Ýohanna 9
9
9-njy bap
Isa bir dogabitdi köri sagaldýar
1 Isa geçip barýarka, bir dogabitdi kör adamy gördi. 2Şägirtleri Ondan: «Mugallym, bu adamyň kör bolup dogulmagyna kim günäkär? Onuň özi günäkärmi ýa-da ene-atasy?» diýip soradylar. 3Isa olara: «Muňa ol adamyň özi hem, ene-atasy hem günäkär däl. Bu onda Hudaýyň işleriniň görkezilmegi üçin boldy. 4Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez. 5Men dünýädekäm, dünýäniň nury Mendirin» diýip jogap berdi. 6Onsoň Isa ýere tüýkürdi-de, tüýküliginden palçyk ýasap, ony körüň gözüne sürtdi. 7Soňra oňa: «Git-de, Siloýam howzunda ýuwun» diýdi. (Siloýam «Iberilen» diýmekdir.) Ol gidip ýuwundy we yzyna gözleri açylyp geldi. 8Goňşulary we onuň owal dilegçilik edip ýörenini görenler: «Bu oturyp, dilegçilik edýän adam dälmi?» diýip soradylar. 9Käbirleri: «Şol» diýdiler; käbirleri: «Ýok, bu şoňa meňzeş» diýdiler. Ýöne onuň özi: «Hawa, men şol adam» diýdi. 10Ondan: «Şeýle bolsa, onda gözleriň nähili açyldy?» diýip soradylar. 11Ol: «Isa diýen Adam palçyk ýasap, gözüme sürtdi-de: „Siloýam howzuna git-de, ýuwun“ diýdi. Men hem gidip ýuwundym welin, gözlerim açylaýdy» diýip jogap berdi. 12Ondan: «Şol Adam nirede?» diýip soradylar. Ol: «Bilemok» diýip jogap berdi.
13Ozal kör bolan bu adamy fariseýleriň ýanyna getirdiler. 14Isanyň palçyk ýasap, onuň gözlerini açan güni Sabat günüdi. 15Fariseýler-de onuň gözüniň nähili açylandygy barada soradylar. Ol adam: «Ol meniň gözüme palçyk sürtdi, onsoň ýuwundym. Indi men görýärin» diýip jogap berdi. 16Fariseýleriň käbirleri: «Ol Adam Hudaýdan däl, sebäbi Sabat gününi saklamaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Eýsem günäkär adam beýle gudratly alamatlary görkezip bilermi?» diýdiler. Şeýdip, olaryň arasynda agzalalyk döredi. 17Olar ýene-de körden: «Gözüňi açan şol Adam barada näme diýýärsiň?» diýip soradylar. Ol hem: «Ol bir pygamber» diýdi. 18Ýahudylaryň baştutanlary gözleri açylan adamyň ejesi bilen kakasyny çagyryp soraýançalar, onuň ozal kör bolup, indi gözleriniň açylandygyna ynanmadylar. 19Olardan: «Kör doguldy diýýän ogluňyz şumy? Indi bu nädip görýär?» diýip soradylar. 20Onuň ejesi bilen kakasy olara: «Munuň öz oglumyzdygyny, onuň kör doglandygyny bilýäris. 21Ýöne onuň indi nädip görýändigini ýa-da onuň gözüni kimiň açandygyny biz bilmeýäris. Ol indi bir ýetişen ýigit, özünden soraň, goý, özi aýdyp bersin» diýip jogap berdiler. 22Onuň ejesi bilen kakasy ýahudylaryň baştutanlaryndan gorkularyna şeýle diýdiler. Sebäbi ýahudylar Isanyň Mesihdigini ykrar eden adamy sinagogadan kowmak barada dil birikdiripdiler. 23Şonuň üçin onuň ejesi bilen kakasy: «Ol bir ýetişen ýigit, özünden soraň» diýdiler. 24Şeýlelik bilen, fariseýler ozalky köri ikinji gezek çagyryp, oňa: «Hudaýyň haky üçin hakykaty aýt. Biz ol Adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler. 25Ol adam: «Onuň günäkärdigini ýa-da däldigini bilemok. Ýöne men bir zady bilýärin: ozal kördüm, indi görýärin» diýip jogap berdi. 26«Ol saňa näme etdi? Gözüňi nädip açdy?» diýip, ondan ýene soradylar. 27Ol bulara: «Men ýaňy aýtdym ahyry, ýöne diňlemediňiz. Näme üçin ýene eşitmek isleýärsiňiz? Ýa sizem Onuň şägirtleri bolmakçymy?» diýip jogap berdi. 28Oňa sögüp: «Onuň şägirdi – sensiň, biz Musanyň şägirdidiris. 29Biz Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris, bu Adamyň bolsa niredendigini-de bilmeýäris» diýdiler. 30Ýaňky adam olara şeýle jogap berdi: «Haýran galaýmaly! Siz Onuň niredendigini-de bilmeýärsiňiz, Ol bolsa meniň gözlerimi açdy. 31Hudaýyň günäkärleri diňlemeýändigini bilýäris, emma kim Oňa sežde edip, Onuň yradasyny berjaý etse, Hudaý ony diňleýär. 32Dogabitdi körüň gözüniň açylmagy henize çenli görlüp-eşidilen zat däl. 33Eger Ol Hudaýdan bolmadyk bolsa, hiç zat edip bilmezdi». 34Oňa: «Sen bütinleý günä içinde doglup, indi bize akyl satýarmyň?» diýdiler. Şeýlelikde, ony sinagogadan kowup çykardylar.
Ruhy körlük
35Ony kowup goýberenlerini eşiden Isa ýaňky adamy tapyp: «Sen Ynsan Ogluna#9:35 Ynsan Ogluna – käbir golýazmalarda Hudaýyň Ogluna. iman edýärmiň?» diýdi. 36Ol hem Oňa: «Aga, aýtsana, Ol kimkä? Men Oňa iman edeýin» diýip jogap berdi. 37Isa oňa: «Sen Ony gördüň. Ine, seniň bilen gepleşip duran Şoldur» diýdi. 38Ol hem: «Ýa Reb, iman edýärin» diýip, Oňa sežde etdi. 39Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm çykarmaga geldim» diýdi. 40Muny diňläp duran fariseýleriň käbiri Ondan: «Eýsem bizem körmi?» diýip soradylar. 41Isa olara: «Kör bolan bolsadyňyz, günäňiz bolmazdy, emma görýäris diýeniňiz üçin günäňiz öz boýnuňyzda galar» diýdi.
Currently Selected:
Ýohanna 9: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

: