Luka 12
12
12‑nji bap
Isa ikiýüzlülik barada duýdurýar
(Matta 10:26-31; 12:32)
1Şol wagt müňlerçe adam üýşüp, biri-birlerine gysylyşyp durdular. Isa ilki bilen Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň. 2Ýapyk bolup, üsti açylmajak, gizlin bolup, bilinmejek zat ýokdur. 3Garaňkylykda näme aýtsaňyz, ýagtylykda eşidiler, içki otaglarda çakan çawuşyňyz üçeklerde yglan ediler. 4Eý, dostlarym, Men size şuny aýdaýyn: bedeni öldürýän, emma ondan soňra hiç zat edip bilmeýänlerden gorkmaň. 5Men size kimden gorkmalydygyňyzy aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň. 6Bäş serçe iki teňňä satylmaýarmy näme? Muňa garamazdan, Hudaý olaryň hiç birini ýatdan çykarmaýar. 7Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr. Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz. 8Size şuny diýýärin: kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ykrar eder. 9Kim Meni adamlaryň öňünde ret etse, onuň özi-de Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ret ediler. 10Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetiren bagyşlanmaz.
11Sizi sinagogalara, ýolbaşçylaryň, hökümdarlaryň huzuryna getirenlerinde, özüňizi nähili gorajakdygyňyzy we näme diýjekdigiňizi gaýgy etmäň. 12Mukaddes Ruh size näme diýmelidigiňizi şol pursadyň özünde öwreder».
Akmak baý tymsaly
13Mähelläniň arasyndan biri Isa: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy meniň bilen paýlaşsyn» diýdi. 14Isa oňa: «Eý, ynsan, kim Meni siziň üstüňizden kazy ýa-da häkim edip belledi?» diýdi. 15Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi. 16Soňra Isa olara bir tymsal aýdyp berdi: «Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär. 17Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymy goýmaga-da ýerim ýok“ diýip, içini gepledýär. 18Onsoň ol: „Hä, men, ine, şeýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaryn-da, ähli gallamy, bar zadymy şol ýere ýygnaryn. 19Özüme bolsa, eý, janym, köp ýyl üçin ýygnalan ençeme zadyň bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek diýerin“ diýýär. 20Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär. 21Özi üçin hazyna toplaýan, emma Hudaýyň nazarynda baý bolmadyk her bir adamyň soňy şeýle bolar».
Gaýgy etmäň
(Matta 6:25-34)
22Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. 23Jan iýmitden, beden egin-eşikden has gymmatlydyr. 24Gargalara serediň, olar ne ekýärler, ne-de orýarlar. Olaryň ne ammarlary, ne-de urulary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe esse gymmatlysyňyz! 25Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, ömrüňizi bir sagat uzaldyp bilýärsiňiz? 26Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda näme üçin galan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz? 27Liliýalaryň ösüşine syn ediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi. 28Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?! 29Şonuň üçin hem näme iýip-içjekdigiňizi, näme geýjekdigiňizi agtarmaň, bular barada alada etmäň. 30Bu zatlaryň baryny bu dünýäniň adamlary agtarýandyr. Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär. 31Siz bolsa Hudaýyň Şalygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.
32Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi. 33Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir. 34Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.
Oýa hem taýýarlykly boluň
(Matta 24:45-51)
35Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun. 36Toýdan gelip, hojaýyny gapyny kakanda, dessine oňa gapyny açmaga garaşýan adamlar ýaly boluň. 37Hojaýyny dolanyp gelende, onuň oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn bilini guşap, hyzmatkärlerini saçak başynda oturdar. Ýanyna gelip, olara özi hyzmat eder. 38Hojaýyn isle ýarygije, isle daňdan gelsin, onuň gelende, oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtlydyr! 39Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, öýüni talatmazdy#12:39 Öýüni talatmazdy – käbir golýazmalarda oýa bolardy, öýüni talatmazdy.. 40Siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler».
41Şonda Petrus: «Agam, bu tymsaly diňe bize aýdýarsyňmy ýa-da hemmelere?» diýip sorady.
42 Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi? 43Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly! 44Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar. 45Emma şol hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip, gullary we kenizleri urmaga, iýip-içip, serhoş bolmaga başlasa, 46hojaýyny hem onuň oslamaýan gününde, oýlamaýan sagadynda gelse, ony parça-parça edip, onuň başyna biwepalaryň gününi salar.
47Hojaýynynyň islegini bilse-de, taýýar bolmaýan, onuň islegini ýerine ýetirmeýän hyzmatkär köp ýenjiler. 48Emma bilmezlikden taýaga mynasyp iş eden adam az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler. Kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp zat hem isleniler».
Parahatlyk däl-de, bölünişik
(Matta 10:34-36)
49 Isa sözüni dowam etdi: «Men ýer ýüzüne ot ýagdyrmaga geldim. Hernä şol ot indi tutaşyp bir ýansady! 50Men çuňňur gaýgy-hasrata batýaryn. Bu amala aşýança, Men darygýaryn! 51Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýdýärsiňizmi? Ýok, bölünişik getirmäge geldim diýýärin. 52Mundan beýläk bir öýde ýaşaýan bäş adam bölünişip, üçüsi ikisine garşy, ikisi hem üçüsine garşy bolar. 53Ata ogluna, ogul atasyna garşy, ene gyzyna, gyz enesine garşy, gaýynene gelnine, gelin gaýynenesine garşy bolar».
Alamatlara düşünmek
(Matta 16:2,3; 5:25,26)
54 Isa mähellä ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz günbatardan bir buludyň peýda bolanyny gören badyňyza: „Ýagyş ýagar“ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar. 55Günorta ýeli öwsende bolsa: „Howa yssy boljak“ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar. 56Eý, ikiýüzlüler! Ýeriň hem asmanyň görnüşinden many çykaryp bilýäňiz-de, näme üçin bu häzirki döwürden many çykaryp bileňzok?
57Näme üçin özüňize dogry zady saýlap alyp bilmeýärsiňiz? 58Biri seni aýyplap, kazyýete alyp gitse, onuň bilen ýoldakaň barlyş. Ýogsam ol seni kaza, kazy hem zyndan sakçysyna tabşyryp, zyndana düşmegiň ahmal. 59Saňa şuny aýdýaryn, jerimäňi doly töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň».
Currently Selected:
Luka 12: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016