YouVersion Logo
Search Icon

Luka 14

14
14‑nji bap
Isa bir fariseýiň öýünde
1Bir Sabat güni Isa fariseýleriň başlyklaryndan biriniň öýüne nahara geldi. Hemmeler Oňa dykgat bilen seredýärdiler. 2Onuň garşysynda eli-aýagy çişen bir adam otyrdy. 3Isa fariseýlerden we Töwrat mugallymlaryndan: «Sabat güni bir hassa şypa bermeklik kanuna dogry gelýärmi ýa-da ýok?» diýip sorady. 4Olar sesini çykarmadylar. Isa hem ýaňky adama elini degrip, oňa şypa berdi we öýüne iberdi. 5Onsoň olardan: «Biriňiziň ogluňyz#14:5 Ogluňyz – käbir golýazmalarda eşegiňiz. ýa-da öküziňiz guýa gaçsa, Sabat günüdigine garamazdan ony dessine çykarmazmy?» diýip sorady. 6Olar bu soraglara jogap berip bilmediler.
7 Isa çagyrylanlaryň töri saýlaýandyklaryny görüp, olara şu tymsaly aýtdy: 8«Biri seni toýa çagyranda, baryp töre geçme. Ol senden has hormatly birini çagyran bolaýmasyn. 9Toý eýesi gelip, saňa: „Ýeriňi bu adama ber“ diýäýmesin. Onsoň sen utanyp, işigiň ýanynda oturmaly bolarsyň. 10Şonuň üçin bir ýere çagyrylanyňda, aýaguçda otur. Seni çagyran ýanyňa gelip: „Eý, dost! Töre geç“ diýsin. Şonda saçak başyndaky oturanlaryň ýanynda hormatyň bolar. 11Özüni ýokary tutýan adam peseldiler, pes tutýan bolsa beýgeldiler».
12Onsoň Isa Özüni çagyrana: «Günortanlyk ýa-da agşamlyk naharyny bereniňde, dost-ýarlaryňy, dogan-garyndaşlaryňy, baý goňşularyňy çagyrma. Eger çagyrsaň, olar hem seni çagyryp, munuň öwezini dolar. 13Meýlis guranyňda garyplary, maýyplary, agsaklary, körleri çagyr. 14Şonda sen ýalkanarsyň. Çünki olar saňa öwezini dolup bilmezler, munuň öwezi saňa dogry adamlaryň direlen wagty berler» diýdi.
Uly meýlis tymsaly
(Matta 22:1-10)
15 Isa bilen saçak başynda oturanlaryň biri muny eşidende, Oňa: «Hudaýyň Şalygynda çörek iýjek adam nähili bagtly!» diýdi. 16Isa hem oňa şeýle diýdi: «Bir adam uly meýlis gurap, birtopar adamy çagyrypdyr. 17Nahar wagty bolanda, ol: „Geliň, ähli zat taýýar“ diýip, myhmanlara habar bermek üçin, öz hyzmatkärini ugradýar. 18Emma olaryň hemmesi dilleşen ýaly, ötünç soramaga başlaýarlar. Birinjisi oňa: „Men bir bölek ýer satyn aldym, şony görmäge gitmeli. Haýyş edýärin, meni bagyşla“ diýýär. 19Beýlekisi: „Men bäş jübüt öküz satyn aldym, şolary barlamaga barýaryn. Haýyş edýärin, gaty görme“ diýýär. 20Ýene biri: „Men täze öýlendim, şonuň üçin baryp bilmeýärin“ diýýär. 21Hyzmatkär gelip, bulary öz jenabyna habar berýär. Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Dessine şäheriň köçelerine, ýol-ýodalaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary şu ýere getir“ diýýär. 22Hyzmatkär: „Jenap! Seniň aýdanyň ýerine ýetirildi, ýöne entek hem ýer bar“ diýýär. 23Onsoň jenap hyzmatkärine: „Öýüm dolar ýaly, obalara, onuň daş-töweregindäki meýdanlara aýlan-da, adamlary geler ýaly et“ diýýär. 24Men size şuny aýdaýyn: şol ilkinji çagyrylanlaryň ýekejesi hem Meniň saçagymdan datmaz».
Şägirt bolmagyň tölegi
(Matta 10:37,38)
25Uly mähelle Isa bilen bile barýardy. Isa yzyna öwrülip, olara şeýle diýdi: 26«Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, bala-çagasyny, doganyny, uýasyny, hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez. 27Kim öz haçyny göterip, Meniň yzyma düşmese, Meniň şägirdim bolup bilmez. 28Aýdaly, araňyzdan biri minara gurmak isleýär. Ol ilki oturyp, muny tamamlamaga pulunyň ýetip-ýetmejekdigini hasaplamazmy? 29Sebäbi minaranyň binýadyny tutup, soň işi tamamlap bilmese, muny görenleriň hemmesi oňa güler. 30Olar: „Bu adam muny gurmaga başlady, emma tamamlap bilmedi“ diýerler. 31Ýa bolmasa bir patyşa başga bir patyşa bilen uruş etmäge barýar diýeli. Üstüme gelýän ýigrimi müň esgere on müň esger bilen garşylyk görkezip bilermikäm diýip, ilki oturyp maslahatlaşmazmy? 32Başarmajak bolsa, ol duşman entek uzakdaka, ilçi iberip, ýaraşyk şertlerini sorar. 33Şeýlelikde, siziň her biriňiz ähli zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz.
34Duz gowy zatdyr, emma ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa nädip tagam berler? 35Ol ne topraga, ne-de döküne ýarar, ony zir-zibile zyňarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»

Currently Selected:

Luka 14: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in