YouVersion Logo
Search Icon

Gelip çykyş 8

8
8‑nji bap
Nuh gämiden çykýar
1 Nuh hem-de onuň bilen gämide bolan haýwanlardyr mallaryň ählisini Hudaý ýatdan çykarmandy. Hudaý ýerde şemal öwüsdirdi; suw çekilmäge başlady.
2Düýpsüz çuňlugyň çeşmeleri beklendi,
Gökleriň penjireleri ýapyldy,
Gökdäki ýagyş diňdi.
3Suw ýer ýüzünden kem-kemden çekildi; ýüz elli günden soň suw peseldi. 4Gämi ýedinji aýyň on ýedisi güni Ararat daglarynda saklandy. 5Onunjy aýa çenli suw peselmegini dowam etdi; onunjy aýyň biri güni daglaryň başy göründi.
6-7Kyrk günden soň Nuh öz ýasan gämisiniň penjiresini açdy-da, bir gargany çykaryp, uçuryp goýberdi; garga tä ýer guraýança uçup geziberdi. 8Soňra suwuň ýerden doly çekilendigini ýa-da çekilmändigini bilmek üçin Nuh bir kepderini uçuryp goýberdi. 9Kepderi gonara ýer tapman, onuň ýanyna gämä dolanyp geldi, çünki ýeriň ýüzi entek hem suw bilen örtülendi. Nuh elini uzadyp kepderini tutdy-da, ony öz ýanyna gämä aldy. 10Nuh ýedi gün garaşandan soň, ýene-de kepderini uçuryp goýberdi. 11Kepderi agşam onuň ýanyna dolanyp geldi. Bu gezek onuň agzynda zeýtun agajynyň täze ýolnan ýapragy bardy. Nuh suwuň ýerden çekilendigine göz ýetirdi. 12Ol ýene ýedi gün garaşandan soň, kepderini üçünji gezek iberdi. Kepderi bu sapar yzyna dolanmady.
13 Nuhuň ömrüniň alty ýüz birinji ýylynyň ilkinji aýynyň birine suw ýerden çekilipdi. Nuh gäminiň üçegini söküp, daş-töweregine seretdi; ýeriň ýüzi sarygypdy. 14Ikinji aýyň ýigrimi ýedisine ýer bütinleý gurady. 15-17Reb Nuha: «Aýalyň, ogullaryň we gelinleriň bilen gämiden çyk. Ýanyňda bar bolan janly-jandarlaryň ählisini – ähli haýwanlary: guşlary, mallary, süýrenijileri özüň bilen gämiden alyp çyk. Goý, olar ýeriň ýüzüne ýaýrap, örňäp köpelsinler» diýdi. 18Nuh aýaly, ogullary we gelinleri bilen gämiden çykdy. 19Ähli haýwanlar, ähli süýrenijiler, ähli guşlar – ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlar öz görnüşleri bilen gämiden çykdylar. 20Nuh Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy; ol halal haýwanlardyr guşlaryň birnäçesini aldy-da, olary gurbanlyk sypasynyň üstünde goýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdi. 21Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin. 22Indiden beýläk ýerde ekişdir orumyň, aňzakdyr jöwzanyň, tomusdyr gyşyň hem-de gije-gündiziň ömürboýy yzy üzülmez».

Currently Selected:

Gelip çykyş 8: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in