YouVersion Logo
Search Icon

Gelip çykyş 42

42
42‑nji bap
Ýusubyň doganlary Müsüre gelýärler
1 Ýakup Müsürde galla bardygyny bilip, öz ogullaryna: «Näme biri-biriňiziň ýüzüňize seredip otyrsyňyz? 2Men Müsürde galla bar diýip eşitdim. Aç ölesiňiz gelmeýän bolsa gidiň-de, galla satyn alyp geliň» diýdi. 3Şunlukda, Ýusubyň doganlaryndan onusy Müsüre galla satyn almaga gitdi. 4Ýusubyň süýtdeş inisi Benýamini bolsa Ýakup «bir betbagtçylyga uçraýmasyn» diýip, doganlary bilen ibermedi. 5Müsüre galla satyn almaga gelenleriň arasynda Ysraýylyň ogullary-da bardy, çünki Kenganda-da açlykdy.
6 Ýusup Müsürde häkim bolansoň, ol bütin ýurduň halklaryna galla satýardy. Ýusubyň doganlary gelip, oňa iki bükülip tagzym etdiler. 7Ýusup doganlaryny görenden tanady, ýöne tanamadyksyran boldy. Ol: «Nireden geldiňiz?» diýip, olar bilen haýbatly gepleşdi. Olar: «Biz Kengandan azyk satyn almaga geldik» diýdiler. 8Ýusup doganlaryny tanasa-da, olar ony tanamadylar. 9Ýusup olar bilen baglanyşykly gören düýşlerini ýatlady we olara: «Siz ýurduň goragsyz ýerini aňtamaga gelen içalylarsyňyz» diýdi. 10Olar Ýusuba: «Ýok, jenabym, biz gullaryňyz azyk satyn almaga geldik. 11Biziň ählimiz bir adamyň çagalarydyrys. Biz gullaryňyz ak ýürekli adamlardyrys, içaly däldiris» diýdiler. 12Ýusup olara ýene: «Ýok, siz ýurduň goragsyz ýerini aňtamaga gelipsiňiz» diýdi. 13Olar Ýusuba: «Biz gullaryňyz jemi on iki dogandyrys we Kenganda ýaşaýan bir adamyň ogullarydyrys. Körpämiz kakamyzyň ýanynda galdy, bir doganymyz ýitdi» diýip jogap berdiler. 14Ýusup olara şeýle diýdi: «Ýok, aýdyşym ýaly, siz içalysyňyz. 15Siz, ine, şeýle synalarsyňyz. Men faraonyň adyndan ant içýärin. Siziň körpe iniňiz şu ýere gelmese, siz bu ýerden gitmersiňiz. 16Siziň biriňiz gidiň-de, doganyňyzy getiriň, beýlekileriňiz bolsa zyndanda gözegçilik astynda saklanarsyňyz. Şonda siziň dogry ýa-da ýalan sözleýändigiňiz belli bolar. Eger ýalan sözleýän bolsaňyz, faraonyň adyndan ant içýärin, onda siziň içaly boldugyňyzdyr». 17Şeýdip, Ýusup olary üç günläp zyndanda tussaglykda saklady.
18Üçülenji gün Ýusup olara şeýle diýdi: «Eger meniň diýenimi etseňiz, onda diri galarsyňyz, çünki men Hudaýdan gorkýaryn. 19Eger siz, hakykatdan-da, ak ýürekli adamlar bolsaňyz, onda siziň biriňiz şu ýerde, zyndanda galyň, beýlekileriňiz bolsa aç oturan hojalyklaryňyza galla äkidiň. 20Onsoň körpe doganyňyzy meniň ýanyma getiriň. Eger şeýle etseňiz, bu siziň ýalan sözlemeýändigiňizi subut eder we siz ölümden gutularsyňyz». Doganlar onuň bilen razylaşdylar. 21Olar biri-birilerine şeýle diýişdiler: «Biz öz doganymyzyň garşysyna eden günämiz üçin jeza çekýäris. Ol bize nähililer ýalbarypdy, emma biz onuň çekýän hasratyna pisint etmändik. Şol sebäpli-de indi biz hasrat çekýäris». 