YouVersion Logo
Search Icon

Luka 6

6
6-njy bap
Sabat güni barada gürrüň
(Matta 12:1-14; Mark 2:23–3:6)
1Bir Sabat güni#6:1 Bir Sabat güni – käbir golýazmalarda Pesah baýramy geçenden soň ikinji Sabat güni. Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri bugdaý başlaryny ýolup, aýalarynda owup iýýärdiler. 2Fariseýleriň käbiri olardan: «Näme üçin Sabat güni gadagan işi edýärsiňiz?» diýip sorady. 3#1Şam 21:1-6.Isa olara: «Dawut bilen ýanyndakylar aç galanlarynda, siz Dawudyň näme edendigini asla okamadyňyzmy? 4Ol Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini alyp iýdi, ýanyndakylara hem berdi. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi» diýdi. 5Isa olara ýene-de: «Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr» diýdi.
6Başga bir Sabat güni Isa sinagoga baryp, halka öwretmäge durdy. Ol ýerde sag eli şel açan bir adam bardy. 7Töwrat mugallymlary bilen fariseýler Isany aýyplamakçy boldular. Sabat güni hassa şypa berermikä diýip, Ony aňtadylar. 8Isa olaryň pikirlerini bilip, eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi. Ol hem ýerinden turup, ortada durdy. 9Onsoň Isa olardan: «Size bir sowalym bar: „Kanun boýunça Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Biriniň janyny halas etmek dogrumy ýa-da heläk etmek?“» diýip sorady. 10Isa töweregindäkileriň hemmesine göz gezdirip çykdy-da, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy. 11Olar bolsa gahar-gazaba münüp, Isany näme etmelidigi barada öz aralarynda maslahatlaşmaga başladylar.
Isa on iki şägirdini saýlaýar
(Matta 10:1-4; Mark 3:13-19)
12Şol günlerde Isa doga okamak üçin daga çykdy we bütin gijäni Hudaýa doga okap geçirdi. 13Gün doganda, şägirtlerini ýanyna çagyrdy. Olardan on iki sanysyny saýlap, olary resullyga belledi. Olar şulardyr: 14-16Simun (Isa oňa Petrus lakamyny berdi), onuň dogany Andrys, Ýakup, Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, watançy Simun, Ýakubyň ogly Ýahudyýa we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.
17 Isa Özüniň on iki şägirdi bilen dagdan aşak düşüp, bir tekiz ýerde durdy. Ol ýerde Onuň başga-da ençeme şägirtleri üýşüp, tutuş Ýahudyýadan, Iýerusalimden, Sur bilen Sidonyň kenarýakalaryndan san-sajaksyz adamlar gelipdi. 18Olar Isany diňlemäge we kesellerine şypa tapmaga gelipdiler. Arwah-jynlardan ejir çekýänler-de şypa tapýardylar. 19Ähli adamlar Isa el degirjek bolup dyrjaşýardy, sebäbi Ondan çykýan güýç olaryň hemmesine şypa berýärdi.
Bagtlylar we bagtsyzlar
(Matta 5:1-12)
20Onsoň Isa şägirtlerine nazaryny dikip, şeýle diýdi:
«Eý, garyplar, siz bagtlysyňyz,
çünki Hudaýyň Şalygy siziňkidir!
21Eý, şu wagt açlyk çekýänler, siz bagtlysyňyz,
çünki doýarsyňyz.
Şindi aglaýanlar, siz bagtlysyňyz,
çünki şatlykdan gülersiňiz.
22 Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagty, size sögüp, adyňyzy garalan wagty bagtlysyňyz! 23Şol gün şatlanyň, begençden bökjekläň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Olaryň ata-babalary-da pygamberlere şeýle daradylar.
24Emma waý halyňyza, eý, baýlar!
Çünki siz eýýäm teselliňizi alansyňyz.
25Waý halyňyza, eý, şu wagt doklar!
Çünki siz açlyk çekersiňiz.
Waý halyňyza, eý, şu wagt gülýänler!
Çünki siz ýas tutup aglarsyňyz.
26Ähli adamlar sizi taryplan mahaly waý halyňyza!
Çünki ata-babalary-da galp pygamberlere şeýle etdiler.
Duşmanlaryňyzy söýüň
(Matta 5:38-48; 7:12a)
27Emma, eý, Meni diňleýänler, size şeýle diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň. 28Özüňize gargaýanlar üçin ýagşylyk diläň, özüňizi ynjadýanlar üçin Hudaýa doga okaň. 29Bir ýaňagyňa urana beýleki ýaňagyňy-da tut. Donuňy alandan köýnegiňi hem gaýgyrma. 30Saňa dileg salana ber, özüňden bir zat alandan yzyna sorama. 31Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň. 32Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormat gazanýarsyňyz? Günäkärlär-de özlerini söýýänleri söýýärler ahyryn. 33Siz özüňize ýagşylyk edýänlere ýagşylyk edýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormat gazanýarsyňyz? Günäkärler-de şeýle edýändirler. 34Yzyna almak tamasy bilen karz berýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormata mynasypsyňyz? Günäkärler-de doly yzyna almak niýeti bilen günäkärlere karz berýändirler. 35Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir. 36Gökdäki Ataňyzyň rehimli bolşy ýaly, siz-de rehimli boluň.
Başgalary ýazgarmaň
(Matta 7:1-5)
37Başgalary ýazgarmaň, şonda siz hem ýazgarylmarsyňyz. Hiç kimi günäkärlemäň, şonda size-de günä ýöňkelmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz. 38Beriň, size-de berler. Hyryn-dykyn doldurylyp, pürepür edilip, gujagyňyzy dolup-daşýan ölçeg bilen doldurylyp berler. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler».
39 Isa olara bir tymsal hem aýdyp berdi: «Kör köri idip bilermi? Ikisi hem çukura gaçmazmy?! 40Şägirt öz halypasyndan üstün däldir, emma kämilleşensoň, her kes öz halypasy ýaly bolar. 41Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň? 42Nädip sen öz gözüňdäki agajy görmän, doganyňa: „Dogan! Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýjek? Eý, ikiýüzli, ilki öz gözüňdäki agajy çykar, şonda doganyňyň gözündäki çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň».
Agaç we onuň miwesi
(Matta 7:16-20,24-27; 12:33-35)
43«Oňat agajyň erbet miwe bermeýşi ýaly, erbet agaç-da oňat miwe bermez. 44Agaç öz miwesinden tanalýandyr. Sebäbi ýandakdan injir, çalydan-da üzüm ýygylýan däldir. 45Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr. Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir. 46Näme üçin Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb!“ diýip-de, aýdanlarymy etmeýärsiňiz? 47Meniň ýanyma gelýän, sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän adamyň kime meňzeýändigini size beýan edeýin: 48ol öý salmak üçin ýeri çuň gazyp, onuň binýadyny gaýanyň üstünde tutan adama meňzeýär. Sil gelende, derýa joşup, bu öýe urulsa-da, ony sarsdyryp bilmez, sebäbi ol berk salnypdy#6:48 Sebäbi ol berk salnypdy – bu jümle käbir golýazmalarda sebäbi onuň binýady gaýanyň üstünde tutulypdy diýip duş gelýär.. 49Emma Meniň sözlerimi eşidip-de, berjaý etmedik kişi topragyň üstünde binýatsyz öý salan adam ýalydyr. Derýa joşup, ol öýe uran badyna, öý ýykylar. Onuň dargaýşy-da gorkunç bolar».

Currently Selected:

Luka 6: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in