YouVersion Logo
Search Icon

Gelip çykyş 44

44
44‑nji bap
Ýusubyň käsesi
1 Ýusup baş hyzmatkärine şeýle buýruk berdi: «Bu doganlaryň çuwallaryny olaryň göterip biljek azyklaryndan doldurarsyň; getiren pullaryny-da olaryň çuwallarynyň agzynda goýarsyň. 2Körpeleriniň çuwalyna bolsa onuň galla tölemek üçin getiren puly bilen meniň kümüş käsämi salarsyň». Baş hyzmatkär Ýusubyň buýrugyny ýerine ýetirdi. 3Bular daňdan eşekleri bilen ol ýerden ugradyldy. 4Olar heniz galadan uzaklaşmankalar, Ýusup baş hyzmatkärine: «Bar, yzlaryndan ýet-de, olara: „Ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap bermäňiz näme? 5Bu meniň jenabymyň içýän, seredip, geljegi bilýän käsesi ahyryn. Siz pis iş etdiňiz“ diý» diýip buýurdy. 6Baş hyzmatkär doganlaryň yzyndan ýetip, olara Ýusubyň sözlerini gaýtalady.
7Olar şeýle diýdiler: «Näme sebäpden biziň jenabymyz beýle diýýärkä? Beýle iş etmändigimize biz ant içýäris. 8Biz öz çuwallarymyzdan çykan pullary-da Kengandan yzyna getirdik. Onsoň biz seniň jenabyňyň öýünden altyn-kümşi näme üçin ogurlaly?! 9Eger käse gullaryňyň birinden çykaýsa, goý, şol adam öldürilsin. Galanlarymyz bolsa jenaba gul bolarys». 10Baş hyzmatkär: «Goý, siziň diýşiňiz ýaly bolsun, ýöne käse kimden çyksa, diňe şol maňa gul bolar, beýlekileriňiz bolsa boşadylarsyňyz» diýdi. 11Olar dessine çuwallaryny ýere düşürip, olaryň agzyny açdylar. 12Baş hyzmatkär ýaş tertibi boýunça uludan-kiçä hemmesiniň çuwalyny barlady. Käse Benýaminiň çuwalyndan çykdy. 13Muňa olar dady-perýat etdiler. Soňra olaryň hersi goşlaryny eşeklerine ýükläp, yzlaryna gala dolandylar.
14 Ýusup heniz öýdedi. Ýahuda hem onuň doganlary Ýusubyň ýanyna gelip, onuň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdiler. 15Ýusup olara: «Bu näme etdigiňiz boldy?! Meniň ýaly adamyň geljegi bilip, kimiň günäkärdigini biljekdigi hakynda pikir etmediňizmi?» diýdi. 16Ýahuda oňa şeýle jogap berdi: «Näme diýip, näme aýtjagymyzy, özümizi nädip aklajagymyzy bilýän däldiris, jenabym! Gullaryňyň günäkärdigini Hudaý aýan etdi. Indi biziň barymyz özünden käse çykan-da, beýlekilerimiz-de siziň guluňyzdyrys». 17Emma Ýusup olara şeýle diýdi: «Ýok, beýle iş etmekden Hudaýyň Özi saklasyn. Käse kimden çykan bolsa diňe şol maňa gul bolar, galanlaryňyz bolsa sag-salamat kakaňyzyň ýanyna dolanarsyňyz».
Ýahuda Benýamin üçin ýalbarýar
18Şu sözlerden soň Ýahuda Ýusubyň golaýyna baryp: «Jenabym, öz guluňa iki agyz söz aýtmaga rugsat et. Maňa gaharlanmaň; siz faraon kiminsiňiz. 19Jenabym gullaryňyzdan: „Kakaňyz ýa-da doganyňyz barmy?“ diýip soradyňyz. 20Biz saňa garry kakamyzyň bardygyny, onuň garrandan soň bolan bir körpe oglunyň bardygyny, ol oglanyň bolsa süýtdeş doganynyň ölüp, enesiniň çagalaryndan diňe ýeke özüniň galandygyny, ony kakasynyň juda söýýändigini aýdypdyk. 21Siz bolsa öz gullaryňyza: „Ony getiriň, men bir göreýin“ diýdiňiz. 22Biz: „Oglan kakasyndan aýrylyp bilmez, eger ol aýrylaýsa, onuň kakasy jan berer“ diýdik. 23Ýöne siz: „Körpe doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni asla görmersiňiz“ diýdiňiz. 24Guluň kakamyza seniň diýenleriňi gürrüň berdik. 25Onsoň kakam bize: „Ýene-de gidiň-de, biraz azyk satyn alyp geliň“ diýdi. 26Biz oňa: „Körpämizi biziň bilen iberseň, biz gideris, ýogsa gitmeris, çünki biz körpämiz bilen bile barmasak, häkimi görüp bilmeris“ diýdik. 27Şonda guluň kakamyz bize: „Aýalymyň maňa iki ogul dogrup berendiginden siziň habaryňyz bardyr. 28Birinden aýra düşdüm. ‘Ol parçalanypdyr’ diýdim. Şondan soň men ony asla görmedim. 29Indi muny-da alyp gitseňiz, olam ýolda bir betbagtçylyga uçraýsa, siz meni garrylyk çagymda ölüler dünýäsine hasrat bilen iberersiňiz“ diýdi. 30Şu sözlerden soň oglany goýup, guluň kakamyzyň ýanyna biz nädip baraly?! Onuň jany oglunda ahyryn. 31Oglunyň ýanymyzda ýokdugyny görse, ol jan berer. Şeýdip, biz garry atamyzy ölüler dünýäsine hasrat bilen ibereris. 32Üstesine-de, men guluň: „Eger men oglany saňa gaýtaryp getirmesem, onda, goý, men ömürbaky seniň öňüňde günäkär bolaýyn“ diýip, oglana öz janym bilen jogap berjekdigime kepil geçdim. 33Şoňa görä, oglana derek jenaba men gul bolaýyn, ol bolsa, goý, doganlary bilen bile yzyna dolansyn. 34Çünki men oglany bu ýerde taşlap baryp, kakamyň ýüzüne nähili seredeýin. Men kakamyň çekjek hasratyny görmekden gorkýaryn».

Currently Selected:

Gelip çykyş 44: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in