýerleşsin. 6Altyndan elli sany ildirgiç ýasat we perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdir. Şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar.
7Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasasynlar. 8Daşky örtügiň perdesiniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolsun. On bir perdäniň-de ölçegi deň bolsun. 9Perdeleriň bäşisini biri-birine çatsynlar, galan altysyny hem şeýle etsinler. Altynjy perdäni çadyryň öň tarapynda iki gatlaň. 10Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasaň, ikinji toplumyňka hem şeýle ediň.
11Soňra bürünçden elli sany ildirgiç ýasat. Ildirgiçleri halkadan geçirip, çadyry birleşdir, şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar. 12Perdeleriň galan bölegi, ýagny galan ýarysy çadyryň arka tarapyndan asylyp dursun. 13Çadyryň perdeleriniň her iki gapdaly bir tirsek uzyn bolsun. Soňra näme artykmaç galsa, olary her iki tarapyndan çadyry örtmek üçin asyň. 14Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaň, onuň daşky örtügi üçin saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasaň.
15 Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine çarçuwalar ýasat. 16Her çarçuwanyň uzynlygy on tirsek, ini bir ýarym tirsek bolsun. 17Çarçuwalary biri-birine sepleşdirip durar ýaly, her çarçuwada iki sany gazyk bolsun. Çadyryň ähli çarçuwalary üçin şeýle edilsin. 18Mukaddes çadyr üçin çarçuwalary ine şeýle ýasaň: günorta tarapy üçin ýigrimi sany çarçuwa ýasap, 19şol ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden daban ýasasynlar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany daban bolsun. 20Çadyryň ikinji, demirgazyk tarapy üçin hem ýigrimi çarçuwa ýasaň. 21Olaryň hem her çarçuwa ikiden, jemi kyrk sany kümüşden dabany bolsun. Her çarçuwanyň aşagyndan iki daban bejert. 22Çadyryň ýeňsesi bolan günbatar tarapy üçin alty çarçuwa ýasaň. 23Çadyryň arka tarapyndaky burçlar üçin iki çarçuwa ýasaň. 24Olar aşakdan hem, ýokardan hem bir halka birleşen bolmaly. Olaryň ikisi-de şeýle edilsin we olar iki burçy emele getirsin. 25Şeýdip, sekiz sany çarçuwa bolup, her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasalyp, jemi on alty sany kümüşden dabany bolsun.
26Akasiýa agajyndan syryklar ýasat. Çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalar üçin bäş syryk, 27beýleki tarapyndaky çarçuwalar üçin hem bäşisini we arka tarapy bolan günbataryndaky çarçuwalar üçin bäşisini ýasasynlar. 28Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän syryk çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli geçmelidir. 29Çarçuwalary altyna gaplat. Taýaklary saklar ýaly altyndan halkalar ýasat. Syryklary hem altyna gaplat. 30Mukaddes çadyry dagda saňa görkezilen nusganyň esasynda gur.
31Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasat. Onuň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler. 32Tutyny asmak üçin, akasiýa agajyndan dört sany sütün ýasat. Olary altyn bilen gaplaň. Bu sütünler üçin altyndan ildirgiçler ýasaň we kümüşden dört sany daban hem ýasaň. 33Tutyny ildirgiçden asyp, onuň iç tarapyna Äht sandygyny getir. Bu tuty siziň üçin mukaddes otag bilen iň mukaddes otagy biri-birinden aýyrsyn. 34Iň mukaddes otagdaky Äht sandygynyň gapagyny getirip goý. 35Hantagtany tutynyň daş tarapynda, çadyryň demirgazyk tarapynda goý. Çyradany bolsa hantagtanyň garşysynda, çadyryň günorta tarapynda goý. 36Çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan ýapynja ýasat. Ol keşde bilen nagyşlansyn. 37Bu ýapynja üçin akasiýa agajyndan bäş sany sütün dikip, olary altyna gaplat. Olaryň ildirgiçleri hem altyndan bolsun we olar üçin bürünçden bäş sany daban ýasat.

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in