YouVersion Logo
Search Icon

Lewiler 8

8
8‑nji bap
Musa Haruny we onuň ogullaryny ruhanylyga belleýär
(Müsürden çykyş 29:1-37)
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2-3«Haruny we onuň ogullaryny, olaryň ruhanylyk lybaslaryny, mesh ýagyny, günä gurbanlygy üçin berilýän öküzçäni, iki sany goçy we petirli sebedi al-da, bütin halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna üýşür». 4Musa Rebbiň buýruşy ýaly-da etdi. Bütin halk Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna ýygnandy. 5Musa halka ýüzlenip: «Men Rebbiň özüme beren şu aşakdaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmelidirin» diýdi. 6Şundan soň, Musa Haruny we onuň ogullaryny öňe çykaryp, olardan ýuwunmaklaryny talap etdi. 7Soňra Musa Harunyň egnine uzyn köýnek we don geýdirip, onuň bilini guşak bilen guşady. Musa onuň donunyň üstünden efot geýdirip, ony bezelen guşak bilen Harunyň arkasyna berkitdi. 8Onuň döşüne gursakça dakyp, onuň içine Urymy we Tummymy#8:8 Urym we Tummym – Hudaýyň islegini bilmek üçin ruhanylar tarapyndan ulanylan iki sany daş. Sözlüge seret. saldy. 9Musa Harunyň kellesine selle orady. Selläniň öň tarapynda bolsa, altyn bezegi – mukaddes täji goýdy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. 10Soňra Musa mesh ýagy alyp, ony mukaddes çadyra we onuň içindäki ähli enjamlaryň üstüne sepeläp, olary mukaddes etdi. 11Ýagdan ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne sepeläp, ol gurbanlyk sypasyny, onuň ähli enjamlaryny, legeni we onuň sütünini mukaddes etdi. 12Bagyş etmek üçin, Musa Harunyň başyna mesh ýagyny guýdy. 13Onsoň Musa Harunyň ogullaryny getirdi. Olaryň eginlerine köýneklerini geýdirip, billerine guşak guşap, kellelerine selle orady. Musa bar zady Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly etdi. 14Soňra ol günä gurbanlygynyň öküzçesini idip getirdi. Harun we onuň ogullary, ellerini öküzçäniň kellesine goýdular. 15Musa öküzçäniň damagyny çaldy. Ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony gurbanlyk sypasynyň şahlaryna barmagy bilen çalyp, gurbanlyk sypasyny halallady. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. Şeýdip, Musa gurbanlyk sypasyny halallamak üçin ony mukaddes etdi. 16Onsoň Musa garyn içegeleriň daşyndaky bar ýaglary we bagryň ýüzündäki ýag perdesini, iki böwregi daşynyň ýagy bilen alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýakdy. 17Emma öküzçäniň özüni, derisini, etini we içgoşuny Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly, Musa düşelgäniň daşyna çykardyp ýakdyrdy.
18Soňra ol ýakma gurbanlygy üçin berilýän goçy getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular. 19Goçuň damagy çalyndy. Musa onuň ganyndan alyp, gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi. 20Ol goçy bölekledi, kellesini we içýagyny, onuň galan bölekleri bilen bile oda ýakdy. 21Goçuň garyn-içegeleri we aýaklary ýuwlandan soň, Musa goçy bütinligine gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu Rebbe ýaraýan ýakymly ys çykarmak üçin berilýän ýakma gurbanlygydy, ýagny Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly, Rebbe ot üsti bilen berlen gurbanlykdy.
22Soňra ol hödür edilen ikinji goçy, belleme goçuny getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular. 23Musa goçuň damagyny çalyp, onuň ganyndan aldy. Harunyň sag gulagynyň ýumşak etli ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna gan çaldy. 24Onsoň Harunyň ogullaryny öňe çykardylar. Musa olaryňam sag gulaklarynyň ýumşak etli ýerine, sag elleriniň we sag aýaklarynyň başam barmaklaryna gan çaldy. Galan gany bolsa ol gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi. 25Soňra Musa goçuň ýaglaryny – guýruk ýagyny, garyn-içegeleriň daşyndaky bar ýaglary, bagryň ýüzündäki ýag perdesini, iki böwregi daşynyň ýagy bilen we sag budy aldy. 26Musa Rebbiň huzuryndaky petirli sebetden bir petiri, zeýtun ýagyna ýugrulan hamyrmaýasyz külçäni, bir çelpegi alyp, olary ýagyň we goçuň sag budunyň üstünde goýdy. 27Bu zatlaryň hemmesini Musa Harun bilen onuň ogullarynyň eliniň aýasynda goýup, Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy. 28Soňra Musa bu zatlary olaryň ellerinden alyp, olary gurbanlyk sypasynda, ýakma gurbanlygy bilen bilelikde ýakdy. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen ýakymly ysly belleme sadakasydy. 29Onsoň Musa döşi alyp, ony Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy. Bu belleme goçundan Musanyň paýydy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. 30Musa mesh ýagyndan we gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, Harunyň üstüne we eşiklerine, onuň ogullarynyň üstüne we eşiklerine sepeledi. Şeýdip, Haruny we onuň eşiklerini, onuň ogullaryny we olaryň eşiklerini bagyş etdi. 31Onsoň Musa Haruna we onuň ogullaryna şeýle diýdi: «Eti Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bişiriň-de, ony şol ýerde belleme sadakalary üçin niýetlenen sebetdäki çörek bilen iýiň. Hudaý maňa: „Muny Harun we onuň ogullary iýsin“ diýdi. 32Etden we çörekden artanyny bolsa ýakyň. 33Belleme dabarasy tamamlanýança, siz ýedi günläp, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndan daşlaşmaň. Çünki bellenme dabarasy ýedi gün dowam etmelidir. 34Bu günki ýerine ýetirilen her bir iş Rebbiň tabşyrygy boýunça, siziň günäleriňizden saplanmagyňyz üçin edildi. 35Siz ýedi gije-gündiziň dowamynda Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bolup, Rebbiň buýrugyny berjaý ediň, ýogsam ölersiňiz. Maňa Rebbiň buýrugy şeýledir». 36Harun we onuň ogullary Rebbiň Musa arkaly beren ähli tabşyryklaryny berjaý etdiler.

Currently Selected:

Lewiler 8: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in