Logoja YouVersion
Ikona e kërkimit

Gelip çykyş 14

14
14‑nji bap
Ybram Luty halas edýär
1Omrapel Şingaryň, Arýok Elasaryň, Kedorlagomer Eýlamyň, Tidal bolsa Goýimiň patyşasydy. 2Bular Sodom şasy Beranyň, Gomora şasy Birşanyň, Adma şasy Şinabyň, Seboýym şasy Şemeberiň we Sogar diýip atlandyrylýan Bala şasynyň garşysyna urşa başladylar. 3Olar Siddim deresinde, ýagny Öli deňizde öz güýçlerini birleşdirdiler. 4Bu şalar on iki ýyllap, Kedorlagomere gulluk etdiler, on üçünji ýyl bolsa oňa garşy baş göterdiler. 5-6On dördünji ýylda Kedorlagomer we onuň bilen birleşen şalar, Aşterotkarnaýymda rapalary, Hamda zuzylary, Şawekirýataýymda eýmimleri we çöl etegindäki Eýlparana çenli uzalyp gidýän Segir daglarynda horylary derbi-dagyn etdiler. 7Olar Segir daglaryndan yzlaryna öwrülip, Eýnmişpat (ýagny Kadeş) galasyna geldiler we amalekleriň tutuş topragyny basyp alyp, Haseson Tamarda ýaşaýan amorlary-da ýeňlişe sezewar etdiler. 8-9Onsoň Sodom, Gomora, Adma, Seboýym we Bala, ýagny Sogar şalary söweş meýdanyna çykdylar we bäş şa bolup, Siddim deresinde dört şanyň: Eýlam şasy Kedorlagomeriň, Goýim şasy Tidalyň, Şingar şasy Omrapeliň, Elasar şasy Arýogyň garşysyna söweşe girdiler.
10Siddim deresi içi şepbikli çukurlardan doludy. Sodom bilen Gomora şalary gaçyp barýarkalar, olaryň adamlaryndan käbirleri şol çukurlara ýykyldylar, beýlekileri bolsa daglara gaçdylar. 11Dört şa bolsa Sodomy we Gomorany talap, olja alan ähli mal-mülküdir azyklaryny alyp gitdiler. 12Olar Ybramyň doganynyň ogly Luty-da ähli mal-mülki bilen bile äkitdiler. Ol hem Sodomda ýaşaýardy.
13Gaçyp gutulanlardan biri gelip, bolan wakany Ybram ýewreýe habar berdi. Şol wagtlar Ybram Eşkol bilen Aneriň dogany amor Mamräniň dub tokaýjygynyň gapdalynda ýaşaýardy. Olar Ybramyň arkadaşlarydy.
14Öz doganynyň ogly Lutuň ýesir düşendigini eşidip, hojalygynda doglup, söweşe türgenleşdirilen üç ýüz on sekiz sany esgeriň öňüne düşüp, Ybram Dana çenli şol dört şanyň yzyndan kowdy. 15Ybram esgerlerini toparlara bölüp, gije şalaryň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi. Soňra Ybram olary ýene Damaskdan demirgazykda ýerleşen Hobaha çenli kowdy. 16Ybram olja alan ähli mal-mülküni, doganynyň ogly Luty, onuň ähli emlägini, aýallary hem halky yzyna gaýtaryp getirdi.
Mäliksadyk Ybrama pata berýär
17 Ybram Kedorlagomeri we onuň ýanyndaky şalary derbi-dagyn edip gelenden soň, Sodom şasy ony garşylamak üçin Şawe deresine, ýagny şa jülgesine gitdi. 18Beýik Hudaýyň ruhanysy bolan Salim şasy Mäliksadyk Ybrama çörek bilen şerap getirdi. 19Ol Ybrama pata berip:
«Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaý Ybramy ýalkasyn!
20Duşmanlaryny onuň eline beren
Beýik Hudaýa alkyş bolsun!» diýdi.
Ybram ähli zadyň ondan birini Mäliksadyga berdi. 21Onsoň Sodom şasy Ybrama: «Meniň adamlarymy yzyna ber, ähli mal-mülki bolsa özüň al» diýdi. 22-23Ybram Sodom şasyna şeýle diýdi: «„Ybramy men gurplandyrdym“ diýmeziň ýaly, saňa degişli zatlaryň hiç birini, hatda bir guşajygy ýa-da sapajygy hem almajakdygyma Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaýyň – Rebbiň adyndan ant içýärin. 24Ýöne ýigitleriň iýen iýmitleri muňa degişli däldir. Şeýle hem meniň bilen giden Aner, Eşkol we Mamre hem öz paýlaryny alsynlar».

Aktualisht i përzgjedhur:

Gelip çykyş 14: TukLat16

Thekso

Ndaje

Copy

None

A doni që theksimet tuaja të jenë të ruajtura në të gjitha pajisjet që keni? Regjistrohu ose hyr