YouVersion Logo
Search Icon

Gelip çykyş 47

47
47‑nji bap
1-2Şeýdip, Ýusup doganlaryndan bäşisini alyp, Goşen welaýatyndan gaýtdy we faraonyň ýanyna gelip, oňa: «Kakam hem doganlarym özleriniň maşgalasy, ownukly-irili mallary we ähli goş-golamlary bilen Kengandan geldiler. Olar häzir Goşende» diýdi. Onsoň Ýusup doganlaryny faraon bilen tanyş etdi. 3Faraon olardan: «Käriňiz näme?» diýip sorady. Olar faraona: «Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly çopandyrys» diýip jogap berdiler. 4Olar faraona: «Ýowuz açlyk zerarly Kenganda dowarlarymyz üçin öri galmansoň, biz Müsürde gelmişek bolup ýaşamaga geldik. Şoňa görä-de, siz öz gullaryňyza Goşen welaýatynda mesgen tutmaga ygtyýar ediň» diýdiler.
5 Faraon Ýusuba şeýle diýdi: «Kakaňdyr doganlaryň seniň ýanyňa gelipdirler. 6Müsüriň çar tarapy seniň üçin açykdyr. Olary ýurduň iň oňat ýerinde ýerleşdir. Goý, olar Goşen welaýatynda mesgen tutsunlar. Eger olaryň arasynda ukyplylary bar bolsa, olara meniň mallaryma seretdir». 7Soňra Ýusup kakasyny faraonyň huzuryna getirip, onuň bilen tanyş etdi. Ýakup faraona pata berdi. 8Faraon Ýakupdan: «Näçe ýaşyňda?» diýip sorady. 9Ýakup: «Men göçüp-gonup ýüz otuz ýyl ýaşadym. Durmuşym gysga hem agyr boldy. Meniň ömrüm göçüp-gonup ýaşan ata-babalarymyňky ýaly uzak bolmady» diýdi. 10Ýakup faraona ýene-de pata berip, onuň ýanyndan gaýtdy. 11Ýusup kakasydyr doganlaryny Müsürde ýerleşdirdi. Ýusup faraonyň özüne buýruşy ýaly edip, olara Müsüriň iň gowy ýeri bolan Ragmeses etrabyndan mülk berdi. 12Ol kakasyny, doganlaryny we kakasynyň ähli hojalygyny – iň körpesine çenli azyk bilen üpjün etdi.
Açlyk ýowuzlaşýar
13Açlyk juda ýowuzlaşyp, hiç ýerde iýmit ýokdy. Açlyk Müsürdir Kenganyň halklaryny halys ysgyndan gaçyrdy. 14Ýusup galla satyp, Müsüriň hem Kenganyň ähli pullaryny syryp-süpürip aldy. Ol pullary faraonyň köşgüne getirdi. 15Şunlukda, Müsüriň-de, Kenganyň-da pulunyň soňuna çykylansoň, ähli müsürliler Ýusubyň ýanyna gelip, oňa: «Bize azyk ber. Indi biz gözüňiziň alnynda öläýmeli bolarysmy?! Pulumyzdan galan zat ýok» diýdiler. 16Ýusup olara: «Eger puluňyz bolmasa, onda azygy mala çalşaýalyň» diýdi. 17Şeýdip, olar öz mallaryny Ýusuba getirip berdiler. Ýusup hem olaryň atlaryny, ownukly-irili mallaryny we eşeklerini azyga çalyşdy. Şol ýyl Ýusup halkyň mallaryny alyp, olary azyk bilen üpjün etdi. 18Bir ýyl geçdi. Indiki ýyl müsürliler ýene-de Ýusubyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: «Biz jenabymyzdan hiç zady ýaşyrmarys; bar pullarymyzy gutardyk, mallarymyzy bolsa biz size berdik. Size berer ýaly tenimizden we mülklerimizden başga galan zat ýokdur. 19Indi biz gözüňiziň alnynda öläýmelimi, mülklerimiz çöle dönäýmelimi? Bizi mülklerimiz bilen bile al-da, bize azyk ber. Mülklerimiz bilen bile faraona gul bolaly. Biziň ölmezimiz ýaly, mülklerimiziň-de çöle dönmezi ýaly, siz bize tohum beriň».
20Şeýdip, Ýusup Müsüriň ähli mülklerini faraon üçin satyn aldy. Ähli müsürliler ýowuz açlyga döz gelip bilmän, öz mülklerini satdylar. Şeýlelikde, tutuş Müsür topragy faraonyň eline geçdi. 21Ýusup Müsüriň tutuş halkyny gula öwürdi#47:21 Ýusup… gula öwürdi – bu jümle käbir golýazmalarda Ýusup halky gala göçürdi diýip duş gelýär.. 22Ol diňe ruhanylaryň mülk ýerine degmedi, çünki ruhanylara faraon tarapyndan bellenen möçberde hak tölenilýärdi we olar şol tölenen hak bilen güzeran görýärdiler. Şol sebäpden hem olar öz mülklerini satmadylar.
23 Ýusup Müsür halkyna şeýle diýdi: «Faraon üçin sizi ýerleriňiz bilen bile satyn aldym. Ine, tohum, alyň-da, ekiň. 24Siz alan hasylyňyzyň bäşden bir bölegini faraona berersiňiz, dörtden bir bölegini bolsa özüňize tohum üçin, hojalyklaryňyza we çagalaryňyza azyk üçin alarsyňyz». 25Olar: «Siz bizi halas etdiňiz; jenabymyz razy bolsa, biz faraona gul bolarys» diýdiler. 26Şeýdip, Ýusup ruhanylardan başga hemmeleriň hasylynyň bäşden bir böleginiň faraona berilmelidigi hakynda höküm çykardy. Bu höküm şu günki güne çenli hem öz güýjündedir.
Ýakubyň iň soňky haýyşy
27 Ysraýyllar Müsüriň Goşen welaýatynda mesgen tutup, şol welaýatda özlerine mülk edindiler. Olar örňäp, juda köpeldiler.
28 Ýakup Müsürde on ýedi ýyl ýaşady. Ol ýüz kyrk ýedi ýyl ýaşady. 29Ölüm pursady golaýlanda, Ysraýyl Ýusuby ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Eger meni söýýäniň çyn bolsa, onda eliňi uýlugymyň astynda goý-da, maňa wepaly boljakdygyňa hem sözümi tutjakdygyňa ant iç. Meni Müsürde jaýlamagyn. 30Ata-babalarymyň ýanynda ýatarym ýaly, meni Müsürden äkidip, şolaryň ýanynda jaýla». Ýusup oňa: «Aýdyşyň ýaly ederin» diýdi. 31Ysraýyl Ýusuba: «Ant iç!» diýdi. Ýusup ant içdi. Onsoň Ysraýyl düşeginiň başynda tagzym etdi.

Currently Selected:

Gelip çykyş 47: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in