Luka 17:1-2
Luka 17:1-2 TUKLAT16
Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamlary günä duçar edýän zatlaryň gelmegi gutulgysyzdyr, emma bu zatlaryň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe! Maňa ynanýan pes göwünlileriň biriniň günä etmegine sebäp bolanyndan, boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanany onuň üçin has oňat bolar.