Luka 10
10
10-njy bap
Isa ýetmiş iki şägirdi iberýär
1Şundan soň Reb Isa başga ýetmiş iki#10:1 Ýetmiş iki – käbir golýazmalarda ýetmiş. adamy belläp, olary Özüniň gitmekçi bolýan ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady. 2Olara şeýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne işgär az. Şonuň üçin hem hasylyny ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň. 3Gidiň! Ine, Men sizi möjekleriň arasyna guzular kimin ýollaýaryn. 4Ýanyňyza gapjyk-da, torba-da, çaryk-da almaň. Ýolda hiç kim bilen salamlaşmaň. 5Haýsy öýe barsaňyz, öňürti: „Öýüňiz abadan bolsun!“ diýiň. 6Ol öýde parahatlygy söýýän adam bar bolsa, siziň dilän parahatlygyňyz onuň üstüne iner, ýok bolsa-da, ýene özüňize dolanar. 7Ol öýde galyp, olaryň berenlerini iýip-içiň, sebäbi işçi öz hakyna mynasypdyr. Öýden-öýe göçüp ýörmäň. 8Bir şähere baranyňyzda, kabul edilseňiz, öňüňizde näme goýulsa, şony iýiň. 9Ol ýerdäki hassalara şypa beriň we olara: „Hudaýyň Şalygy size golaýlady!“ diýiň. 10Emma başga bir şähere baranyňyzda, kabul edilmeseňiz, onuň köçelerine çykyň-da, olara: 11„Şäheriňizde aýagymyza ýapyşan tozany-da size garşy kakýarys. Emma şuny biliň: Hudaýyň Şalygy golaýlandyr!“ diýiň. 12Size aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom şäheriniň ýagdaýyndan has beter bolar. 13Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler. 14Emma kyýamat güni siziň ýagdaýyňyz Sur bilen Sidonyň ýagdaýyndan has beter bolar! 15Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň. 16Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».
17Onsoň şol ýetmiş iki şägirt uly şatlyk bilen dolanyp gelip: «Eý, Agam! Seniň adyňy agzanymyzda, arwah-jynlar hem bize boýun bolýarlar» diýdiler. 18Isa olara: «Men şeýtanyň gökden ýyldyrym ýaly bolup aşak inenini gördüm. 19Men size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň ähli güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zeper ýetirmez. 20Şeýle hem siz erbet ruhlaryň özüňize boýun bolmagyna däl-de, atlaryňyzyň gökde ýazylmagyna begeniň» diýdi. 21Şol wagt Isa Mukaddes Ruh arkaly şatlanyp: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin! Hawa, Atam, bu Seniň islegiňdi.
22Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir» diýdi. 23Soňra Isa şägirtlerine ýüzlenip, olara aýratyn nygtap: «Siziň görýän zatlaryňyzy görýän gözler nähili bagtly! 24Size şuny aýdýaryn: köp pygamberler we patyşalar siziň görýänleriňizi görmek islediler, emma görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, emma eşitmediler» diýdi.
Oňat samariýaly
25Bir dindar Isany synamak üçin, ýerinden turup: «Mugallym! Baky ýaşaýşy miras almak üçin men näme etmeli?» diýip sorady. 26Isa onuň özüne sorag bilen ýüzlenip: «Töwratda näme ýazylgy? Sen muňa nähili düşünýärsiň?» diýdi. 27#Kan 6:5; Lew 19:18.Ol adam: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz we düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň». Şeýle hem: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýdi. 28Isa oňa: «Dogry jogap berdiň, sen hem şeýle et, şonda ýaşarsyň» diýdi. 29Emma ol özüni aklajak bolup, Isadan: «Meniň ýakynym kim bolýar?» diýip sorady. 30Isa oňa şeýle jogap berdi: «Bir adam Iýerusalimden Ýeriho barýarka, garakçylaryň eline düşýär. Olar onuň eşiklerini sypyryp alýarlar-da, özünem ýenjip, çalajan halda taşlap gidýärler. 31Tötänlikde bir ruhany şol ýoldan barýarka, ol adamy görüp, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär. 32Onsoň bir lewi-de şol ýere ýeten wagty ony görüp, ýoluň beýleki tarapy bilen geçip gidýär. 33Şol ýoldan geçip barýan bir samariýaly bolsa, bu adamy görüp, oňa ýüregi awaýar. 34Onuň ýanyna baryp, zeýtun ýagy bilen şerap guýup, ýaralaryny saraýar. Onsoň ol adamy öz eşegine mündürip, bir myhmanhana getirip, oňa garaşyk edýär. 35Şol günüň ertesi myhmanhananyň eýesine iki kümüş teňňe çykaryp berip: „Muňa gowuja seret, artykmaç çykdajy etseň, yzyma gelýärkäm bererin“ diýýär. 36Seniň pikiriňçe, bu üç adamyň haýsysy garakçylaryň eline düşen adamyň ýakyny bolýar?» 37Dindar: «Oňa rehim eden adam» diýip jogap berdi. Isa hem oňa: «Bar, sen-de şonuň ýaly et» diýdi.
Isa Marta bilen Merýemiň öýünde
38 Isa bilen şägirtleri ýollaryny dowam edip, bir oba ýetdiler. Isa oba girende, Marta atly bir aýal Ony myhman aldy. 39Bu aýalyň Merýem atly bir gyz dogany bardy. Ol Reb Isanyň alkymyna baryp oturyp, Onuň sözlerini diňleýärdi. 40Marta bolsa işleriniň köpdüginden ýaňa başagaýdy. Ol Isanyň ýanyna gelip: «Agam! Uýamyň meniň ýeke özüme hyzmat etdirip oturmagy Seniň perwaýyňa-da dälmi? Oňa aýt, maňa kömekleşsin» diýdi. 41Reb Isa oňa: «Wah, Marta, Marta! Sen köp zatlar barada aladalanyp başagaý bolýarsyň. 42Diňe bir zat gereklidir. Merýem iň oňadyny saýlady we bu onuň elinden hiç alynmaz» diýip jogap berdi.
Currently Selected:
Luka 10: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016