YouVersion Logo
Search Icon

Gelip çykyş 31

31
31‑nji bap
Ýakup Labanyň ýanyndan gidýär
1-2 Ýakup Labanyň ogullarynyň: «Ýakup biziň kakamyzyň ähli emlägine eýe boldy. Ol özüniň bütin baýlygyny kakamyzyň hasabyna gazandy» diýen gürrüňini eşitdi. Ýakup Labanyň hem özüne bolan garaýşynyň öňküsi ýaly däldigini gördi. 3Onsoň Reb Ýakuba: «Ata-babaňyň mekanyna, öz garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men seniň bilen bile bolaryn» diýdi. 4-5Şoňa görä Ýakup Rahel bilen Leýany meýdana, dowarlaryň ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Görýärin welin, kakaňyzyň maňa garaýşy öňküsi ýaly däl. Ýöne kakamyň Hudaýy meniň bilendir. 6Kakaňyza meniň janymy aýaman hyzmat edendigimi siz bilýänsiňiz. 7Kakaňyz bolsa meni aldap, zähmet hakymy on gezek üýtgetdi, ýöne Hudaý oňa maňa zelel ýetirmäge ýol bermedi. 8Laban maňa: „Tegmiltli dowarlar seniň hakyň bolsun“ diýende, dowarlar uçdantutma tegmiltli guzulary guzladylar. Ol: „Ala-mula dowarlar seniň hakyň bolsun“ diýende bolsa, dowarlar uçdantutma ala-mula owlak-guzulary guzladylar. 9Şeýdip, Hudaý kakaňyzyň dowarlaryny ondan alyp, maňa berdi.
10Dowarlaryň höwre gelýän möwsüminde men bir düýş gördüm. Düýşümde çakyşýan tekelerdir geçiler diňe ala-mula, tegmiltli we hallymyş. 11Şonda düýşümde Hudaýyň perişdesi maňa: „Ýakup!“ diýip ýüzlendi. Men Oňa: „Lepbeý!“ diýip jogap berdim. 12Perişde: „Seret, çakyşýan tekelerdir geçiler diňe ala-mula, tegmiltli we hallydyr. Labanyň saňa edýän zatlarynyň ählisini Men gördüm. 13Men Beýtel Hudaýydyryn. Sen ol ýerde bir dikme daşyň üstüne zeýtun ýagyny guýupdyň we ant içipdiň. Indi sen bu ýurtdan git-de, öz dogduk mekanyňa dolan“» diýdi.
14Rahel bilen Leýa Ýakuba şeýle jogap berdiler: «Atamyzyň öýünde bize ne paý, ne-de miras bar. 15Ol bizi keseki hasaplamaýarmy näme?! Çünki ol bizi satdy, biz üçin tölenen kümüşleri-de satyp iýdi. 16Hudaýyň kakamyzyň elinden alan ähli baýlygy bize hem biziň çagalarymyza degişlidir. Indi sen Hudaýyň diýenini ýerine ýetir».
17-18Şeýdip, Ýakup çagalarydyr aýallaryny düýelere mündürip, ähli mallaryny – Padanaramda toplan ähli mal-mülküni alyp, öz kakasy Yshagyň ýanyna – Kengan ýurduna tarap ýola düşdi. 19Laban öz dowarlaryny gyrkmaga giden wagty, Rahel kakasynyň öý butlaryny ogurlady. 20Ýakup bolsa özüniň bu ýerden gaçýandygyny Laban mesopotamiýalydan gizlemek bilen, ony aldawa saldy. 21Şeýdip, Ýakup ähli emlägini alyp, ol ýerden gaçdy. Ol Ýewfrat derýasyndan geçip, Gilgat daglygyna tarap ýöneldi.
Laban Ýakuby yzarlaýar
22Üçünji gün Ýakubyň gaçandygy hakdaky habar Labana gelip ýetdi. 23Laban garyndaşlaryny ýanyna alyp, ýedi günläp Ýakubyň yzyndan kowup, Gilgat daglygynda onuň yzyndan ýetdi. 24Şol gije Hudaý Laban mesopotamiýalynyň düýşünde oňa: «Gulak as! Ýakuba ýagşydan-ýamandan zat diýme» diýdi. 25Laban Ýakubyň yzyndan ýetende, Ýakup daglykda öz çadyryny dikipdi. Laban hem öz garyndaşlary bilen Gilgat daglygynda öz çadyrlaryny dikdi.
26Laban Ýakuba şeýle diýdi: «Bu näme etdigiň boldy? Näme üçin meni aldadyň we gyzlarymy söweşde ele salnan ýesirler ýaly edip alyp gaýtdyň? 27Näme sebäpden sen gaýtjakdygyňy menden ýaşyrdyň? Men seni şady-horramlyk hem aýdym bilen, deprek we lira#31:27 Lira – kirişli saz guraly. Sözlüge seret. bilen ugradardym. 28Sen hatda maňa agtyklarymdyr gyzlarymy ogşamaga-da mümkinçilik bermediň. Sen akmaklyk etdiň. 29Saňa ýamanlyk etmäge meniň güýjüm ýetýär. Emma seniň ataňyň Hudaýy öten agşam maňa: „Gulak as! Ýakuba ýagşydan-ýamandan zat diýme“ diýip tabşyrdy. 30Bar, seniň gaýdanyň hiç diýeli. Men seniň ataň öýündäkileriň didaryna gaty zar bolandygyňy bilýärin. Ýöne meniň hudaýlarymy ogurlap gaýtmaň näme?» 31Ýakup Labana şeýle jogap berdi: «Gyzlaryňy elimden alarsyň öýdüp gorkdum. 32Ýöne seniň hudaýlaryňy ogurlap gaýdan diri galmaz. Garyndaşlarymyzyň gözüniň alnynda ähli goşlary barlap çyk-da, özüňe degişli näme tapsaň, al-da gidiber». Hudaýlary Raheliň ogurlandygyndan Ýakup bihabardy.
