Lewiler 20
20
20‑nji bap
Rebbiň kanunlaryna boýun egmedikler üçin jezalar
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt: „Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden kimdir biri öz perzentlerinden birini, Molek buta bagyş etse, ol adam öldürilsin. Ýurduň halky ony daşlap öldürsin. 3Men hem ol adamdan ýüz öwrerin we ony öz halkym hökmünde görmerin. Çünki ol halk Meniň mukaddes öýümi harama çykaryp, Meniň mukaddes adyma ysnat getirip, öz perzendini Molege bagyş etdi. 4-5Eger ýurduň halky perzendini Molege berýän adamy görmezlige salyp öldürmese, Meniň Özüm ol adamdan we onuň maşgalasyndan ýüz öwrerin. Ony Molegiň yzyna eýerip, zynahorlyga ýüz uranlaryň bary bilen bile Öz halkymdan çetleşdirerin. 6Eger kimde-kim biwepalyk edip, jadygöýleriň we palçylaryň yzyna eýerse, Men ondan ýüz öwrerin we ony Öz halkymdan çetleşdirerin. 7Şonuň üçin siz iniňizi tämizläp, mukaddes boluň, çünki Hudaýyňyz Reb Mendirin. 8Meniň parzlarymy saklap, olary berjaý ediň. Sizi mukaddes edýän Reb Mendirin. 9Kakasyny ýa-da ejesini näletlän adam öldürilsin. Öz kakasyny we ejesini näletländigi üçin, onuň gany öz boýnunadyr.
10Eger bir adam başga bir adamyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol azgyn erkek-de, aýal-da öldürilsin. 11Kim kakasynyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol öz kakasyny namysa goýýandyr. Olaryň ikisi-de öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. 12Bir erkek öz gelni bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de öldürilsin, çünki bular azgynlyk etdiler. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. 13Bir erkek aýal bilen jyns gatnaşygyny edişi ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de nejis iş edendikleri üçin öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. 14Eger bir erkek bir aýala hem-de onuň ejesine-de öýlense, bu azgynlykdyr. Araňyzda azgynlyk bolmaz ýaly, ol adam aýaly we onuň ejesi bilen bile oda ýakylsyn. 15Eger bir erkek bir haýwan bilen jyns gatnaşygyny etse, ol adam-da, haýwan-da öldürilsin. 16Eger bir aýal bir haýwan bilen jyns gatnaşygyny etse, ol aýal-da, haýwan-da öldürilsin. Olar öldürilsin, olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. 17Eger bir adam öz gyz doganyna, kakasynyň ýa ejesiniň gyzyna öýlense, olar köpçüligiň öňünde masgaralanyp, öz halkynyň arasyndan çykarylsyn. Ol adam öz gyz dogany bilen jyns gatnaşygyny edenligi üçin jezalandyrylmalydyr. 18Eger bir adam aýbaşy görýän aýal bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de öz halkyndan çetleşdirilsin, çünki olar tämizlik baradaky kadalary bozdular. 19Öz daýzaň ýa-da ejekeň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki beýle etmek bilen sen özüňi namysa goýýansyň. Olaryň ikisine-de jeza berilmelidir. 20Gelnejesi bilen jyns gatnaşygyny eden adam agasyny namysa goýýandyr. Bular öz jezalaryny çekip, dünýäden perzentsiz öterler. 21Kimde-kim öz gelnejesine öýlense, bu haramlykdyr. Ol öz doganyny namysa goýýandyr, olar perzentsiz öterler.
22Mesgen tutmagyňyz üçin alyp barýan ýurdumyň sizden ýüz döndermezi ýaly, siz Meniň parzlarymy we hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň. 23Öňüňizden kowup çykarýan milletiň adatlaryna eýermäň, çünki şeýle işler edendikleri üçin Men olary ýigrendim. 24Emma Men size şeýle diýdim: ‘Olaryň ýurduny siz miras alarsyňyz, Men süýt we bal akýan, mes toprakly ýurdy size mülk edip bererin’. Sizi beýleki milletlerden saýlap alan Hudaýyňyz Reb Mendirin. 25Şonuň üçin hem siz halal haýwany haram haýwandan, halal guşy hem haram guşdan saýgaryň. Siziň üçin haram diýip aýrybaşgalan haýwanlarym, guşlarym ýa-da guryýer süýrenijileri bilen özüňizi haram etmäň. 26Meniň üçin mukaddes boluň, çünki Men – Reb mukaddesdirin we Men sizi beýleki halklardan Özümiňki bolmagyňyz üçin saýlap aldym. 27Jadygöý, palçy bolan erkegu-aýal daşlanyp öldürilsin. Olaryň gany öz boýunlarynadyr“».
Currently Selected:
Lewiler 20: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016