YouVersion Logo
Search Icon

Gelip çykyş 46

46
46-njy bap
Ýakup we onuň maşgalasy Müsüre göçýär
1 Ysraýyl ähli zatlaryny alyp, ýola rowana boldy. Ol Beýerşeba gelip, kakasy Yshagyň Hudaýyna gurbanlyklar berdi. 2Şol gije Hudaý Ysraýyla görnüp, oňa: «Ýakup! Ýakup!» diýdi. Ysraýyl Oňa: «Lepbeý!» diýip jogap berdi. 3Hudaý oňa şeýle diýdi: «Men Hudaýdyryn, seniň ataňyň Hudaýydyryn. Sen Müsüre gitmekden gorkma. Men ol ýerde senden bir beýik millet ýaradaryn. 4Men seniň bilen bile Müsüre giderin we seni soň ýene-de öz topragyňa getirerin. Sen dünýäden öteniňde, Ýusup seniň ýanyňda bolar». 5Onsoň Ýakup Beýerşebadan gaýtdy. Ysraýylyň ogullary kakalary Ýakuby, öz çagalarydyr aýallaryny, faraonyň iberen arabalaryna mündürdiler. 6-7Ýakup ähli nesillerini: ogul-gyzlaryny, agtyklarydyr mallaryny we Kenganda toplan ähli mal-mülklerini alyp, Müsüre geldi. 8Ysraýyllaryň Ýakup we onuň bilen Müsüre gelen nesilleri şulardyr. Ýakubyň nowbahar ogly Ruben. 9Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron, Karmy. 10Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakin, Sohar hem-de kengan aýalyndan bolan ogly Şawul. 11Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat, Merary. 12Ýahudanyň ogullary: Er, Onan, Şela, Peres, Zera. Bulardan Er bilen Onan Kenganda ölüpdiler. Peresiň ogullary: Hesron, Hamul. 13Ysakaryň ogullary: Tola, Puwa, Ýop, Şimron. 14Zebulunyň ogullary: Sarat, Eýlon, Ýahleýel. 15Bu ogullary hem-de gyzy Dinany Leýa Ýakuba Padanaramda dogrup beripdi. Ýakubyň ähli ogul-gyzlarynyň jemi otuz üç sanydy. 16Gatyň ogullary: Sipýon, Hagy, Şuny, Esbon, Eri, Arody, Areli. 17Aşeriň ogullary: Ýimna, Ýişwa, Ýişwi, Beriga hem-de gyzy Sera. Beragyň ogullary: Heber, Malkyýel. 18(Bular Zilpanyň ogullarydyr. Laban Zilpany öz gyzy Leýa gyrnak edip beripdi. Ýakubyň Zilpa gyrnagyndan bolan nesliniň sany jemi on altydyr.) 19Ýakubyň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin. 20Müsürde Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenat Ýusuba Manaşany we Efraýymy dogrup berdi. 21Benýaminiň ogullary: Bala, Beker, Aşbel, Gera, Nagaman, Ehi, Roş, Mupym, Hupym we Art. 22(Bular Ýakubyň Rahelden bolan neslidir. Olar jemi on dörtdür.) 23Danyň ogly: Huşym. 24Naftalynyň ogullary: Ýahseýel, Guny, Ýezer, Şillem. 25(Bular Bilhanyň ogullarydyr. Laban Bilhany öz gyzy Rahele gyrnak edip beripdi. Bilha Ýakuba jemi ýedi ogul dogrup berdi.) 26Gelinlerinden daşary Ýakuba degişli bolan we onuň bilen bile Müsüre gelen nesilleri jemi altmyş alty başdy. 27Ýusubyň Müsürde doglan iki ogly bilen birlikde Ýakubyň Müsürdäki tutuş hojalygy ýetmiş adamdan ybaratdy.
Ýakup maşgalasy bilen Müsürde mesgen tutýar
28 Ýakup Goşene barýan ýoly Ýusuba görkezer ýaly, ol Ýahudany öňden Ýusubyň ýanyna iberdi.
Ysraýylyň maşgalasy Goşen welaýatyna gelende, 29Ýusup arabasyna münüp, kakasy Ysraýyly garşylamak üçin Goşene gitdi; Ýusup kakasyny görüp, ony gujaklap, onuň gujagynda uzak wagtlap aglady. 30Ysraýyl Ýusuba: «Didaryňy gördüm, indi ölsem-de armanym ýok. Sen diri ekeniň» diýdi. 31Ýusup doganlaryna hem kakasynyň tutuş hojalygyna ýüzlenip, şeýle diýdi: «Men gidip, faraona habar bereýin. Oňa: „Kengandaky doganlarym hem-de kakam tutuş hojalygy bilen meniň ýanyma geldiler. 32Olar çopandyrlar, çünki olar maldarçylyk bilen meşgullanýarlar. Olar özleri bilen ownukly-irili mallaryny we ähli goş-golamlaryny-da getiripdirler“ diýeýin. 33Faraon sizi çagyryp, sizden: „Siziň käriňiz näme?“ diýip sorar. 34Şonda siz oňa: „Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly ýaşlygymyzdan bäri maldarçylyk bilen meşgullanyp gelýändiris“ diýip jogap berersiňiz. Şeýle diýseňiz, ol size Goşen welaýatynda mesgen tutmaga rugsat berer, çünki müsürliler çopanlary juda ýigrenýändirler».

Currently Selected:

Gelip çykyş 46: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in