1
Luka 6:38
Mukaddes Kitap
Beriň, size-de berler. Hyryn-dykyn doldurylyp, pürepür edilip, gujagyňyzy dolup-daşýan ölçeg bilen doldurylyp berler. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler».
Compare
Explore Luka 6:38
2
Luka 6:45
Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr. Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir.
Explore Luka 6:45
3
Luka 6:35
Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir.
Explore Luka 6:35
4
Luka 6:36
Gökdäki Ataňyzyň rehimli bolşy ýaly, siz-de rehimli boluň.
Explore Luka 6:36
5
Luka 6:37
Başgalary ýazgarmaň, şonda siz hem ýazgarylmarsyňyz. Hiç kimi günäkärlemäň, şonda size-de günä ýöňkelmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz.
Explore Luka 6:37
6
Luka 6:27-28
Emma, eý, Meni diňleýänler, size şeýle diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň. Özüňize gargaýanlar üçin ýagşylyk diläň, özüňizi ynjadýanlar üçin Hudaýa doga okaň.
Explore Luka 6:27-28
7
Luka 6:31
Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň.
Explore Luka 6:31
8
Luka 6:29-30
Bir ýaňagyňa urana beýleki ýaňagyňy-da tut. Donuňy alandan köýnegiňi hem gaýgyrma. Saňa dileg salana ber, özüňden bir zat alandan yzyna sorama.
Explore Luka 6:29-30
9
Luka 6:43
«Oňat agajyň erbet miwe bermeýşi ýaly, erbet agaç-da oňat miwe bermez.
Explore Luka 6:43
10
Luka 6:44
Agaç öz miwesinden tanalýandyr. Sebäbi ýandakdan injir, çalydan-da üzüm ýygylýan däldir.
Explore Luka 6:44
Home
Bible
Plans
Videos