Gelip çykyş 19
19
19-njy bap
Sodom we Gomora weýran edilýär
1Agşamara hälki iki perişde Sodom galasyna geldi. Lut galanyň derwezesinde otyrdy. Ol perişdeleriň gelýänini görüp, ýerinden turup, olaryň öňlerinden çykyp, olara iki bükülip tagzym etdi. 2Lut: «Eý, jenaplar, aýagyňyzy ýuwuň-da, bu gije öýüme myhman boluň. Ertir ir bilen turup, ýoluňyzy dowam etdirersiňiz!» diýdi. Olar: «Ýok, biz gijäni meýdançada geçireris» diýdiler. 3Lut ýüreginden syzdyryp ýalbaransoň, olar onuň öýüne sowuldylar. Ol perişdeleri hezzetläp, olara petir bişirip berdi. Olar naharlandylar. 4Olar ýatmazdan öň, Sodomyň ýaşu-garry ähli erkek adamlary Lutuň öýüniň daşyny gabadylar. 5Olar Luta: «Şu gije öýüňe gelen adamlar nirede? Olary biziň ýanymyza çykar, biz olar bilen ýatjak» diýip gygyryşdylar. 6-7Lut daşary çykyp, gapyny daşyndan ýapdy we ýygnanan adamlara: «Eý, doganlar, gabahatlykdan el çekiň. 8Meniň iki sany boý gyzym bar. Men şolary siziň eliňize bereýin. Siz olara islän zadyňyzy edäýiň, ýöne bu adamlara degmäň. Olar meniň öýümi penalap geldiler» diýdi. 9Emma olar Luta: «Aýryl gapydan» diýdiler. Olar soňra: «Gelmişek halyňa bize akyl öwretjek bolýaňmy? Indi biz seni olardan hem beter ederis» diýşip, gapyny döwmek üçin Luta topuldylar. 10Emma içerdäki adamlar gapyny açyp, Luty içeri saldylar-da, gapyny ýapdylar. 11Olar gapynyň agzynda duranlaryň uludan-kiçä ählisiniň gapyny tapyp bilmezleri ýaly gözlerini kör etdiler.
12Adamlar Luta şeýle diýdiler: «Seniň bu ýerde ýene kimiň bar? Ogul-gyzyňmydyr, giýewiňmidir, garaz, galadaky özüňe degişli adamlaryň ählisini al-da, bu ýerden çyk. 13Biz Sodomy weýran etjekdiris. Reb bu ýeriň halkyna garşy edilýän uly ahy-nalalary eşidip, bizi Sodomy weýran etmäge iberdi». 14Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler. 15Daň atandan soň perişdeler: «Gala weýran edilende heläk bolmazyňyz ýaly, aýalyň bilen ýanyňdaky iki gyzyňy hem al-da, bu ýerden çyk!» diýip, Luty gyssap başladylar. 16Emma Lut ikirjiňlendi. Şol wagt adamlar Lutuň, onuň aýalynyň hem iki gyzynyň elinden tutup, Rebbiň merhemeti bilen olary aman-sag galadan alyp çykdylar. 17Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi.
18Ýöne Lut oňa şeýle diýdi: «Ýok, ýok jenabym! 19Guluňyz seniň nazaryňda eýýäm merhemet tapdy. Sen meni ölümden halas edip, maňa ýagşylyk etdiň. Emma men daglara gaçyp bilmerin; men betbagtçylyga ýolugyp, ölerin diýip gorkýaryn. 20Şu golaýda kiçijik bir gala bar. Ol kiçi ahyryn. Özümi şol ýere atmaga maňa ygtyýar etseň, men ölümden halas bolaryn». 21Ol Luta: «Bolýar, seniň haýyşyňy ýerine ýetirerin. Men şol diýýän galaňy weýran etmerin. 22Sen basym gaç, çünki sen ol ýere baryp ýetýänçäň, men hiç zat edip bilmerin» diýdi. Şoňa görä-de ol gala Sogar#19:22 Ýewreýçe Sogar we kiçi sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. diýlip atlandyryldy.
23Gün doganda, Lut Sogara gelip ýetdi. 24-25Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi. 26Lutuň aýaly yzyna garady we şol bada duz sütünine öwrüldi.
27 Ybraýym daň bilen turup, özüniň Rebbiň huzurynda duran ýerine gitdi. 28Ybraýym Sodoma, Gomora we tutuş düzlüge tarap aşak seredip, ol ýurtdaky asmana göterilýän tüssäniň edil ojakdan çykýan ýalydygyny gördi.
29Şeýdip, Hudaý düzlükdäki iki galany weýran edende, Ybraýymy ýatdan çykarmady; Lutuň mesgen tutan galalaryny weýran edende, Hudaý Luty ol betbagtçylykdan halas etdi.
Mowaplaryň we ammonlaryň gelip çykyşy
30 Lut Sogarda galmakdan gorkup, iki gyzyny-da alyp, bu ýerden çykdy. Ol dagda mesgen tutup, gyzlary bilen bile bir gowakda ýaşaberdi. 31Bir gün gyzlaryň ulusy uýasyna: «Kakamyz garrap barýar; dünýä adatyna görä biziň ýanymyza girer ýaly ýer ýüzünde hiç bir erkek kişi ýok. 32Gel, kakamyza şerap içirip, onuň bilen ýataly. Şeýdip, biz öz kakamyzdan perzentli bolarys» diýdi.
33Gyzlar şol gije kakalaryny serhoş etdiler. Şeýdip, gyzlaryň ulusy öz kakasynyň ýanyna girip, onuň bilen ýatdy. Lut gyzynyň haçan ýatyp, haçan turanyny-da bilmedi. 34Ertesi gün ýene gyzlaryň ulusy öz doganyna: «Men öten agşam kakam bilen ýatdym. Gel, bu gije-de ony serhoş edeli; sen hem onuň bilen ýat. Şeýdip, biz öz kakamyzyň üsti bilen perzentli bolarys» diýdi. 35Gyzlar bu gije hem kakalaryny serhoş etdiler. Bu gezek gyzlaryň kiçisi öz kakasynyň ýanyna girip, onuň bilen ýatdy. Lut onuň-da haçan ýatyp, haçan turanyny bilmedi.
36Şeýdip, Lutuň iki gyzy-da öz kakasyndan göwreli boldy. 37Gyzlaryň ulusy bir ogul dogurdy we onuň adyna Mowap#19:37 Ýewreýçe Mowap we atamdan sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. dakdy. Ol häzirki mowaplaryň nesilbaşysydyr. 38Gyzlaryň kiçisi-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Benamy#19:38 Ýewreýçe Benamy we halkymyň ogly sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. dakdy. Ol häzirki ammonlaryň nesilbaşysydyr.
Currently Selected:
Gelip çykyş 19: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016