Ýohanna Giriş

Giriş
Bu kitap Isanyň şägirdi Ýohanna tarapyndan ýazyldy. Ýohanna Isa duşmazyndan ozal ýönekeý bir balykçydy. Ýöne Isa bilen duşuşyk onuň durmuşyny düýpgöter özgertdi. Ýohanna öz agasy Ýakup bilen Isa eýerip, Onuň resullary boldular. Olar Isanyň iň ýakyn şägirtleridi, ähli ýere Onuň bilen bile giderdiler. Kitapda «Isanyň söýgüli şägirdi» diýip ýazylan ýerleri hem hut Ýohanna baradadyr (Ýoh 19:26, 20:2, 21:7,20).
Ýohanna bu kitaby adamlaryň Isa Mesihiň kimdigine düşünip, Oňa iman etmekleri üçin ýazýar. Ol kitabyň başynda okyjylary Isa Mesih bilen tanyşdyryp, Ony ynsan keşbinde doglup, aramyzda ýaşan Hudaýyň ebedi Sözi hökmünde suratlandyrýar. Ýohanna Isa Mesihiň biziň gökdäki Atamyz Hudaý bilen ebedi gatnaşygyny mälim etmek üçin, Ony Hudaýyň Ogly diýip atlandyrýar. Kitapda Isa Mesih «ýaşaýyş çöregi», «dünýäniň nury», «gowy Çopan», «hakyky üzüm agajy» diýip atlandyrylýar. Ýohanna Onuň görkezen mugjyzalaryny gudratly alamatlar diýip atlandyrýar. Bu mugjyzalaryň şaýady bolan adamlar Isanyň dogrudan-da Hudaýyň Ogludygyny tassyklaýardylar. Ýohannanyň Hoş Habary ilki-ilkiler Aziýadaky (häzirki Türkiýe) mesihi ýygnaklarda okalýardy. Ýohanna bu ýygnaklary alyp barmaga kömek edýärdi. Ýohannanyň 1‑nji, 2‑nji we 3‑nji hatlary, Ýohanna gelen ylham atly Täze Ähtiň kitaplary hem Ýohanna tarapyndan ýazylandyr.
Mazmuny
Isa Mesih – Hudaýyň ebedi Sözi1:1-18
Ýahýa pygamberiň şaýatlygy1:19-34
Isanyň ilkinji şägirtleri1:35-51
Isanyň görkezen gudratlary2:1–12:50
Isanyň ýerdäki soňky günleri: jebirleri we ölümi13:1–19:42
Isanyň direlmegi20:1-10
Isanyň şägirtlerine görünmegi20:11–21:25

Vurgu

Paylaş

Kopyala

None

Önemli anlarınızın tüm cihazlarınıza kaydedilmesini mi istiyorsunuz? Kayıt olun ya da giriş yapın