Lewiler 15
15
15‑nji bap
Adamy murdar edýän zatlar
1 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna şeýle diý: „Bir erkegiň jyns agzalaryndan suwuklyk akýan bolsa, onda ol adam haramdyr. 3Suwuklyk akmasy bar adamyň haramlygy şundan ybaratdyr: onuň erkeklik agzasyndan suwuklygyň akmagy dowam edýänem bolsa, etmeýänem bolsa, ol haramdyr. 4Onuň ýatýan ýorgan-düşegi, üstünde oturýan islendik zady harapdyr. 5Onuň ýorgan-düşegine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 6Suwuklyk akmasy bolan adamyň oturan ýerinde oturan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 7Suwuklyk akmasy bar adamyň bedenine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 8Eger suwuklyk akmasy bar adam tämiz adamlaryň üstüne tüýkürse, olar geýimlerini ýuwsunlar, suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar. 9Suwuklyk akmasy bar adamyň münen islendik eýeri-de harapdyr. 10Suwuklyk akmasy bar adamyň oturan islendik zadyna galtaşan adam agşama çenli haramdyr. Haram adamyň oturan islendik zadyny göteren geýimlerini ýuwsun, suwa düşsün. Ol agşama çenli haramdyr. 11Suwuklyk akmasy bar adam elini ýuwman birine galtaşsa, ol adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 12Suwuklyk akmasy bar adamyň ellän islendik toýun gaby döwülsin, agaçdan edilen gap bolsa, ol ýuwulsyn.
13Suwuklyk akmasy bar adam keselden gutulansoň, tämizlenmek üçin ýedi güni sanap geçirsin. Ol geýimlerini ýuwup, akar suwa düşsün. Şondan soň ol tämiz bolar. 14Sekizlenji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin. 15Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa, ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. Şeýdip, Rebbiň huzurynda ruhany ol adamy suwuklyk akmasy zerarly bolan haramlykdan tämizlesin.
16Eger haýsydyr bir erkegiň tohumy aksa, ol adam tutuş bedenini ýuwsun. Ol agşama çenli haramdyr. 17Matadan ýa-da deriden edilen zada tohum degen bolsa, ol suw bilen ýuwulsyn. Ol zat agşama çenli harapdyr. 18Erkek aýalyna ýanaşyp, ondan tohum aksa, erkegem, aýalam suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar.
19Aýbaşy görýän aýal ýedi güne çenli haramdyr. Kim oňa galtaşsa, ol agşama çenli haramdyr. 20Aýbaşy görýän döwründe aýalyň düşenip ýatan her zady harap bolar. Aýalyň oturan her zady hem harapdyr. 21Onuň düşegine galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 22Ol aýalyň oturan zadyna galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 23Ol aýalyň ýorgan-düşegimi ýa-da üstünde oturan zady – parhy ýok, oňa galtaşan adam agşama çenli haramdyr. 24Eger erkek adam ol aýala ýanaşsa, aýalyň haramlygy erkege-de geçer we ol ýedi güne çenli haramdyr we onuň ýatan ýorgan-düşegi-de harapdyr.
25Eger aýalyň gan akmasy aýbaşy görýän döwründen daşary birnäçe günläp dowam etse, gan akmasy kesilýänçä, ol aýal edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly haramdyr. 26Onuň gan akmasy döwründe ýatýan ýorgan-düşegi, edil aýbaşy görýän döwründäki ýorgan-düşegi ýaly haram hasaplansyn. Aýalyň oturan islendik zady onuň aýbaşy görýän döwründäki ýaly haramdyr. 27Bu zatlara galtaşan her kes-de haram bolar. Ol eşiklerini ýuwup, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 28Aýalyň gan akmasy kesilenden soň, aradan ýedi gün geçsin. Diňe şondan soň, ol tämiz bolar. 29Sekizinji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini alyp, Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin. 30Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini-de, ýakma gurbanlygy hökmünde hödürläp, gan akmasy zerarly haram aýaly Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin.
31Şeýdip, haramlyklary zerarly, mukaddes çadyrdan daşda bolmaklaryny ysraýyl halkyna duýduryň. Maňa ýüz tutulýan öýi haraplap, olaryň özleri hem murdarlykda ölmesinler. 32-33Erkeklik jynsyndan suwuklyk ýa-da tohum akyp haram bolan kişi aýbaşy görýän aýal, suwuklyk akmasy bolan erkek ýa-da aýal we haram aýala ýanaşan erkek hakyndaky kadalar şulardan ybaratdyr“».
Currently Selected:
Lewiler 15: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016