Gelip çykyş 5

5
5‑nji bap
Adam atanyň nesilleri
1Adamyň nesilleri baradaky taryhy ýazgylar şeýledir. Hudaý ynsany ýaradanda, ony Öz keşbinde ýaratdy. 2Hudaý olary erkek we aýal edip ýaratdy; onsoň olara pata berip, olary «ynsan» diýip atlandyrdy. 3Adam ýüz otuz ýaşyndaka, ondan öz keşbinde, özüne meňzeş bir ogul dünýä indi. Ol oglunyň adyna Şis dakdy. 4Şis doglandan soň, Adam sekiz ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 5Şeýdip, Adam jemi dokuz ýüz otuz ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
6Şis ýüz bäş ýaşyndaka, ondan Enoş doguldy. 7Enoş doglandan soň, Şis sekiz ýüz ýedi ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 8Şeýdip, Şis jemi dokuz ýüz on iki ýyl ýaşap dünýäden ötdi. 9Enoş togsan ýaşyndaka, ondan Keýnan doguldy. 10Keýnan doglandan soň, Enoş sekiz ýüz on bäş ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 11Şeýdip, Enoş jemi dokuz ýüz bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi. 12Keýnan ýetmiş ýaşyndaka, ondan Mahalalel doguldy. 13Mahalalel doglandan soň, Keýnan sekiz ýüz kyrk ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 14Şeýdip, Keýnan jemi dokuz ýüz on ýyl ýaşap dünýäden ötdi. 15Mahalalel altmyş bäş ýaşyndaka, ondan Ýeret doguldy. 16Ýeret doglandan soň, Mahalalel sekiz ýüz otuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 17Şeýdip, Mahalalel jemi sekiz ýüz togsan bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi. 18Ýeret ýüz altmyş iki ýaşyndaka, ondan Hanok doguldy. 19Hanok doglandan soň, Ýeret sekiz ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 20Şeýdip, Ýeret jemi dokuz ýüz altmyş iki ýyl ýaşap dünýäden ötdi. 21Hanok altmyş bäş ýaşyndaka, ondan Metuşela doguldy. 22Metuşela doglandan soň, Hanok ýene üç ýüz ýyl ýaşady we Hudaýyň huzurynda gezdi. Ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 23Şeýdip, Hanogyň ýaşan günleri üç ýüz altmyş bäş ýyl boldy. 24Hanok Hudaýyň huzurynda gezdi; soňra ol birdenkä gaýyp boldy, sebäbi Hudaý ony Öz ýanyna alypdy. 25Metuşela ýüz segsen ýedi ýaşyndaka, ondan Lemek doguldy.
26Lemek doglandan soň, Metuşela ýedi ýüz segsen iki ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 27Şeýdip, Metuşela jemi dokuz ýüz altmyş dokuz ýyl ýaşap dünýäden ötdi. 28Lemek ýüz segsen iki ýaşyndaka, ondan bir ogul dünýä indi. 29Lemek: «Rebbiň topragy näletländigi sebäpli, biz agyr zähmet çekmeli bolýarys. Bu çaga biziň elimize agyr zähmet çekmekden teselli berer» diýip, onuň adyna Nuh#5:29 Ýewreýçe Nuh we teselli sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. dakdy. 30Nuh doglandan soň, Lemek bäş ýüz togsan bäş ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 31Şeýdip, Lemek jemi ýedi ýüz ýetmiş ýedi ýyl ýaşap dünýäden ötdi. 32Nuh bäş ýüz ýaşyndaka, ondan Sam, Ham we Ýafes dünýä indi.

Tällä hetkellä valittuna:

Gelip çykyş 5: TukLat16

Korostus

Jaa

Kopioi

None

Haluatko, että korostuksesi tallennetaan kaikille laitteillesi? Rekisteröidy tai kirjaudu sisään