Gelip çykyş 6
6
6-njy bap
Adamzadyň betpälligi
1Bütin dünýäde adamlar köpelip başlap, olardan ençeme gyzlar dünýä indi. 2Ylahy barlyklar#6:2 Ylahy barlyklar – sözme-söz terjimesi: Hudaý ogullary. bu ynsan gyzlarynyň owadanlygyny görüp, olardan öz halanlaryny aýallyga aldylar. 3Şol sebäpli Reb: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar» diýdi. 4Şol zamanda hatda ondan gijräkki döwürlerde-de, dünýäde nefiller#6:4 Nefiller – haýbatly we güýçli adamlar. Sözlüge seret. bardy. Olar ylahy barlyklar bilen ynsan gyzlarynyň nesilleridi. Nefiller gadym eýýamdan bäri belli, at-abraýly gahrymanlardy.
5Reb bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi. 6Ol adamzady ýaradandygyna ökündi we ýürekden gynandy. 7Reb «Öz ýaradan ynsanlarymy haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bilen birlikde ýer ýüzünden süpürip taşlaryn. Çünki Men olary ýaradandygyma ökünýärin» diýdi. 8Ýöne Nuh Rebbiň nazarynda merhemet tapdy.
Nuh pygamber
9 Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi. 10Nuhuň Sam, Ham, Ýafes atly üç ogly bardy.
11Hudaýyň nazarynda ýer ýüzi azgynçylykdan we zulumdan doludy. 12Hudaý ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň azgynçylyga ýüz urandygyny gördi. 13Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek. 14Özüňe serwi agajyndan bir gämi ýasa; onda otaglar ýasap, gämä içinden hem daşyndan şepbik çal. 15Gämini şeýle ýasamaly: onuň uzynlygy üç ýüz, giňligi elli we beýikligi otuz tirsek bolsun. 16Oňa üçek-de#6:16 Üçek – ýa-da penjire. ýasa, üçegiň boýy bir tirsek bolsun; gäminiň gapysyny gapdaldan aç. Gämini aşaky, ortaky we üstki gatlardan ybarat edip ýasa. 17Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler. 18Emma Men seniň bilen äht baglaşaryn. Sen ogullaryň, aýalyň hem gelinleriň bilen gämä münersiň. 19Diri galmaklary üçin, bir erkek, bir urkaçy edip, jandarlaryň-da her görnüşinden bir jübütini gämä alyp mün. 20Diri galmak üçin guşlaryň, mallaryň we süýrenijileriň hersi öz taýy bilen jübüt-jübüt bolup, seniň bilen gämä münerler. 21Şeýle hem sen özüňe hem ähli haýwanlara iýmit bolar ýaly öz ýanyň bilen dürli-dümen azyk-owkat alyp mün». 22Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi.
अहिले सेलेक्ट गरिएको:
Gelip çykyş 6: TukLat16
हाइलाइट
शेयर गर्नुहोस्
कपी गर्नुहोस्
तपाईंका हाइलाइटहरू तपाईंका सबै यन्त्रहरूमा सुरक्षित गर्न चाहनुहुन्छ? साइन अप वा साइन इन गर्नुहोस्
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

: