Ýohanna 18
18
18‑nji bap
Isa tutulýar
(Matta 26:47-56; Mark 14:43-50; Luka 22:47-53)
1Bu zatlary aýdyp bolansoň, Isa şägirtleri bilen Kidron deresinden geçip, ol ýerdäki zeýtun bagyna girdi. 2Şägirtleri bilen Isa şol ýerde ýygy-ýygydan duşuşyp durýardy. Şoňa görä, Oňa haýynlyk eden Ýudas hem ol ýeri bilýärdi. 3Ol Rim esgerleriniň bir bölümi bilen birlikde ýolbaşçy ruhanylaryň we fariseýleriň iberen garawullaryny alyp geldi. Olaryň elleri çyraly, panusly we ok-ýaraglydy. 4Isa Öz başyna düşjek ähli zady bilýärdi. Şonuň üçinem öňe çykyp, olardan: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip sorady. 5Olar Oňa: «Nasyraly Isany» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Şol Mendirin» diýdi. Oňa haýynlyk eden Ýudas-da olar bilen durdy. 6Isa olara: «Şol Mendirin» diýende, olar yza çekilip, ýere ýykyldylar. 7Isa olardan ýene: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar: «Nasyraly Isany» diýdiler. 8Isa olara: «Men size „Şol Mendirin“ diýdim ahyryn. Meni gözleýän bolsaňyz, bulary goýberiň, gitsinler» diýdi. 9Isa muny «Maňa berenleriňden hiç birini ýitirmedim» diýen sözleriniň berjaý bolmagy üçin aýtdy. 10Şol wagt Simun Petrus gylyjyny gynyndan çykardy-da, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, sag gulagyny kesdi. Ol hyzmatkäriň ady Malhusdy. 11Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal. Atamyň Maňa beren hasrat käsesinden içmäýinmi?» diýdi. 12Onsoň esgerler, olaryň harby serkerdesi we ýahudy garawullary Isany tutup, elini-aýagyny daňdylar. 13Ony ilki Hananyň ýanyna alyp bardylar. Hanan şol ýyl baş ruhany saýlanan Kaýafanyň gaýynatasydy. 14Halk üçin bir adamyň ölmegi bähbitlidir diýip, ýahudylara maslahat beren hem Kaýafady.
Petrus Isany inkär edýär
15Simun Petrus bilen ýene bir şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdiler. Ýaňky şägirt baş ruhany bilen öňden tanyş bolansoň, ol Isa bilen bile baş ruhanynyň howlusyna girdi. 16Ýöne Petrus daşarda, gapynyň agzynda durdy. Onsoň baş ruhany bilen tanyş şägirt daşary çykdy-da, gapyny saklaýan aýala bir zatlar aýdyp, Petrusy içeri saldy. 17Gapyny saklaýan aýal Petrusa: «Senem bu Adamyň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýip sorady. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi. 18Howanyň sowuk bolany üçin hyzmatkärler we garawullar ot ýakyp, çoýunyp durdular. Petrus hem olaryň ýanynda ýylnyp durdy.
Baş ruhany Isany sorag edýär
(Matta 26:59-66; Mark 14:55-64; Luka 22:66-71)
19Baş ruhany Isadan Onuň şägirtleri we taglymaty barada soraýardy. 20Isa oňa jogap berip: «Men dünýä ähli zady aç-açan aýtdym. Ähli ýahudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda we ybadathanada hemişe öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmadym. 21Näme üçin Menden soraýarsyň? Näme aýdanymy eşidenlerden sora. Olar Meniň näme diýenimi bilýändirler» diýdi. 22Bu zatlary aýdyp bolansoň, şol ýerde duran garawullaryň biri Isanyň dulugyna bir şapbat çalyp: «Baş ruhana şeýle jogap berýärsiňmi?» diýdi. 23Isa oňa: «Men nädogry aýdan bolsam, munuň nädogrudygyny subut et. Eger dogry aýdan bolsam, onda näme üçin Meni urýarsyň?» diýdi. 24Onsoň Hanan Isanyň elini daňdyryp, Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna iberdi.
Petrus Isany ýene inkär edýär
(Matta 26:71-75; Mark 14:69-72; Luka 22:58-62)
25Simun Petrus ol ýerde oda çoýunyp durdy. Ondan: «Senem Onuň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýip soradylar. Emma ol: «Ýok» diýip inkär etdi. 26Ol ýerde baş ruhanynyň hyzmatkärlerinden biri Petrusyň gulagyny kesen adamyň garyndaşydy. Ol hyzmatkär: «Men seni bagda Onuň bilen bile görmedimmi näme?» diýdi. 27Petrus ýene inkär etdi, edil şol wagt horaz gygyrdy.
Isa Pilatyň öňünde
(Matta 27:1,2,11-31; Mark 15:1-20; Luka 23:1-5,13-25)
28Onsoň ýahudylar Isany Kaýafanyň ýanyndan Rim häkiminiň jaýyna alyp bardylar. Şol wagt daň atypdy. Pesah naharyndan iýip biler ýaly we dini däp-dessurlary bozmazlyk üçin ýahudylar häkimiň jaýyna girmediler. 29Şeýlelikde, Pilatyň özi olaryň ýanyna gelip: «Bu Adamy nämede aýyplaýarsyňyz?» diýip sorady. 30Olar: «Bu Adam jenaýatçy bolmadyk bolsa, Ony tutup, seniň ýanyňa getirmezdik» diýip jogap berdiler. 31Pilat olara: «Beýle bolsa, Ony äkidiň-de, öz kanunyňyz boýunça höküm çykaryberiň» diýdi. Ýahudylar Pilata: «Biziň kimdir birini ölüme höküm etmäge hakymyz ýok» diýdiler. 32Bu Isanyň Özüniň nähili ölüm bilen öljekdigi barada öňden aýdan sözleriniň berjaý bolmagy üçindi. 33Onsoň Pilat ýene öz jaýyna girdi-de, Isany çagyryp, Ondan: «Sen ýahudylaryň Patyşasymy?» diýip sorady. 34Isa ondan: «Muny özüňden aýdýarsyňmy ýa-da Men hakda saňa başgalar aýtdymy?» diýip sorady. 35Pilat Isa: «Eýsem men ýahudymy näme? Seni maňa Öz halkyň bilen ýolbaşçy ruhanylar tutup getirdiler. Sen näme iş etdiň?» diýdi. 36Isa oňa: «Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl. Eger Meniň Patyşalygym bu dünýäden bolsady, onda hyzmatkärlerim Meni ýahudylaryň eline berdirmejek bolup göreşerdiler. Emma Meniň Patyşalygym başga ýerdendir» diýdi. 37Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi. 38Pilat Ondan: «Hakykat näme?» diýip sorady.
Muny diýenden soň, ol ýene ýahudylaryň ýanyna çykyp, olara: «Men Ondan hiç bir ýazyk tapmadym. 39Emma siziň bir adatyňyz bar, şol adat boýunça her ýyl Pesah baýramynda men bir adamy tussaglykdan boşadýardym. Indi siziň üçin ýahudylaryň Patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýdi. 40Şonda olar: «Ony däl, bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar.
Barabbas bolsa bir gozgalaňçydy.
Seçili Olanlar:
Ýohanna 18: TukLat16
Vurgu
Paylaş
Kopyala
Önemli anlarınızın tüm cihazlarınıza kaydedilmesini mi istiyorsunuz? Kayıt olun ya da giriş yapın
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016