Lewiler 19
19
19-njy bap
Mukaddeslik we adalatlylyk
1 Reb Musa şeýle diýdi:
2«Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Mukaddes boluň, çünki Men, siziň Hudaýyňyz Reb, mukaddesdirin. 3Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Reb Mendirin. 4Guýma butlary we başga hili butlary ýasap, olara sežde etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
5Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür edeniňizde, gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly, ony kada laýyklykda beriň. 6Gurbanlyk malynyň eti hödür edilen güni ýa-da ertesi iýilsin. Üçünji güne galan et oda ýakylsyn. 7Eger et üçünji gün iýilse, ol haramdyr we siziň gurbanlygyňyz kabul bolmaz. 8Ol gurbanlykdan iýen öz jezasyny çeker, çünki ol Rebbe bagyş edilen zady harlandyr. Şol sebäpli bu adam öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn.
9Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetindäkilerini ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň. 10Üzüm baglaryňyzyň miweleriniň baryny ýygmaň, ýere gaçan üzümleri ýygnaman, olary garyp-gasara, gelmişeklere goýuň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
11Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň. 12Galp zat babatda Meniň adymdan ant içip, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Rebdirin. 13Ýoldaşyňyň hakyny iýme, ony talama. Günlükçiniň zähmet hakyny bir günem saklama. 14Kere sögme, körüň öňünde büdrär ýaly zat goýma. Hudaýyňdan gork. Men Rebdirin. 15Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup ýa-da baýdan heder edip, adalatsyzlyk etme, ildeşiňe hemişe adalatly höküm çykar. 16Öz halkyňyň arasynda ýalan gep gezdirme, adalatsyz höküm zerarly ildeşiňe howp abanýan bolsa, şaýat onuň arkasynda dursun#19:16 Adalatsyz höküm zerarly… dursun – ýa-da ildeşiň janyna kast etse, biparh garama.. Men Rebdirin. 17Ýüregiňde ildeşiňi ýigrenme, günäsini onuň ýüzüne aýt, ýogsam senem günäkär bolarsyň. 18Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin.
19Siz Meniň parzlarymy berjaý ediň. Mal-garalaryňy başga görnüşdäki mallar bilen çaknyşdyrma. Ekin meýdanyňda iki hili tohumy bile ekme we iki hili matadan tikilen eşik geýme.
20Eger bir adam başga birine adaglanan, yzyna satyn alynmadyk ýa-da azat edilmedik gyrnak bilen ýatsa, onda olaryň ikisine-de jeza berilsin, ýöne öldürilmesin. Çünki bu gyrnak azat edilen däldir. 21Ol adam özi üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde bir goç getirsin. 22Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda bu ýazyk gurbanlygynyň goçy bilen, ony eden günäsinden saplasyn we Hudaý günäliniň eden günäsini geçer.
23Siz Kengan ýurduna gelip, iýmit üçin her hili miweli agaçlary oturdanyňyzda, ilkinji üç ýylyň miwelerinden iýmeklik gadagan edilsin, olary iýmäň. 24Dördünji ýyl bolsa hemme miweler alkyş hökmünde Rebbe bagyş edilsin. 25Bäşinji ýyl welin, siz miweli agaçlaryň miwesinden iýip bilersiňiz, olar size bol miwe berer. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
26Hiç bir eti gany bilen iýmäň. Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň. 27Saçyňyzyň gyralaryny gyrkyp, sakgalyňyzy timarlamaň. 28Merhum üçin bedeniňize tyg çekmäň, özüňizi tagmalamaň. Men Rebdirin. 29Gyzlaryňyzy loluçylyga satyp, olary biabraý etmäň. Eger siz şeýle etseňiz, ýurt zynahorlyga berlip, ol azgynlykdan dolar. 30Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirip, mukaddes öýüme hormat goýuň. Men Rebdirin. 31Jadygöýlere we palçylara ýüz tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi haram etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin. 32Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Men Rebdirin.
33Ýurduňyzda öz araňyzda ýaşaýan gelmişeklere sütem etmäň. 34Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
35Siz uzynlyk ölçäniňizde, çekimde ýa-da sanagda hiç kimi aldamaň. 36Siz hak terezileri, hak ölçeg daşlaryny, hak ölçegleri ulanyň. Sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz Reb Mendirin. 37Siz Meniň ähli parzlarymy, ähli hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň. Men Rebdirin“».
Currently Selected:
Lewiler 19: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

: