Luka 16
16
16-njy bap
Ugurtapyjy iş dolandyryjy
1 Isa şägirtlerine şulary gürrüň berdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bar eken. Bu iş dolandyryjynyň baýyň mal-mülküni dargadýandygy barada oňa şikaýat edipdirler. 2Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen hakda eşidýän zatlarym näme? Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, sebäbi sen mundan beýläk meniň iş dolandyryjym bolup bilmersiň“ diýýär. 3Iş dolandyryjy öz-özüne: „Indi näme etsemkäm? Hojaýynym işimi elimden alýar. Men gazy gazmaga ejiz, dilenmäge utanýaryn. 4Hä…, işden kowlan wagtym halk meni öýüne kabul eder ýaly, näme etjegimi bilýärin“ diýip oýlanýar.
5Şeýlelikde, ol hojaýynyna bergili adamlaryň baryny bir-birden ýanyna çagyrýar. Birinji çagyranyndan: „Meniň hojaýynyma näçe bergiň bar?“ diýip soraýar. 6Ol: „Ýüz çelek#16:6 Ýüz çelek – grekçe ýüz bat takm. 4000 litr. zeýtun ýagy“ diýip jogap berýär. Iş dolandyryjy oňa: „Dil hatyňy al-da, oturyp, dessine şony elli çelek diýip ýaz“ diýýär. 7Onsoň başga birinden: „Seniň näçe bergiň bar?“ diýip soraýar. Ol hem: „Müň halta#16:7 Müň halta – grekçe ýüz kor takm. 30000 kg. bugdaý“ diýip jogap berýär. Oňa-da: „Dil hatyňy al-da, şony sekiz ýüz diýip ýaz“ diýýär. 8Hojaýyny bu hilegär iş dolandyryjyny ugurtapyjylygy üçin taryplady. Bu dünýäniň adamlary öz nesliniň arasynda hereket etmekde nurdaky ynsanlardan parasatlydyr. 9Size şuny aýdýaryn: özüňize dost gazanmak üçin dünýäniň baýlygyny ulanyň, bu mal-mülk gutaranda bolsa, siz ebedi galjak mesgenlere kabul edilersiňiz.
10Az zatda ynamdar bolan köp zatda hem ynamdardyr, az zatda ynamdar bolmadyk köp zatda-da ynamdar bolup bilmez. 11Şeýlelikde, dünýäniň baýlygynda ynamdar bolmasaňyz, size çyn baýlygy kim ynanar? 12Başga biriniň emlägi babatda ynamdar bolmasaňyz, öz emlägiňizi size kim berer? 13Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz».
14Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isany masgara etmäge başladylar. 15Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.
16Ýahýa gelýänçä, adamlar Töwrada we pygamberleriň ýazgylaryna görä ýaşamaly bolupdy. Indi bolsa Hudaýyň Şalygynyň Hoş Habary wagyz edilýär, oňa hemmeleriň giresi gelýär. 17Töwradyň ýekeje nokadynyň ýiteninden, asman bilen ýeriň ýiteni aňsatdyr.
18Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen kişi-de zyna edýändir».
Baý adam we Lazar gedaý
19«Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy don we nepis eşikler geýip, her gününi şady-horramlykda geçirerdi. 20Onuň gapysynyň agzynda tutuş bedenini ýara basan Lazar atly bir gedaý ýatardy. 21Ol baýyň saçagyndan dökülen owuntyklary iýmegiň arzuwyndady. Itler hem gelip, onuň ýaralaryny ýalardy. 22Bir gün wagty dolup, gedaý ölýär. Perişdeler ony Ybraýymyň ýanyna äkidýärler. Soňra baý hem ölýär we jaýlanýar. 23Dowzahda ejir çekýän baý gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy we onuň ýanyndaky Lazary görýär. 24Şonda ol gygyryp: „Eý, Ybraýym ata, maňa rehim et! Lazary iber, barmagynyň ujuny suwa batyryp, meniň dilimi sowatsyn, sebäbi bu oduň içinde men ejir çekýärin“ diýýär. 25Emma Ybraýym oňa: „Eý, ogul! Sen öz ýaşaýşyňda ýagşy zatlary alanyňy, Lazaryň bolsa ejir çekenini ýadyňa sal. Indi bolsa ol bu ýerde rahatlyk görýär, emma sen ejir çekýärsiň. 26Bulardan başga-da, biziň bilen siziň araňyzda äpet bir uçut goýlupdyr, şonuň üçin bu ýerden siz tarapa, ol ýerden hem biz tarapa hiç kim geçip bilmez“ diýip jogap berýär. 27Şonda baý adam: „Beýle bolsa, atam, saňa ýalbarýaryn, Lazary kakamyň öýüne iber. 28Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýere düşmezleri ýaly, Lazar baryp şeýle ýeriň bardygyny olara duýdursyn“ diýýär. 29Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň we pygamberleriň ýazgylary bar ahyry, goý, şolara gulak assynlar“ diýýär. 30Ol hem: „Ýok, eý, Ybraýym ata! Olar diňe ölülerden biri ýanlaryna baranda toba ederler“ diýýär. 31Ybraýym oňa: „Olar Musa we pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar“ diýip jogap berýär».
Currently Selected:
Luka 16: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

: