YouVersion Logo
Search Icon

Luka 11

11
11‑nji bap
Isa halka doga-dileg öwredýär
(Matta 6:9-13; 7:7-11)
1Bir gün Isa Hudaýa doga okap otyrdy. Ol muny gutaran wagty, şägirtleriniň biri Oňa: «Agam, Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize Hudaýa doga etmegi öwretsene» diýdi. 2Isa olara Hudaýa doga okanyňyzda şeýle diýiň:
«Eý, Atamyz#11:2 Atamyz – käbir golýazmalarda Göklerdäki Atamyz., adyň mukaddes bolsun!
Patyşalygyň gelsin!#11:2 Käbir golýazmalarda Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn diýen jümle hem bar.
3Gündelik çöregimizi bize günde ber.
4Bize garşy günä edenleri bagyşlaýşymyz ýaly,
Sen hem biziň günälerimizi bagyşla.
Bizi synaga salma#11:4 Käbir golýazmalarda bizi şeýtandan halas et diýen jümle hem bar.» diýdi.
5Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Aýdaly, siziň biriňiziň dostuňyz bar. Sen ýarygije şol dostuňyň ýanyna baryp: „Dost! Maňa üç çörek karz bersene. 6Uzak ýoldan ýakyn dostum geldi. Onuň öňünde goýara zadym ýok“ diýip ýalbarýaňyz. 7Şonda dostuň içerden: „Meni birahat etme! Gapy birçak gulplandy, çagalarym, hemmämiz uklap ýatyrys. Men turup, saňa hiç zat berip biljek däl“ diýip jogap berýär. 8Size şuny aýdaýyn, ol adam saňa çöregi dostlugyň hatyrasyna bermese-de, ony gününe goýman, erjellik bilen soraberseň, islendik soran zadyňy berer. 9Men size diýýärin: diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. 10Hawa, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar. 11Sizden haýsy ata ogly balyk dilände#11:11 Balyk dilände – käbir golýazmalarda çörek dilände, oňa daş berer? Ýa-da balyk dilände., balyga derek oňa ýylan berer? 12Ýa bolmasa ýumurtga dilände, oňa içýan berer? 13Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere Mukaddes Ruhy has-da köp bermezmi?»
Isa we jynlaryň hökümdary
(Matta 12:22-30,43-45; Mark 3:20-27)
14Günleriň birinde Isa bir lal adamdan arwah-jyny kowdy. Arwah-jyn çykan badyna, lal adam geplemäge başlady, halk muňa haýran galdy. 15Emma olaryň käbiri: «Ol arwah-jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebul#11:15 Beýelzebul – şeýtanyň beýleki ady. Sözlüge seret. arkaly kowup çykarýar» diýdiler. 16Beýlekiler hem Ony synamakçy bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler. 17Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen öý ýykylar. 18Şeýtan öz içinden bölünse, heý-de, patyşalygy durarmy? Muny siziň Maňa arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowýar diýýäniňiz üçin aýdýaryn. 19Men arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýarlar? Şeýle diýýäniňiz üçin sizi öz adamlaryňyz höküm eder. 20Men arwah-jynlary Hudaýyň güýji bilen kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size gelendir. 21Eger bir güýçli adam depesinden dyrnagyna çenli ýaraglanyp, öz öýüni goraýan bolsa, onuň mal-mülki howpsuzdyr. 22Emma özünden güýçli adam hüjüm edip, ony ýeňse, onda onuň buýsanýan hemme ýaraglaryny elinden alyp, talan oljasyny paýlar. 23Meniň bilen bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen sürini toplamadyk ony dargadýandyr.
24Arwah-jyn adamdan çykandan soň, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, emma tapmaýar. Şonda ol: „Çykan öýüme dolanaýyn“ diýýär. 25Dolanyp gelende, öýüň süpürilgi, hemme zadyň ýerbe-ýerdigini görýär. 26Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp, mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar». 27Isa bu zatlary aýdyp durka, mähelläniň arasyndan bir aýal sesini gataldyp: «Seni dogran, Seni emdiren ene nähili bagtly!» diýdi. 28Isa bolsa: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler has hem bagtlydyr!» diýip jogap berdi.
