Luka 7
7
7‑nji bap
Ýüzbaşynyň imany
(Matta 8:5-13)
1 Isa Özüni diňleýän halka bu sözleriň ählisini aýdyp bolandan soň, Kapernaum şäherine gitdi. 2Bu ýerde bir ýüzbaşynyň ezizläp hormatlaýan hyzmatkäri keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. 3Ýüzbaşy Isa hakynda eşidende, öz hyzmatkärine şypa bermegini sorap, Onuň ýanyna birnäçe ýahudy ýaşulularyny iberdi. 4-5Olar Isanyň ýanyna gelip, Oňa ýürekden ýalbaryp: «Bu adam Seniň kömek etmegiňe mynasyp, sebäbi ol biziň halkymyzy söýýär, hatda bize sinagoga hem gurup berdi» diýdiler. 6Şeýlelikde, Isa olar bilen gitdi.
Olar ýüzbaşynyň öýüne ýakynlaşanlarynda, ýüzbaşy dostlaryndan Oňa şeýle habar iberdi: «Agam, azara galma, sebäbi Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl. 7Şonuň üçin hem men özümi Seniň ýanyňa barmaga mynasyp saýmadym. Diňe birje söz aýtsaň bes, meniň hyzmatkärim sagalar. 8Men hem buýruk astyndaky adamdyryn, ygtyýarymda esgerlerim bar. Birisine „Git“ diýsem gidýär, başgasyna „Gel“ diýsem gelýär. Hyzmatkärime „Şuny et!“ diýsem edýär».
9 Isa bu sözleri eşidip, ýüzbaşa haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýän mähellä tarap öwrülip: «Size şuny aýdaýyn: Men hatda Ysraýylda-da şeýle beýik imany görmedim» diýdi. 10Onsoň iberilen adamlar yzyna öwrülip baranlarynda, hyzmatkär sagalan eken.
Isa dul aýalyň ogluny direldýär
11Mundan biraz soňra Isa Naýin diýen şähere gitdi. Şägirtleri bilen uly mähelle hem Onuň yzyna düşüp gitdi. 12Isa şäher derwezesine golaýlan wagty bir dul aýalyň ýalňyz ogluny jaýlamaga alyp barýan ekenler. Şäherden gelen uly mähelle hem bu aýalyň ýanyndady. 13Reb Isa bu aýaly görüp, oňa ýüregi awady. Ol aýala: «Aglama!» diýdi.
14Onsoň Isa baryp, tabyda elini degirdi, ony göterip barýanlar saklandylar. Isa: «Eý, ýaş ýigit, saňa diýýärin, tur!» diýdi. 15Şonda merhum turup, geplemäge başlady. Isa ony ejesine gaýtaryp berdi. 16Hemmeleri gorky basdy. Olar: «Aramyzda beýik bir pygamber peýda boldy!», «Hudaý Öz halkyna nazar saldy» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. 17Isa baradaky bu habar tutuş Ýahudyýa we daş-töwerekdäki etraplara ýaýrady.
Isa bilen Ýahýa çümdüriji
(Matta 11:2-19)
18-19Ýahýanyň şägirtleri bu wakalaryň baryny oňa gürrüň berdiler. Ýahýa olardan ikisini ýanyna çagyryp: «Gelmeli Şol Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip, Reb Isadan soramak üçin olary iberdi. 20Olar Isanyň ýanyna gelip: «Bizi Ýahýa çümdüriji iberdi. Ol Senden: „Şol gelmeli Mesih Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?“ diýip soraýar» diýdiler.
21Şol wagtlar Isa köp keselleri, hassalary, erbet ruh eýelänleri bejeripdi, ençeme körleriň gözlerini açypdy. 22Şunlukda, Isa habarçylara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär. 23Menden ýüz döndermedik adam bagtlydyr!» diýip jogap berdi.
