YouVersion Logo
Search Icon

Müsürden çykyş 15

15
15‑nji bap
Musanyň aýdymy
1Soňra Musa bilen ysraýyllar Rebbe bagyşlap, şu nagmany aýtdylar:
«Men Rebbe nagma aýdaryn.
Ol şöhratly ýeňiş gazandy.
Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy.
2Reb meniň güýjüm hem aýdymym.
Ol meniň Halasgärim boldy.
Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn.
Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin.
3Reb esgerdir.
Onuň ady Rebdir.
4 Faraonyň söweş arabalaryny
ähli goşuny bilen deňze zyňdy.
Saýlama urşujylary-da
Gyzyl deňizde gark boldy.
5Olary tolkunlar gaplap,
daş kimin çuň düýbe çökdüler.
6Ýa Reb, Seniň sag goluň
güýç-gudratda şöhratlydyr.
Ýa Reb, Seniň sag goluň
duşmany mynjyradýar.
7Özüňe garşy çykanlary
beýik ýeňşiň bilen çökerýäň.
Alawly gazabyňy inderip,
olary saman dek ýakýaň.
8Haýbatly demiňden,
suw dik ýokary galdy.
Tolkunlar diwar ýaly bolup,
çuň deňziň düýbi daş dek gatady.
9Duşman diýdi:
„Kowalaryn, yzlaryndan ýeterin.
Oljasyny bölüp, teşneligimi gandyraryn.
Gylyjymy ýalaňaçlap, olary ýok ederin“.
10Üflän ötgür demiňden,
deňiz olary gaplady.
Olar gurşun kimin
äpet suwa çökdüler.
11Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr?
Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik!
Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.
12Sag goluňy uzadanyňda,
olary ýer ýuwutdy.
13Sadyk söýgiň bilen
azat eden halkyňa baş bolduň.
Beýik güýjüň bilen olara
Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň.
14 Milletler eşidende sandyraşýarlar.
Piliştlileriň ýüregi ýarylara gelýär.
15Edomyň beglerini gorky basýar.
Mowabyň serdarlaryny ysytma tutýar.
Kenganyň ilaty dowla düşýär.
16Seniň goluň gudratyndan,
olaryň üstüne howp we gorky inýär.
Öz azat eden halkyň geçip bolýança,
olar daş kimin doňýarlar.
17Sen halkyňy getirip,
Öz dagyňda oturdarsyň.
Ýa Reb, bu ýeri Öz öýüň üçin saýlarsyň.
Ýa Reb, mukaddes öýi Özüň bina edersiň.
18Reb hemişelik we baky höküm sürer».
19 Faraonyň atlary, söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri bilen deňze girende, Reb deňziň suwuny yzyna gaýtaryp, olaryň üstünden inderdi. Emma ysraýyllar deňziň ortasyndan gury ýer bilen geçdiler. 20Soňra Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler.
21Merýem olara şu aýdymy aýtdy:
«Rebbe nagma aýdyň.
Ol şöhratly ýeňiş gazandy.
Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy».
Ajy suw
22Şundan soň Musa ysraýyllara baş bolup, olary Gyzyl deňizden alyp, Şur çölüne gaýtdy. Çölde olar üç gün ýörediler, emma suw tapmadylar. 23Mara gelenlerinde, olar Maranyň suwundan içip bilmediler. Sebäbi ol ajydy. Şol sebäpli ony Mara#15:23 Mara – bu söz ajy diýmegi aňladýar. diýip atlandyrdylar. 24Adamlar Musa: «Biz indi näme içeli?» diýşip hüňürdeşdiler. 25Musa Rebbe perýat etdi. Reb oňa agaç bölegini görkezdi. Ol ony suwa taşlady welin, suw süýji suwa öwrüldi. Şol ýerde Reb olar üçin parzlar we hökümler berip, olary synady. 26Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».
27Soňra olar Eýlime geldiler. Ol ýerde on iki sany suwly çeşme we ýetmiş sany palma agajy bardy. Olar suwuň başynda düşlediler.

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in