YouVersion Logo
Search Icon

Luka 5

5
5‑nji bap
Isanyň ilkinji şägirtleri
(Matta 4:18-22; Mark 1:16-20)
1Bir gün Isa Ginnesaret kölüniň#5:1 Ginnesaret köli – bu Jelile kölüniň beýleki ady. kenarynda wagyz edýärkä, halk Hudaýyň sözüni diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşdi. 2Şonda Isa kölüň ýakasynda duran iki gaýygy gördi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdular. 3Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň Ol gaýykda oturan ýerinden halka öwretmäge durdy. 4Isa sözüni tamamlandan soň, Simuna: «Kölüň çuň ýerine gidiň-de, balyk tutmak üçin torlaryňyzy suwa taşlaň» diýdi. 5Simun Oňa: «Halypa! Bütin gije jan etsek-de, hiç zat tutup bilmedik, ýöne Seniň sözüň hatyrasyna torlary ýene taşlaýyn» diýdi. 6Muny aýdylyşy ýaly edenlerinde, olar şeýle bir köp balyk tutdular welin, torlary-da ýyrtylyp başlady. 7Şoňa görä olar beýleki gaýykdaky ýoldaşlarynyň gelip kömekleşmekleri üçin, ellerini bulap yşarat etdiler. Olar gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy. 8Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi. 9Tutan balyklarynyň köpdügine onuň özi we ýanyndakylaryň hemmesi haýran galdy. 10Simunyň ýoldaşlary Ýakup bilen Ýohanna atly Zebedeýiň ogullary hem muňa haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk balyk deregine ynsanlary tutarsyň» diýdi. 11Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
Isa deri kesellini sagaldýar
(Matta 8:1-4; Mark 1:40-45)
12 Isa şäherleriň birindekä, elhenç deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna geldi. Ol Isany görende, dyzyna çöküp, Oňa: «Eý, Agam! Eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýip ýalbardy. 13Isa hem elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Deri keseli ol adamdan şobada aýryldy. 14Soňra Isa oňa: «Muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýip buýurdy. 15Emma Isa hakyndaky habarlar barha ýaýraýardy. Isany diňlemek we kesellerine şypa tapmak üçin, Onuň ýanyna uly mähelle ýygnanýardy. 16Isa bolsa köplenç ýeke Özi çola ýerlere gidip, Hudaýa doga okaýardy.
Isa bir ysmazy sagaldýar
(Matta 9:1-8; Mark 2:1-12)
17Bir gün Isa halka öwredip otyrka, Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudyýadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen Töwrat mugallymlary-da şol ýerdediler. Isa Rebbiň gudraty arkaly hassalara şypa berýärdi. 18Şol wagt birnäçe adam bir ysmazy düşegi bilen göterip getirdi. Olar ony jaýyň içine salyp, Isanyň öňünde ýatyrjak boldular. 19Emma üýşen mähelleden ýaňa ony içeri salmaga ýol tapmansoňlar, jaýyň üstüne çykyp, üçegi söküp açdylar. Onsoň ysmazy düşegi bilen üçekden sallap, Isanyň öňüne düşürdiler. 20Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Dost, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. 21Töwrat mugallymlary bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip, içini gepletmäge başladylar. 22Emma Isa olaryň näme pikir edýändiklerini bilip, olara: «Näme üçin hyýalyňyzda beýle pikirler edýärsiňiz? 23Haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur-da, ýöre“ diýmek? 24Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi. 25Ol hem hemmäniň gözüniň alnynda dessine ýerinden turdy we düşegini ýygnady, Hudaýy şöhratlandyryp, öýüne gitdi. 26Ähli adamlar haýran galyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Olary gorky gaplap aldy, olar: «Bu gün şeýle bir geň zatlar gördük» diýişdiler.
Isa Lewini çagyrýar
(Matta 9:9-13; Mark 2:13-17)
27Şundan soň Isa daşary çykanda, salgyt ýygnap oturan Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. 28Ol hem ýerinden turdy-da, ähli zady taşlap, Onuň yzyna düşdi. 29Lewi öz öýünde Isa üçin bir uly meýlis gurady. Saçagyň başynda olar bilen birtopar salgytçylar we başga-da köp adamlar nahar iýip otyrdylar. 30Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler. 31Isa olara: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir. 32Men dogrulary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýip jogap berdi.
Agyz bekleme barada sorag
(Matta 9:14-17; Mark 2:18-22)
33Olar Isa: «Ýahýanyň şägirtleri ýygy-ýygydan agyz bekläp, doga-dileg edýärler, fariseýleriň şägirtleri hem şeýle, emma Seniň şägirtleriň iýip-içip ýörler» diýdiler. 34Isa: «Toýda giýew dostlarynyň ýanyndaka, siz onuň myhmanlaryna agyz bekledip bilersiňizmi? 35Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar agyz beklärler» diýip jogap berdi.
36 Isa olara şu tymsaly aýdyp berdi: «Hiç kim täze eşikden ýyrtyp, köne eşige ýama salmaz. Beýtse, täze eşik hem ýyrtylar, täze eşikden alnan ýama-da köne eşige gelişmez. 37Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa täze şerap meşikleri böwsüp, şerap ýere döküler, meşikler-de zaýalanar. 38Täze şerap täze meşiklere guýulmalydyr.#5:38 Käbir golýazmalarda Şeýdip, ikisi hem abat saklanýandyr diýen jümle hem bar. 39Hiç kim köne şeraby içenden soň täzäni küýsemez. „Könesi oňat“ diýer».

Currently Selected:

Luka 5: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in