YouVersion Logo
Search Icon

Müsürden çykyş 29

29
29-njy bap
Harun we onuň ogullary ruhanylyga bagyş edilýär
(Lewiler 8:1-36)
1Harun we onuň ogullary Meniň ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, olary Maňa şeýle bagyş et: bir sany ýaş öküzçe we hiç bir şikessiz iki sany goç al. 2Petir, ýaga ýugrulan külçe we ýüzüne ýag çalnan ýuka petir bişir. Olaryň hemmesini bugdaý unundan bişir. 3Olary bir sebede salyp getir, şeýle hem, öküzi we iki goçy hem getir. 4Haruny we onuň ogullaryny Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getir we olary suw bilen ýuwundyr. 5Soňra ruhany geýimleri bolan uzyn köýnegi, dony, efody we gursakçany getirip, Haruna geýdir. Efodyň nagyşly kemerini dak. 6Onuň başyna selläni geýdir. Sellesine mukaddes ýazgyny berkit. 7Mesh ýagy alyp, onuň başyna guý. Şeýdip ony saýla. 8Soňra onuň ogullaryny getir we olara hem uzyn köýnekleri geýdir. 9Olara bil guşaklaryny daň we başdaňylaryny daň. Haruny we onuň ogullaryny ruhany edip belle. Ruhanyçylyk olar üçin ebedilik düzgün bolsun. 10Maňa ýüz tutulýan çadyryň öňüne öküzi getir. Harun we onuň ogullary ellerini öküziň kellesine goýsunlar. 11Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Meniň huzurymda öküzi soý. 12Öküziň ganyndan alyp, barmagyň bilen gurbanlyk sypasynyň ýokary çykyp duran burçlaryna çal. Galan ganyň hemmesini gurbanlyk sypasynyň düýbüne dök. 13Içýagynyň hemmesini al, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen al. Olary gurbanlyk sypasynda ýak. 14Emma öküziň läşini, onuň derisini, içgoşuny düşelgäniň daşynda ýak. Bu günä gurbanlygydyr.
15Soňra goçlaryň birini al. Harun we onuň ogullary goçuň kellesine ellerini goýsunlar. 16Goçy soýup, ganyny al we ony gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp. 17Soň goçy böleklere böl. Onuň içgoşlaryny we aýaklaryny ýuwup, kellesini bir aýry, aýaklaryny bir aýry edip goý. 18Gurbanlyk sypasynyň üstünde tutuş goçy ýak. Bu Meniň üçin ýakma gurbanlygydyr. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.
19Beýleki goçy al. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýsunlar. 20Goçy soýup, ganyny al. Ony Harunyň we onuň ogullarynyň sag gulaklarynyň ýumşak ýerine çal. Şeýle hem, olaryň sag elleriniň we sag aýaklarynyň başam barmaklaryna çal. Galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp. 21Soňra gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, mesh ýagyny hem alyp, olary Harunyň hem onuň ogullarynyň üstüne we geýimlerine sepele. Şeýdip, Harun we onuň geýimleri, şeýle hem onuň ogullary we olaryň geýimleri Maňa bagyş ediler.
22Şeýle hem, goçuň ýagyny, guýruk ýagyny, içýagyny, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen we sag buduny al. (Çünki bu goç ruhanyçylyga bellemek üçindir.) 23Meniň huzurymdaky çörekler salnan sebetden bir petir, ýaga ýugrulan bir külçe we bir sany hem ýüzüne ýag çalnan ýuka petir al. 24Olaryň hemmesini Harunyň we onuň ogullarynyň aýasyna ýerleşdir. Meniň huzurymda olary göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyr. 25Soňra bulary olaryň elinden alyp, ýakma gurbanlygynyň üstünde goýup ýak. Huzurymda ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.
26Haruny ruhanyçylyga bellemek üçin, soýlan goçuň döşüni al we ony Meniň huzurymda göterme sadakasy edip ýokary galdyr. Ol döş seniň paýyň bolar. 27Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçuň döşüni göterme sadakasy we buduny üwreme sadakasy hökmünde Maňa bagyş et. Bular Haruna we onuň ogullaryna berilmelidir. 28Bu ysraýyl halkyndan Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berilsin. Çünki bu sadaka ysraýyllaryň Reb üçin berýän salamatlyk sadakasyndan alyp, ruhanylara berilýän sadaka bolsun.
29Harunyň mukaddes lybasy özünden soň ogullaryna galsyn. Olar şol geýimlerde başlaryna ýag çalnyp, ruhanyçylyga bellensinler. 30Harunyň ýerine ruhany bolan ogly ol geýimleri Maňa ýüz tutulýan çadyra gelip, mukaddes otagda hyzmat edýän wagty geýsin.
31 Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçy alyp, onuň etini mukaddes ýerde gaýnadyň. 32Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde Harun we onuň ogullary goçuň etini we sebetdäki çöregi iýsinler. 33Ruhanyçylyga bellenip, özlerini bagyş etmekleri üçin, bu günäden saplama gurbanlygynyň naharyndan özleri iýsinler. Emma bulardan başga hiç kim mundan iýmeli däldir, sebäbi bu nahar mukaddesdir. 34Eger ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan malyň etinden ýa-da çörekden iýilmän ertir daňdana galsa, ony otda ýakyň. Ol iýilmeli däldir, sebäbi ol mukaddesdir.
35Haruny we onuň ogullaryny edil Meniň buýruşym ýaly, ýedi günden soň Maňa ruhanyçylyga belle. 36Şeýle hem, günäden saplanmak üçin, her gün bir öküzi günä gurbanlygy edip ber. Gurbanlyk sypasyny päklemek üçin, günä gurbanlygyny ber we onuň üstüne ýag guýup mukaddes et. 37Gurbanlyk sypasy üçin ýedi günläp päkleme geçirip, ony mukaddes et. Şonda gurbanlyk sypasy iň mukaddes bolar. Ony ellän kişi hem mukaddes bolar.
Gündelik gurbanlyklar
(Lewiler 6:8-13; Çölde 28:1-8)
38Ine, gurbanlyk sypasynda ýakyp bermeli gündelik gurbanlyklaryňyz: iki sany birýaşar tokly. 39Olaryň birini ertirine, beýlekisini agşamyna soý. 40Birinji tokly bilen bir okara#29:40 Bir okara – ýewreýçe efanyň ondan biri. Bu takm. 2 kg deňdir. saýlama bugdaý ununa bir küýze#29:40 Bir küýze – ýewreýçe hiniň dörtden biri. Bu takm. 1 litre deňdir. zeýtun ýagyny garyp ber. Bir küýze şerap guýup, içgi sadakasy üçin ulanyň. 41Agşamyna hem ertirine edişiň ýaly et. Beýleki toklyny soýup, onuň bilen hamyr we şerap ber. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar. 42Huzurymdaky Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde bu adaty ýakma gurbanlygyny nesilme-nesil ýerine ýetir. Siziň bilen gepleşmek üçin, ol ýerde Men siziň bilen duşuşaryn. 43Ol ýerde Men ysraýyllar bilen duşuşaryn. Ol ýer Meniň şöhratym bilen mukaddes bolar. 44Maňa ýüz tutulýan çadyry we gurbanlyk sypasyny mukaddes ederin. Şeýle hem, Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, Haruny we onuň ogullaryny Özüme bagyş ederin. 45Men ysraýyllaryň arasynda ýaşaryn we olaryň Hudaýy bolaryn. 46Aralarynda ýaşamak üçin olary Müsürden alyp çykan olaryň Hudaýy Rebbiň Mendigimi bilsinler. Olaryň Hudaýy Reb Mendirin.

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in