Işaýa pygamber bu barada öz kitabynda şeýle ýazypdy:
«Çölde bir ses gygyrýar:
„Rebbe ýol taýynlaň!
Onuň ýodalaryny düzläň!
Ähli dereler doldurylar,
ähli dag-depeler peseldiler,
egrem-bugram ýollar dogrulanar,
büdür-südür ýodalar tekizlener.
Şonda ähli ynsanlar Hudaýyň halas edişini görerler“».