Ýunusyň alamaty
(Matta 12:38-42)
29Mähelle has köp üýşende, Isa şeýle diýdi: «Bu nesil erbet nesildir. Olar alamat talap edýär, emma olara Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez. 30Ýunus Ninewe halkyna nähili alamat bolan bolsa, Ynsan Ogly-da bu nesle edil şonuň ýaly alamat bolar. 31#1Pat 10:1-10.Günorta melikesi kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, ýeriň aňry ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da üstün Biri bar. 32#Ýun 3:4-10.Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.
Bedeniň yşygy
(Matta 5:15; 6:22,23)
33Hiç kim çyrany ýakyp, gizlin ýerde ýa-da gabyň aşagynda goýýan däldir, tersine, içeri girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr. 34Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sagdyn bolsa, tutuş bedeniň hem ýagty bolar, gözüň şikesli bolsa, tutuş bedeniň hem garaňky bolar. 35Şonuň üçin hem ägä bol, sendäki yşyk garaňky bolaýmasyn. 36Seniň tutuş bedeniň ýagty bolup, hiç bir garaňky ýeri ýok bolsa, çyra seni öz şöhlesi bilen ýagtyldýan ýaly, bedeniň bütinleý ýagty bolar».
Waý halyňyza!
(Matta 23:1-36; Mark 12:38-40)
37 Isa bu zatlary aýdyp durka, bir fariseý Ony öýüne nahara çagyrdy. Isa baryp, saçak başynda oturdy. 38Fariseý Onuň nahardan öň elini ýuwmandygyny görüp, geň galdy. 39Emma Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Ine, siz fariseýler käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma içiňiz açgözlükden hem pislikden doludyr. 40Akmaklar! Daşyny ýaradan içini-de ýaratmadymy? 41Mätäçlere ýürekden sadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar. 42Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz narpyzdan, her hili ysly otdan ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma adalat bilen Hudaýyň söýgüsini äsgermeýärsiňiz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz. 43Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz sinagogalarda baş kürsüleri, bazarlarda özüňize salam berilmegini halaýarsyňyz. 44Waý halyňyza! Siz hiç belligi bolmadyk mazarlara meňzeýärsiňiz: adamlar bilmezden şeýle mazarlaryň üstünde gezýändirler».
45 Töwrat mugallymlaryň biri Oňa: «Eý, Mugallym! Sen bu zatlary aýtmak bilen, biziň hem göwnümize degýärsiň» diýdi. 46Isa hem şeýle diýdi: «Siziň hem waý halyňyza, eý, Töwrat mugallymlary! Agyr ýükleri adamlara ýükleýärsiňiz, özüňiz bolsa ol ýüklere barmagyňyzy hem degirmeýärsiňiz. 47Waý halyňyza! Siz pygamberleriň guburlaryny dikýärsiňiz, emma olary öldürenler öz atalaryňyzdyr. 48Şeýtmek bilen, siz atalaryňyzyň edenlerini tassyklaýarsyňyz. Hawa, pygamberleri atalaryňyz öldürdi, siz hem olaryň guburlaryny dikýärsiňiz. 49Şu sebäpden hem, Hudaýyň akyldarlygy şeýle diýipdir: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar“. 50Şonuň üçin hem dünýä ýaradylaly bäri hemme pygamberleriň dökülen gany üçin bu nesil jogapkärdir. 51Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda öldürilen Zekarýanyň ganyna çenli bu nesil jogapkärdir. Hawa, Men size şuny aýdýaryn: ähli gabahatlyklar üçin şu nesil jogap berer. 52Waý halyňyza, eý, Töwrat mugallymlary! Siz bilimiň açaryny alyp gitdiňiz. Özüňiz bu gapydan girmediňiz, girmek isleýänlere hem böwet bolduňyz».
53 Isa ol ýerden gaýdan wagty fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň garşysyna çykyp, üstüne ençeme meseleler baradaky soraglary ýagdyrmaga başladylar. 54Şeýdip, Isany sözünde tutjak bolup, amatly pursady peýleýärdiler.

Currently Selected:

Luka 11: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in