33Laban Ýakubyň, Leýanyň we iki gyrnagyň çadyryny barlady, ýöne butlary tapmady. Ol Leýanyň çadyryndan çykyp, Raheliňkä girdi. 34Rahel butlary alypdy we olary düýäniň howudynyň aşagynda gizläp, özi-de onuň üstünde oturypdy. Laban çadyryň ähli ýerini barlap çykdy, ýöne olary tapmady. 35Rahel kakasyna: «Kaka, seniň ýanyňda ýerimden turmaýanlygym üçin meni bagyşla, çünki häzir men görüm görýärin» diýdi. Laban hernäçe agtarsa-da, butlardan derek tapyp bilmedi. 36Ýakup gaharlanyp, Labana şeýle diýdi: «Beýle yzarlaryň ýaly, meniň näme etmişim, näme günäm bar? 37Sen meniň ähli zatlarymy dörüp çykdyň, emma öý goşlaryňdan, heý, tapan zadyň boldumy? Eger bir zat tapan bolsaň, hany, onda ony özüňiň we meniň garyndaşlarymyň öňünde goý, haýsymyzyň mamladygymyzy, goý, olaryň özi çözsün. 38Ine, ýigrimi ýyllap men seniňkide bolanymda, seniň goýunlaryňdyr geçileriň guzy ýa owlak düşüren däldir. Men seniň sürüleriňden ýekeje goç-da iýen däldirin. 39Ýyrtyjy haýwanlaryň parçalan mallaryny men seniň ýanyňa getirip hem durmadym; men hemişe ýitenleri öz boýnuma aldym. Gündiz ogurlanandygy-da, gije ogurlanandygy-da belli bolmadyklary sen menden talap etdiň. 40Gündiz jöwzadan, gije aňzakdan ejir çekerdim. Gijeleri çirim etmän geçirerdim. 41Öýüňde ýaşan ýigrimi ýylym, ine, şeýle geçdi. Iki gyzyň üçin on dört ýyl, dowarlaryň üçin alty ýyl hyzmatyňy etdim. Emma sen meniň zähmet hakymy on gezek üýtgetdiň. 42Eger atam Ybraýymyň Hudaýy we kakam Yshagyň Heder Edýäni meniň bilen bile bolmadyk bolsa, onda sen häzir hem meni boş kowup goýbererdiň. Hudaý meniň çeken ezýetlerimi hem zähmetimi görüp, öten agşam saňa duýduryş berdi».
Ýakup bilen Laban ylalaşýarlar
43Onsoň Laban Ýakuba: «Aýallaryň meniň gyzlarym, çagalaryň meniň çagalarym, dowarlaryň meniň dowarlarym. Ine, şu görýän zatlaryň ählisi meniňkidir. Ýöne men öz gyzlarymy hem olaryň çagalaryny yzyna alyp bilmen ahyryn. 44Gel, ikimiz özara äht edişeli. Bu äht ikimize şaýat bolsun» diýdi. 45Ýakup bir uly daşy aldy-da, ony dikdi. 46Soňra ol öz garyndaşlaryna: «Daş toplaň» diýdi. Olar ýygnan daşlaryndan bir üýşmek ýasap, onuň gapdalynda naharlandylar. 47Ol üýşmegi Laban Ýagar-sahaduta#31:47 Ýagar-sahaduta – arameýçe bu sözler şaýatlyk üýşmegi diýmegi aňladýar., Ýakup bolsa Galet#31:47 Galet – ýewreýçe bu söz şaýatlyk üýşmegi diýmegi aňladýar. diýip atlandyrdy. 48Labanyň: «Şu daş depesi bize şaýat bolsun» diýendigine görä, ol ýere Galet diýen at galdy. 49Bu uly daşa Mispa#31:49 Ýewreýçe Mispa we diň sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. diýip at dakyldy, çünki Laban: «Biri-birimizden uzak düşen mahalymyz, Reb bizi gözden salmasyn» diýdi. 50-51Laban Ýakuba ýene-de şeýle diýdi: «Eger gyzlaryma azar beräýseň ýa-da olaryň üstüne aýal alaýsaň, onda bilip goýgun, aralykda adam bolmasa-da, bize Hudaýyň Özi şaýatdyr. Ine, şu daş üýşmegi bilen şu dikme daş biziň ähtimize şaýatlyk etsin. 52Biri-birimiziň tarapymyza ýaman niýet bilen geçmeli däldigimize, goý, ine, şu üýşmek bilen şu dikme daş şaýatlyk etsin. 53Ybraýymyň Hudaýy we Nahoryň hudaýy (olaryň atalarynyň hudaýlary) biziň dawamyzy çözsünler!» diýdi. Soňra Ýakup öz kakasy Yshagyň Heder Edýäninden ant içdi. 54Ýakup dagyň üstünde gurbanlyk berip, garyndaşlaryny nahara çagyrdy. Olar naharlandylar we gije dagda ýatdylar. 55Laban daň bilen turup, agtyklarydyr gyzlaryny ogşap, olara pata berip, öz mekanyna gaýtdy.

Currently Selected:

Gelip çykyş 31: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in