YouVersion Logo
Search Icon

Lewiler 18

18
18‑nji bap
Gadagan edilýän jyns gatnaşyklary
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna şeýle diý: „Hudaýyňyz Reb Mendirin. 3Siz ýaşan ýeriňiz bolan Müsür ýurdunyň we sizi indi alyp barýan ýurdum bolan Kenganyň adatlaryna eýermäň. 4Siz Meniň hökümlerime, parzlaryma eýerip, olary berjaý ediň. Hudaýyňyz Reb Mendirin. 5Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý ediň. Olary berjaý eden aman galar. Men Rebdirin.
6Hiç biriňiz öz mährem garyndaşyňyz bilen jyns gatnaşygyny etmäň. Men Rebdirin. 7Öz ejeň bilen jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma. Ol seniň ejeňdir, sen onuň bilen jyns gatnaşygyny etmeli dälsiň. 8Kakaňyň beýleki aýallary bilen-de jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma. 9Isle bir öýde, isle başga ýerde doglan bolsun – parhy ýok, öz aýal doganyň bilen ýa-da kakaňyň ýa-da ejeňiň gyzy bilen jyns gatnaşygyny etme. 10Öz ogluňdan bolan gyz agtygyň ýa-da öz gyzyňdan bolan gyz agtygyň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki sen olary biabraý etmek bilen, özüňi-de biabraý edýärsiň. 11Öweý eneňden bolan öweý aýal doganyň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki ol seniň kakaňdan önen aýal doganyňdyr. 12Öz ejekeň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň kakaňyň aýal doganydyr. 13Daýzaň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki ol seniň ejeňiň aýal doganydyr. 14Öz gelnejeňe golaýlaşyp, onuň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň gelnejeňdir. 15Öz gelniň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň ogluňyň aýalydyr. 16Öz doganyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etme, sen öz doganyňy namysa goýarsyň. 17Bir aýalyň hem özi, hem gyzy bilen jyns gatnaşygyny etme; bir aýalyň hem özi hem gyz agtygy bilen jyns gatnaşygyny etme. Olar seniň mährem garyndaşlaryňdyr, bu azgynlykdyr. 18Aýalyň dirikä, onuň uýasyny oňa güni edip alma we onuň bilen jyns gatnaşygyny etme. 19Aýbaşy görýän aýal bilen jyns gatnaşygyny etme. 20Ýoldaşyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny edip, özüňi haram etme. 21Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin. 22Aýal bilen jyns gatnaşygyny edişiň ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etme, bu nejislikdir. 23Hiç bir erkek ýa-da aýal haýwan bilen jyns gatnaşygyny edip, özüni haram etmesin, bu azgynlykdyr.
24Şu nejislikleriň hiç biri bilen günä etmäň, çünki siziň öňüňizden kowýan milletlerim şu pis işleri zerarly haram boldular. 25Şeýdip, ýurt harama çykdy. Men ýurdy etmişleri üçin jezalandyrdym. Ýurt öz ilatyndan ýüz dönderdi. 26Emma siz Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý edip, bu nejis işleri etmäň. Ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de şeýle pis işleri etmesinler. 27Çünki sizden öň bu ýurtda ýaşan ilat bu nejislikleriň baryny etdi we ýurt harama çykdy. 28Eger sizem ýurdy harama çykarsaňyz, ozalky milletden ýüz dönderişi ýaly, ýurt sizden-de ýüz dönderer. 29Kimde-kim bu nejisliklerden birini etse, ol öz halkyndan çetleşdirilsin. 30Sizden öňküleriň eden nejisliklerini gaýtalamazlygyňyz üçin, özüňizi şu zatlar zerarly haram etmezligiňiz üçin, Meniň buýrugymy berjaý ediň. Hudaýyňyz Reb Mendirin“».

Currently Selected:

Lewiler 18: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in