YouVersion Logo
Search Icon

Lewiler 7

7
7‑nji bap
Ýazyk gurbanlygy baradaky düzgünler
1 Ýazyk gurbanlygy örän mukaddes gurbanlykdyr. Onuň berliş kadasy şeýledir: 2ýazyk gurbanlyk malynyň damagy ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalnyp, onuň gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpilsin. 3-4Onuň ähli ýagy: guýruk ýagy, garyn içegeleriniň daşyndaky ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesi böwrekler bilen bile alnyp, Rebbe hödür edilsin. 5Ruhany olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu ýazyk gurbanlygydyr. 6Ruhany maşgalasyndan bolan her bir erkek göbekli ol mal etinden iýsin. Ol mukaddes ýerde iýilsin, çünki bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr. 7Ýazyk gurbanlygynyň berliş kadasy-da edil günä gurbanlygynyň berliş kadasy ýalydyr. Ýazyk gurbanlygynyň eti ýazyklyny günäsinden saplaýan ruhanynyňky bolsun. 8Islendik kişiniň ýakma gurbanlygyny hödürleýän ruhany gurbanlyga berlen malyň derisini özüne alsyn. 9Tamdyrda, pitide ýa-da saçda taýýarlanan islendik galla sadakasy ony Hudaýa hödürleýän ruhanynyňky bolsun. 10Emma zeýtun ýagyna garylan ýa-da gury, bişirilmedik galla sadakasy Harun nesilleriniň arasynda deň paýlaşylsyn.
Salamatlyk gurbanlygy baradaky düzgünler
11Rebbe hödür edilýän salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir: 12-13eger kimdir biri salamatlyk gurbanlygyny Hudaýa şükür hökmünde hödürleýän bolsa, onda ol gurbanlyk beriljek mal bilen birlikde zeýtun ýagyna ýugrulan külçeler, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler we zeýtun ýagyna ýugrulyp, saýlama bugdaý unundan bişirilen petir we çörek hödür etsin. 14Bularyň hersinden bir çöregi Rebbe üwreme sadakasy hökmünde bersin. Olar salamatlyk gurbanlygynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpýän ruhanynyňky bolsun. 15Rebbe alkyş hökmünde berlen salamatlyk gurbanlygynyň eti bolsa hödür edilen güni iýilsin. Gurbanlyk etiniň ýekeje bölegi-de ertire galdyrylmasyn. 16Eger hödür edýän sadakaňyz aýdylan ýa-da meýletin sadaka bolsa, onda ol hödür edilen güni iýilsin. Ondan artyp galany ertesi gün iýilsin. 17Ondan artyp galany bolsa, üçülenji gün oda ýakylsyn. 18Eger salamatlyk gurbanlygynyň etinden üçülenji gün iýilse, onda ol kabul bolmaz we ony hödür eden üçin hasaba alynmaz. Ol nejisdir, ondan iýen jezany çekmeli. 19Eger gurbanlyk malynyň eti islendik haram zada galtaşsa, ol iýilmesin, oda ýakylsyn, halal eti haram saýylmadyk kişi iýip biler. 20Eger kimde-kim haram bolubam, Rebbe hödür edilen salamatlyk gurbanlygynyň etinden iýse, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn. 21Eger kimde-kim islendik haram zada: ynsan haramlyklaryna, haram mala ýa-da islendik haram jandara galtaşybam, Rebbe hödür edilen salamatlyk gurbanlygynyň etinden iýse, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn“». 22Reb Musa şeýle diýdi: 23«Ysraýyl halkyna aýt: „Öküziň, goýnuň ýa-da geçiniň hiç bir ýagyny iýmesinler. 24Ölen malyň ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan malynyň ýagy her hili maksatlar üçin ulanylyp bilner, emma ol hiç haçan iýilmeli däldir. 25Kimde-kim Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk malynyň ýagyndan iýse, ol ysraýyl halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn. 26Nirede ýaşaýandyklaryna garamazdan, guşuňkymy ýa-da haýwanyňkymy – parhy ýok, olar hiç hili gan iýmesinler. 27Eger kimde-kim gan iýse, nämäniň ganydygynyň parhy ýok, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn“».
28Reb Musa şeýle diýdi: 29«Ysraýyl halkyna aýt: „Kim Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür etmekçi bolsa, ol Rebbe aýratyn sadakany öz salamatlyk gurbanlygynyň malyndan bersin. 30Sadaka berýän adamyň özi gurbanlyk berlen malyň ýagyny onuň döşi bilen birlikde getirip, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. 31Ruhany ýagy gurbanlyk sypasynda ýaksyn, emma gurbanlyk malynyň döşi Harunyň ogullarynyňky bolmalydyr. 32Şeýle hem salamatlyk gurbanlygyňyzyň sag buduny-da sadaka hökmünde ruhana beriň. 33Gurbanlyk malynyň paý hökmünde berilýän bu sag buduny, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny we ýagyny hödürlän ruhany alsyn. 34Çünki Men ysraýyl halkyndan olaryň salamatlyk gurbanlyklaryndan Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödürlenen döşi we sag budy aldym. Olary Men ysraýyl halkyndan ruhany Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berdim. 35Harunyň we onuň ogullarynyň Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmäge başlan günlerinden bäri Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalardan olara degişli paý şudur“». 36Munuň ysraýyl halkyndan ebedilik parz hökmünde ruhanylara berilmelidigini, Haruny we onuň ogullaryny wezipä bellän güni Reb maňa buýurdy. 37Ýakma gurbanlygynyň, galla sadakasynyň, günä gurbanlygynyň, ýazyk gurbanlygynyň, belleme sadakasynyň we salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şulardan ybaratdyr. 38Sinaý çölünde Reb Özüne gurbanlykdyr sadakalar bermekligi ysraýyl halkyna buýran güni Ol Musa bu tabşyrygy berdi.

Currently Selected:

Lewiler 7: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in