YouVersion Logo
Search Icon

Gelip çykyş 43

43
43‑nji bap
Ýusubyň doganlary Müsüre ikinji gezek gelýärler
1 Kenganda açlyk erbetdi. 2Müsürden getirilen galla gutaranda, Ýakup ogullaryna: «Ýene gidiň-de, biraz azyk satyn alyp geliň» diýdi. 3Ýahuda oňa şeýle diýdi: «Ol adam bize berk duýduryş berip: „Doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni görmersiňiz“ diýdi. 4-5Benýamini biziň bilen iberseň, biz gideris hem saňa azyk satyn alyp geleris, ony ibermeseň, gitmeris. Çünki ol adam: „Doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni görmersiňiz“ diýdi». 6Ysraýyl: «Oňa ýene bir doganyňyzyň bardygyny aýdyp, maňa beýle ýamanlyk etmeli däl ekeniňiz-dä!» diýdi. 7Olar: «Ol bizden „Kakaňyz dirimi? Başga-da doganyňyz barmy?“ diýip, biz we biziň maşgalamyz hakynda sorag baryny ýagdyrdy. Biz hem onuň soraglaryna jogap bermeli bolduk. Onuň: „Doganyňyzy getiriň“ diýjegini biz nireden bileli ahyryn?» diýdiler. 8Ýahuda kakasy Ysraýyla şeýle diýdi: «Sen-de, biz-de, çagalarymyz-da açlykdan ölmän ýaşarymyz ýaly, oglany meniň bilen iber, biz gideli. 9Men Benýamine öz janym bilen jogap berjekdigime kepil geçýärin. Ony menden talap et. Eger men oglany saňa yzyna getirip, öňüňde goýmasam, onda, goý, men ömürbaky seniň öňüňde günäkär bolaýyn. 10Eger biz haýal-ýagallyga salmadyk bolsak, biz ol ýere eýýäm iki gezek gidip-gelerdik».
11Kakalary Ysraýyl olara şeýle diýdi: «Bolýar, gidiň, ýöne ýanyňyz bilen häkim üçin sowgat hökmünde, şu ýurduň iň oňat näz-nygmatlaryndan: biraz melhem, biraz bal, ladan, atyr, pisse hem badam äkidiň. 12Iki esse köp pul alyň, çuwalyňyzyň agzynda yzyna gaýtarylan öňki pullaryňyzy bolsa yzyna äkidiň. Belki, bir ýalňyşlyk bolandyr. 13Doganyňyzy hem alyň-da, ýene ol adamyň ýanyna dolanyň. 14Gudratygüýçli Hudaýyň Özi size ol adamyň öňünde rehim etsin; belki, ol beýleki doganyňyzy-da, Benýamini-de goýberäýedi-dä. Çagasyz galmaly bolsam, goý, galaýyn».
15Şeýdip, olar sowgatlary, iki esse pul hem Benýamini alyp, Müsüre gidip, ýene Ýusubyň huzuryna bardylar. 16Ýusup olaryň arasynda Benýamini görüp, hojalygynyň baş hyzmatkärine: «Bu adamlary öýe äkit; bir mal soý-da, nahar taýýarla. Olar meniň bilen bile günortanlyk edinerler» diýdi. 17Ol hyzmatkär tabşyrylyşy ýaly, doganlary Ýusubyň öýüne alyp bardy. 18Doganlar gorkdular, çünki olar Ýusubyň öýüne getirildiler. Olar: «Muny geçen gezekki çuwallarymyzda yzyna gaýtarylan pul sebäpli, darap, bizi tutup gul edip, elimizden eşeklerimizi almak üçin edýändir» diýdiler.
19Şeýdip, olar Ýusubyň hyzmatkäriniň ýanyna baryp, öýüň işiginde duran ýerlerinden onuň bilen gepleşdiler. 20Olar şeýle diýdiler: «Jenabym, bize gulak as. Biz bu ýere azyk satyn almak üçin öň hem gelipdik. 21Emma şeýle bir ýagdaý boldy. Gidişin, düşlän ýerimizde çuwallarymyzyň agzyny açdyk, görsek, getiren pullarymyz şol durşuna çuwallaryň agzynda goýlupdyr. Olary biz ýene-de gaýtaryp getirdik. 22Bu gezekki satyn aljak azygymyz üçin bolsa biz goşmaça pul getirdik. Pullary çuwalymyza kimiň salandygyndan biziň habarymyz ýok». 23Hyzmatkär olara: «Arkaýyn boluň, gorkmaň. Pullary çuwallaryňyza siziň we ataňyzyň Hudaýy siziň üçin salandyr. Pullaryňyzy men aldym» diýdi. Soňra hyzmatkär Şimgony olaryň ýanyna getirdi. 24Hyzmatkär olary Ýusubyň öýüne salyp, olara aýaklaryny ýuwar ýaly suw getirdi we olaryň eşeklerine iým berişdirdi. 25Doganlar bolsa günortana, Ýusubyň geler wagtyna çenli öz getiren sowgatlaryny taýýarladylar, çünki olara Ýusup bilen bile naharlanmalydyklary aýdylypdy.
26 Ýusup öýe gelende, doganlary Ýusuba öz sowgatlaryny berip, oňa tagzym etdiler. 27Ýusup olaryň hal-ahwallaryny soraşdyrdy. Soňra ol: «Garry ataňyz sag-gurgunmy? Ol aýatda dirimi?» diýdi. 28Olar: «Guluň kakamyz sag-gurgun gezip ýör» diýip, oňa dyza çöküp tagzym etdiler. 29Soňra Ýusup olara göz aýlady we öz süýtdeş dogany Benýamini görüp: «Körpämiz diýeniňiz şumy? Hudaý saňa merhemet etsin, oglum!» diýdi. 30Soňra Ýusup howlukmaçlyk bilen ol ýerden çykdy, çünki doganynyň didaryny görüp, onuň damagy doldy. Ol öz içki otagyna geçip aglady. 31Ýüz-gözüni ýuwup, özüni dürsänden soň bolsa: «Nahar getiriň» diýip buýurdy.
32Nahary Ýusuba özbaşyna, doganlara özbaşyna we onuň bilen naharlanýan müsürlilere özbaşyna berdiler, çünki müsürliler ýewreýler bilen bile naharlanmaklygy ýigrenç hasaplaýardylar. 33Doganlar ýaş tertibi boýunça uludan-kiçä, Ýusubyň garşysynda oturdyldy. Olar muňa geň galyp, biri-birlerine seredişdiler. 34Olara nahar Ýusubyň saçagyndan berildi. Benýaminiň paýy beýlekileriňkiden bäş esse artykdy. Şeýdip, olar Ýusup bilen bile iýip-içip keýp çekdiler.

Currently Selected:

Gelip çykyş 43: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in