22Ruben olara şeýle diýdi: «Men size „oglana sütem etmäň“ diýdim, emma siz maňa gulak asmadyňyz. Ine, indi bizden onuň ölümi üçin ar alynýar». 23Olar aýdylýan zatlara Ýusubyň düşünýändigini bilmeýärdiler, çünki ol olar bilen dilmajyň üsti bilen gepleşýärdi. 24Ýusup doganlarynyň ýanyndan aýrylyp aglady. Ol soň dolanyp gelip, olar bilen gepleşdi. Ol soňra Şimgony tutdurdy we Şimgon doganlarynyň gözüniň alnynda daňyldy.
Ýusubyň doganlary Kengana dolanýarlar
25 Ýusup olaryň horjunlarynyň galladan doldurylmagyny, olaryň getiren kümüş pullarynyň ýene-de yzyna, olaryň çuwallaryna salynmagyny we olara ýol üçin azyk berilmegini buýurdy. Bu şeýle hem edildi. 26Doganlar gallany eşeklerine ýükläp, ýola rowana boldular. 27Gijäni geçirmek üçin düşlän ýerlerinde olaryň biri eşegine iým bermek üçin çuwalyň agzyny açanda, onuň agzynda öz kümüş pulunyň ýatandygyny gördi. 28Ol doganlaryna: «Pulum yzyna gaýtarylypdyr, ol, ine, çuwalyň içinde ýatyr» diýip seslendi. Olaryň muňa ýürekleri ýaryldy. Olar gorkudan ýaňa titreşip, biri-birlerine: «Hudaýyň bize bu näme etdigi-kä?!» diýişdiler.
29Olar Kengana, öz kakalary Ýakubyň ýanyna gelip, bolan işleriň ählisini oňa gürrüň berdiler. 30«Ol ýeriniň häkimi biz bilen hyrsyz gepleşdi, ol bizi içaly hasap etdi. 31Biz oňa: „Biz ak ýürekli adamlardyrys, içaly däldiris. 32Biz bir atadan bolan on iki dogandyrys; bir doganymyz ýitdi, körpämiz bolsa Kenganda kakamyzyň ýanynda galdy“ diýdik. 33Şonda ol bize şeýle diýdi: „Siziň ak ýürekli adamlardygyňyza göz ýetirmek üçin men, ine, şeýle etjek. Siziň biriňiz meniň ýanymda galarsyňyz, beýlekileriňiz bolsa aç oturan hojalyklaryňyza galla alyp gidersiňiz. 34Körpe iniňizi meniň ýanyma getiriň. Şonda men siziň içaly däl-de, ak ýürekli adamlardygyňyza ynanaryn. Şondan soň siziň doganyňyzy yzyna bererin we siz bu ýurtda söwda-satyk edip bilersiňiz“» diýip, kakalaryna hemmesini bolşy ýaly gürrüň berdiler.
35Çuwallaryny boşadanlarynda, olar we olaryň kakasy Ýakup pully düwünçekleriniň çuwallardadygyny görüp gorkdular. 36Ýakup olara şeýle diýdi: «Bu zatlar meniň başyma geldi: siz meni çagalarymdan mahrum etdiňiz. Ýusuby-da, Şimgony-da ýokladyňyz, indem Benýamini äkitjek bolýarsyňyz». 37Ruben kakasyna: «Eger ony gaýtaryp getirmesem, onda meniň iki oglumy-da öldüräý. Benýamini meniň ygtyýaryma ber, men ony seniň ýanyňa gaýtaryp getirerin» diýdi. 38Ýakup: «Oglumy siziň bilen iberjek däl, çünki onuň agasy ölüp, ýeke özi galdy. Eger ýolda Benýamin bir betbagtçylyga uçraýsa, siz meni garrylyk çagymda ölüler dünýäsine hasrat bilen iberersiňiz» diýdi.

Currently Selected:

Gelip çykyş 42: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in