24Ýahýanyň ilçileri gidenden soň, Isa mähellä Ýahýa barada gürrüň bermäge başlady: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Şemala yranýan ýylgynymy? 25Ýeri, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýen adamymy? Emma gymmatbahaly lybaslara beslenip, şady-horramlykda ýaşaýanlar şa köşklerindedir. 26Ýeri, siz näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, Men size şuny aýdýaryn, ol gören kişiňiz hatda pygamberden hem artykdyr. 27#Mal 3:1.„Öňüňden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin“ diýip ýazylan sözler hem hut şoňa degişlidir. 28Size şuny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda Ýahýadan beýigi ýokdur, emma Hudaýyň Şalygynda iň kiçisi hem ondan beýikdir». 29Ähli halk, hatda salgyt ýygnaýjylar hem Ýahýanyň sözlerini eşidip, Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilmek bilen Hudaýyň ýolunyň dogrudygyny tassykladylar. 30Emma fariseýlerdir Töwrat mugallymlary Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilmekden boýun gaçyrmak bilen Hudaýyň özleri üçin niýetlän maksadyndan ýüz öwürdiler. 31Isa sözüni dowam etdirdi: «Men bu nesli kime meňzedeýin? Olar kime meňzeýär? 32Olar bazarda oturyp, biri-birilerine: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz; agy aýtdyk, aglamadyňyz“ diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler. 33Ine, Ýahýa çümdüriji geldi, ol iýenogam, içenogam. Siz bolsa oňa „jynly“ diýýärsiňiz. 34Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, siz Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärsiňiz. 35Emma danalygyň hakdygy onuň zürýatlarynyň ählisi tarapyndan tassyklanar».
Günäli aýal Isa ýag çalýar
36Bir gün fariseýlerden biri Isany nahara çagyrdy. Ol hem fariseýiň öýüne baryp, saçak başynda oturdy. 37Şol şäherde günäkär bir aýal bardy. Ol aýal Isanyň fariseýiň öýünde naharlanýandygyny bilip, çüýşe gapda hoşboý ysly ýag getirdi. 38Aýal Isanyň öňünde dyzyna çöküp aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýaklaryny ýuwmaga başlady. Soňra aýaklaryny saçy bilen süpürip öpdi we hoşboý ysly ýag çaldy. 39Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adam pygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi. 40Munuň üçin Isa oňa: «Simun, Meniň saňa aýtmaly zadym bar» diýdi. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym» diýdi. 41«Bir adam iki adama karz pul beripdir: birine – bäş ýüz kümüş teňňe, beýlekisine – elli kümüş teňňe. 42Bergisini bermäge hiç pullarynyň ýokdugy üçin, ol bularyň ikisiniň hem bergisini geçipdir. Munuň üçin olaryň haýsysy ony has köp söýer?» 43Simun: «Meniň pikirimçe, bergisi köp geçilen adam» diýip jogap berdi. Isa: «Dogry pikir etdiň» diýdi.
44Onsoň Isa aýala tarap öwrülip, Simuna şeýle diýdi: «Bu aýaly görýäňmi? Men seniň öýüňe geldim, sen bolsa aýaklarymy ýuwmaga suw-da bermediň, emma bu aýal aýaklarymy gözýaşy bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi. 45Sen Meni öpmediň, emma bu aýal Men öýe girenimden bäri aýaklarymy öpüp otyr. 46Sen başyma ýag çalmadyň, emma bu aýal aýaklaryma hoşboý ysly ýag çaldy. 47Şonuň üçin hem Men saňa aýdýaryn: bu aýalyň köp günäleri bagyşlanandyr. Çünki onuň söýgüsi köpdür. Günäleri az bagyşlananlaryň bolsa söýgüsi azdyr». 48Onsoň Isa ol aýala: «Seniň günäleriň geçildi» diýdi. 49Isa bilen bir saçakda oturanlar öz aralarynda: «Günäleri-de bagyşlaýan bu kimkä?» diýişmäge başladylar. 50Isa bolsa aýala: «Seni imanyň halas etdi, arkaýyn gidiber» diýdi.
Currently Selected:
Luka 7: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016