የYouVersion አርማ
የፍለጋ አዶ

Gelip çykyş 7

7
7‑nji bap
Nuh gämä münýär
1 Reb Nuha şeýle diýdi: «Ähli maşgalaň bilen gämä mün, çünki Men seniň döwürdeşleriňiň içinden diňe seniň dogruçyl adamdygyňy gördüm. 2-3Haýwanlaryň tohumlaryny ýer ýüzünde diri saklamak üçin, olaryň halal görnüşleriniň erkeginden we urkaçysyndan ýedi jübüt, haram görnüşleriniň erkeginden we urkaçysyndan bir jübüt, şeýle hem guşlaryň erkeginden we urkaçysyndan ýedi jübüt al. 4Çünki Men ýedi günden kyrk gije-gündizläp ýere ýagyş ýagdyryp, Öz ýaradan janly-jandarlarymyň ählisini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn». 5Nuh Rebbiň buýran zatlarynyň hemmesini berjaý etdi. 6Ýere sil gelende, Nuh alty ýüz ýaşyndady. 7Nuh, onuň ogullary, aýaly we gelinleri silden gutulmak üçin gämä mündüler. 8-9Hudaýyň Nuha buýruşy ýaly, halal we haram haýwanlar, guşlardyr süýrenijiler erkek we urkaçy jynsynda jübüt-jübüt bolup, Nuh bilen gämä mündüler. 10Ýedi günden soň ýer ýüzüni sil aldy.
11 Nuhuň ömrüniň alty ýüzünji ýylynyň ikinji aýynyň on ýedinji güni – hut şol gün düýpsüz çuňlugyň ähli çeşmeleri böwsüldi, asman suw bentleri kimin açyldy. 12Kyrk gije-gündizläp, ýer ýüzüne dynman ýagyş ýagdy. 13Şol gün Nuh, onuň ogullary Sam, Ham, Ýafes, Nuhuň aýaly hem-de gelinleri gämä mündüler. 14-15Ähli haýwanlar, mallar, süýrenijiler we guşlar – ähli ganat-perliler hersi öz taýyna görä, burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň hemmesi jübüt-jübüt bolup, Nuh bilen gämä mündüler. 16Ähli erkek hem urkaçy janly-jandarlar Hudaýyň Nuha buýruşy ýaly gämä mündüler. Onsoň Reb gäminiň gapysyny ýapdy. 17Ýer ýüzünde sil kyrk gün dowam etdi. Suw gitdigisaýy joşdy we gämi ýerden ýokary göterildi. 18Ýerde suw joşup, juda köpeldi; gämi suwda ýüzüp ýördi. 19Suw ýerde şeýle bir joşdy welin, hatda ýer ýüzündäki bar belent daglar-da suwuň aşagynda galdy. 20Suw daglaryň depesinden on bäş tirsek ýokary galdy; daglaryň üsti suw bilen örtüldi. 21Ýer ýüzünde hereket edýän janly-jandarlaryň ählisi, guşlar-da, mallardyr haýwanlar-da, süýrenijilerdir ynsanlar-da ýok boldular. 22Gury ýerdäki burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň hemmesi öldi. 23Reb ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlary süpürip taşlady; ynsanlar, mallar, haýwanlar, süýrenijiler we guşlar ýer ýüzünden süpürilip taşlandy. Diňe Nuh we onuň ýanyndakylar diri galdylar. 24Tutuş ýer ýüzüni ýüz elli günläp sil aldy.

Currently Selected:

Gelip çykyş 7: TukLat16

ማድመቅ

Share

Copy

None

ያደመቋቸው ምንባቦች በሁሉም መሣሪያዎችዎ ላይ እንዲቀመጡ ይፈልጋሉ? ይመዝገቡ ወይም ይግቡ