Luka 3:4-6
Luka 3:4-6 TUKLAT16
Işaýa pygamber bu barada öz kitabynda şeýle ýazypdy: «Çölde bir ses gygyrýar: „Rebbe ýol taýynlaň! Onuň ýodalaryny düzläň! Ähli dereler doldurylar, ähli dag-depeler peseldiler, egrem-bugram ýollar dogrulanar, büdür-südür ýodalar tekizlener. Şonda ähli ynsanlar Hudaýyň halas edişini görerler“».