YouVersion Logo
Search Icon

Müsürden çykyş 11

11
11‑nji bap
Iň soňky betbagtçylyk jar edilýär
1 Reb Musa ýene-de: «Faraonyň we Müsüriň üstünden ýene bir betbagtçylyk indererin. Şondan soň faraon size ol ýerden gitmäge rugsat eder. Ol sizi goýberende, öz ýurdundan büs-bütin kowup çykarar. 2Indi bolsa halka eşitdirip aýt, goý, her bir erkek we her bir aýal öz müsürli goňşusyndan altyn-kümüşden ýasalan şaý-sepler dilesin» diýdi. 3Reb müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Mundan başga-da, Müsür topragynda, faraonyň emeldarlarynyň we halkynyň öňünde Musa beýik adam bolupdy.
4 Musa faraona şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Men ýary gije töweregi Müsüriň içine aýlanyp çykaryn. 5Şonda ähli müsürlileriň nowbahar ogullary öler. Tagtda oturan faraonyň nowbahar oglundan başlap, tä degirmen üwäp oturan hyzmatkär aýalyň nowbahar ogluna çenli öler. Ähli mallaryň hem ilkinji doglanlary öler. 6Tutuş Müsür ýurdunda uly ses bilen perýat ediler. Şeýle agy sesi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz. 7Emma ysraýyllaryň ýekeje adamyna-da, malyna-da zelel ýetmez, hatda olara it hem üýrmez. Şonda siz Men Rebbiň müsürliler bilen ysraýyllaryň arasynda tapawut goýýandygymy bilersiňiz“». 8Musa sözüni dowam edip, faraona: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.
9Soňra Reb Musa: «Faraon seni diňlemez. Müsürde Meniň gudratlarym köpeler» diýdi. 10Musa bilen Harun faraonyň öňünde bu gudratlaryň hemmesini ýerine ýetirdiler. Reb faraony ýene doňýürek etdi, ol ýurdundan ysraýyllary goýbermedi.

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in