YouVersion Logo
Search Icon

Luka 18

18
18‑nji bap
Tutanýerli dul aýal tymsaly
1Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi: 2«Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan bir kazy bar eken. Ol kazy adamlary äsgermeýän eken. 3Şol şäherde bir dul aýal hem bar eken. Ol üznüksiz kazynyň ýanyna gatnap: „Dawagärimden meniň hakymy alyp ber“ diýip ýalbarypdyr. 4Kazy birnäçe wagtlap muny etmändir. Ahyrsoňy ol öz-özüne: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de, 5dyngysyz gelip, meni bizar etmez ýaly, bu dul aýalyň hakyny alyp bereýin. Indi bir gelip, meniň gulak etimi guratmasyn“ diýýär». 6Reb Isa ýene sözüni dowam etdi: «Adalatsyz kazynyň näme aýdanyna gulak asyň. 7Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy? 8Size şuny aýdýaryn: olaryň hakyny tiz alyp berer. Ýöne Ynsan Ogly gelende, ýeriň ýüzünde imanly adam taparmyka?»
Fariseý we salgytçy tymsaly
9Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly gürrüň berdi: 10«Iki adam Hudaýa doga etmek üçin ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý, beýlekisi salgytçy eken. 11Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin. 12Men hepdede iki gezek agyz bekleýärin, ähli gazanjymyň ondan birini berýärin“ diýip doga okaýar. 13Salgytçy bolsa uzakda durup, gabagyny göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, gaýtam gursagyna urup: „Hudaýym, Men günäkäre rehim et!“ diýýär. 14Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyň aklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler».
Çagalar bilen Isa
(Matta 19:13-15; Mark 10:13-16)
15Onsoň başlaryna elini goýsun diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler. Muny gören şägirtler çagalary getirenlere käýediler. 16Emma Isa çagalary ýanyna çagyryp: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Hudaýyň Şalygy şular ýalylaryňkydyr. 17Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.
Baýlyk we baky ýaşaýyş
(Matta 19:16-30; Mark 10:17-31)
18Bir ýolbaşçy Isadan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady. 19Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. 20#Msr 20:12-16; Kan 5:16-20.Sen tabşyryklary bilýänsiň: adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý» diýip jogap berdi. Ol adam: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin» diýdi. 21-22Isa muny eşidende, oňa: «Seniň ýene bir kemiň bar. Nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. 23Ol bu sözleri eşidip, gaty tukat boldy, sebäbi çakdanaşa baýdy. 24Isa onuň tukatlygyny görüp: «Baýlara Hudaýyň Şalygyna girmek nähili agyr! 25Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi. 26Muny eşidenler: «Onda kim halas bolup biler?» diýip soradylar. 27Isa: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar Hudaý üçin mümkindir» diýdi. 28Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük!» diýdi. 29-30Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny, bala-çagasyny taşlan her kes bu döwürde yzyna ençeme esse artyk edip alar, geljek döwürde bolsa baky ýaşaýşa gowşar» diýdi.
Isa ölüp direljegini ýene aýdýar
(Matta 20:17-19; Mark 10:32-34)
31 Isa Onkileri bir çete çekip, olara: «Indi Iýerusalime barýarys. Pygamberleriň Ynsan Ogly hakda ýazanlarynyň ählisi berjaý bolar! 32Ol keseki milletleriň eline tabşyrylar. Olar Ony masgaralap kemsiderler, üstüne tüýkürerler, gamçylarlar we öldürerler. 33Emma üçülenji gün Ol direler» diýdi.
34Şägirtler bu zatlaryň hiç birine düşünmediler. Bu sözleriň manysy olardan gizlenilgidi. Olar Onuň näme hakda gürrüň edýänini bilmediler.
Bir körüň gözi açylýar
(Matta 20:29-34; Mark 10:46-52)
35 Isa Ýeriho golaýlanda, ýoluň gyrasynda bir kör adam dilegçilik edip otyrdy. 36Ol ýanyndan mähelläniň geçip barýandygyny eşidip, munuň nämedigini sorady. 37Oňa: «Nasyraly Isa geçip barýar» diýip habar berdiler. 38Şonda ol: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy. 39Sesiň çykmasyn diýip, öňden barýan köp adamlar oňa käýediler, emma ol: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip, öňküden hem gaty gygyrdy. 40Isa aýak çekip, ol adamy getirmeklerini buýurdy. Ýanyna gelende, Isa ondan: 41«Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Agam, gözlerim açylsyn!» diýdi. 42Isa oňa: «Goý, gözleriň açylsyn! Imanyň saňa şypa berdi» diýdi. 43Şobada bu adamyň gözleri açyldy we ol hem Hudaýy şöhratlandyryp, Isanyň yzyna düşüp gidiberdi. Muny gören ähli halk Hudaýy alkyşlady.

Currently Selected:

Luka 18: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in