YouVersion Logo
Search Icon

Müsürden çykyş 8

8
8‑nji bap
Ikinji betbagtçylyk: gurbagalar
1Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraonyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý: „Reb saňa şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler. 2Sen olary goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men gurbagalar çozduryp, tutuş ýurduňa betbagtlyk getirerin. 3Nil derýasy gurbaga sürüsinden dolup, olar seniň öýüňe, köşgüňe we ýatýan düşegiňe çenli gelerler. Gurbagalar seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň öýlerine dolar, olar hatda tamdyrlaryňyzyň içine we hamyr ýugrulýan jamyňyza çenli girerler. 4Gurbagalar seniň üstüňe, seniň halkyňyň we ähli emeldarlaryňyň üstüne çykarlar’“». 5Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol elindäki hasasyny uzadyp, derýalara, ýaplara we suw howdanlaryna urup, gurbagalar çykarsyn. Müsüriň ýerini gurbagalar gaplap alar“» diýdi. 6Şeýlelikde, Harun hasasy bilen Müsürdäki suwlara urup çykdy we gurbagalar peýda boldy. Tutuş Müsüriň ýeri gurbagalar bilen örtüldi. 7Emma jadygöýler hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler, olar hem Müsürde gurbagalar çykardylar.
8Soňra faraon Musa bilen Haruny çagyryp, olara: «Menden we halkymdan gurbagalaryň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg ediň. Men bolsa halkyňyzy Rebbe gurbanlyk bermäge goýbererin» diýdi. 9Musa faraona: «Seniň üçin, emeldarlaryň we halkyň üçin haçan dileg etmelidigini maňa özüň aýdaý, şonda gurbagalar sizden we siziň öýleriňizden ýok bolup giderler, olar diňe Nil derýasynda galar» diýdi. 10Faraon hem oňa: «Ertir dileg edäý» diýdi. Musa oňa: «Goý, seniň aýdyşyň ýaly bolsun! Çünki sen biziň Hudaýymyz Reb ýaly başga hiç kimiň ýokdugyny bilersiň. 11Gurbagalar senden, siziň öýleriňizden, emeldarlaryňdan we halkyňdan aýrylyp, diňe Nil derýasynda galar» diýdi. 12Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyndan gaýtdylar. Musa faraonyň üstüne çozduran gurbagalaryny ýok etmegini sorap, Rebbe dileg etdi. 13Reb hem Musanyň dilegini ýerine ýetirdi. Öýlerdäki, howlulardaky we meýdanlardaky gurbagalar öldüler. 14Müsürliler ölen gurbagalary uly üýşmekler edip ýygnadylar, ýerden porsy ys haplap urdy. 15Faraon bu zatlary görüp, göwni aram tapdy. Soň ýene-de özüniň doňýürekligini etdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady.
Üçünji betbagtçylyk: çirkeýler
16Soňra Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol hasasyny alsyn-da, ýeriň tozuna urup çyksyn, şonda tutuş Müsüriň içinde çirkeýler peýda bolar“» diýdi. 17Olar şeýle hem etdiler. Harun eline hasasyny alyp, ýeriň tozuna urup çykdy welin, adamlaryň we haýwanlaryň üstüne çirkeýler çozdy. Tutuş Müsüriň ähli tozy çirkeýe öwrüldi. 18Jadygöýler hem öz gizlin usullary bilen çirkeý döretmäge synanyşdylar, emma olar muny başarmadylar. Şeýlelikde, çirkeýler adamlaryň we haýwanlaryň üstünde gezişip ýördüler. 19Jadygöýler faraona: «Bu Hudaýyň işi» diýdiler. Emma faraonyň ýüregi doňdy we ol Rebbiň aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.
Dördünji betbagtçylyk: siňekler
20Soňra Reb Musa: «Irden tur-da, faraonyň suwa düşmäge çykýan wagty oňa garaş we oňa şeýle diý: „Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber. Olar gidip, Maňa ybadat etsinler. 21Eger sen Meniň halkymy ýene-de goýbermeseň, onda Men seniň üstüňe, seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň üstüne we seniň öýüňe siňek sürüsini ibererin. Müsürlileriň öýleri siňek sürüsinden dolar, şeýle hem, olaryň ýaşaýan ýerleri siňek bilen gurşalar. 22Emma şol gün Men Öz halkymyň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragyny aýry goýjak. Ol ýerde hiç hili siňek sürüsi bolmaz, şonda sen Meniň bu ýurduň Rebbidigimi bilersiň. 23Men Öz halkymy seniň halkyňdan tapawutlandyraryn. Bu gudratly alamat ertir bolar’“». 24Reb şeýle hem etdi. Faraonyň öýi we onuň emeldarlarynyň öýleri güýçli siňek sürüsi bilen doldy. Siňeklerden ýaňa tutuş Müsür ýurdy weýran boldy.
25Soňra faraon Musa bilen Haruny ýanyna çagyrdyp, olara: «Baryň, gidiň-de, şu ýurtda Hudaýyňyza gurbanlyk beriň» diýdi. 26Emma Musa: «Beýle etsek dogry bolmaz. Hudaýymyz Rebbe berýän gurbanlygymyzy müsürliler nejislik hasaplarlar. Eger biz müsürlilere nejislik edip, mal gurbanlygymyzy olaryň gözüniň alnynda bersek, onda olar bizi daşlap öldürmezlermi? 27Hudaýymyz Rebbe berjek gurbanlygymyzy biz Onuň Özüniň buýruşy ýaly, üç günlük çöle gidip bermeli» diýdi. 28Faraon oňa: «Men size çöle gidip, Hudaýyňyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat edýärin, ýöne siz gaty uzaga gitmeli dälsiňiz. Meniň üçin Rebbe dileg edäý» diýdi. 29Soňra Musa: «Ine, men häzir gidip, faraondan, onuň emeldarlaryndan we halkyndan siňek sürüsiniň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg etjek. Ýöne faraon ýene-de ýalan sözläp, halky Rebbe gurbanlyk bermäge goýbermekden saklamawersin» diýdi.
30Şeýlelikde, Musa faraonyň ýanyndan gaýdyp, Rebbe dileg etdi. 31Reb hem Musanyň dilegini ýerine ýetirdi. Siňek sürüsi faraondan, onuň emeldarlaryndan we halkyndan aýrylyp ýok bolup gitdi, ýekeje siňek hem galmady. 32Emma faraon bu gezek hem doňýürekligine galdy we ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi.

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in