Luka 23
23
23‑nji bap
Isa Pilatyň we Hirodyň öňünde
(Matta 27:1,2,11-26; Mark 15:1-15; Ýohanna 18:28–19:16)
1Onsoň mejlisiň ähli agzalary ýerlerinden turup, Isany Pilatyň ýanyna getirdiler. 2Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar». 3Pilat Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa oňa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. 4Onsoň Pilat ýolbaşçy ruhanylar bilen halka: «Men bu adamda hiç hili etmiş görmedim» diýdi. 5Emma olar hötjetlik edip: «Bu adam Öz taglymaty bilen tutuş Ýahudyýanyň ilatyny öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler. 6Muny eşidip, Pilat: «Bu adam jelilelimi?» diýip sorady. 7Isanyň Hirodyň welaýatyndandygyny bilensoň, Pilat Ony Hirodyň ýanyna iberdi, sebäbi şol wagt Hirodyň özi hem Iýerusalimdedi. 8Hirod Isany görüp gaty begendi, sebäbi köp wagtdan bäri Ony görmek isleýärdi. Ol baradaky eşiden ençeme zatlaryna görä, Ondan bir gudratly alamat görerin diýen umydy bardy. 9Hirod Ondan köp soraglar sorady, emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. 10Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary bolsa ol ýerde durup, Ony biragyzdan aýyplaýardylar. 11Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna iberdiler. 12Şol gün Pilat bilen Hirod dost boldy; mundan öň olaryň arasynda duşmançylyk bardy.
13 Pilat ýolbaşçy ruhanylary, baştutanlary we halky üýşürip, 14olara: «Siz bu adamy meniň ýanyma halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Men Ony gözüňiziň alnynda soraga çekdim, emma Ol baradaky aýyplamalaryňyz dogry çykmady. 15Ony Hirodyň ýanyna iberdim, ol hem hiç günä tapman, Ony yzyna iberdi. Siziň görşüňiz ýaly, Ol ölüme laýyk hiç zat etmändir. 16Şonuň üçin hem, men Onuň temmisini berip, boşatjak» diýdi.#23:16 Käbir golýazmalarda 17‑nji aýat duş gelýär: Pilat baýramçylyk mynasybetli halka bir adamy boşadyp bermelidi. 18Emma ähli halk biragyzdan: «Bu adamy ýok et! Bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdy. 19Barabbas şäherde ýüze çykan bir gozgalaňa gatnaşandygy we ganhordugy üçin zyndana salnypdy. 20Pilat Isany boşatmak niýeti bilen ýene-de halka ýüzlendi. 21Emma olar: «Ony haça çüýle! Haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. 22Pilat üçünji gezek olara: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men Ondan ölüm jezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň üçin hem Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi. 23Emma olar seslerini has gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talap etdiler we olaryň sesi üstün çykdy. 24Şeýlelik bilen, Pilat olaryň talabyny berjaý etmek kararyna geldi. 25Olaryň soran adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşatdy, Isany bolsa olaryň ygtyýaryna berdi.
Isa haça çüýlenýär
(Matta 27:32-44; Mark 15:21-32; Ýohanna 19:17-27)
26Esgerler Isany alyp barýarkalar, ekin meýdanyndan gelýän kirineýli Simuny tutup, arkasyna haçy ýüklediler we Isanyň yzyndan ýöremäge mejbur etdiler. 27Uly bir mähelle Isanyň yzyna düşüp gitdi, olaryň arasynda Onuň üçin zaryn-zaryn aglaýan aýallar hem bardy. 28Isa ol aýallara tarap öwrülip, şeýle diýdi: «Eý, Iýerusalim gyzlary! Meniň üçin aglamaň. Özüňiz we çagalaryňyz üçin aglaň. 29Çünki şeýle bir günler geler, adamlar: „Önelgesiz aýallar, dogurmadyk ýatgylar, çaga emdirmedik göwüsler neneňsi bagtly!“ diýerler. 30#Hoş 10:8.Şonda daglara: „Biziň depämize iniň!“, depelere: „Bizi örtüň!“ diýerler. 31Eger adamlar gök daragta şeýle zatlar edýän bolsalar, onda gury daragta näme bolar?» 32Isa bilen başga iki jenaýatçyny hem jezalandyrmak üçin alyp barýardylar. 33Olar Kelleçanak diýilýän ýere gelenlerinden soň, Isany ýaňky jenaýatçylar bilen birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryň biri Onuň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady. 34Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar. 35Halk Oňa seredip durdy. Ýolbaşçylar hem Onuň üstünden gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Eger Ol Hudaýyň saýlap-seçen Mesihi bolsa, goý, indi Özüni hem halas etsin-dä!» diýişýärdiler. 36Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Oňa sirke hödür edip: 37«Ýahudylaryň patyşasy bolsaň, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler. 38Onuň depesinde bolsa#23:38 Käbir golýazmalarda grekçe, latynça we ýewreýçe diýen jümle hem bar. : «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASYDYR» diýen ýazgy bardy. 39Çüýlenen jenaýatçylaryň biri Oňa ýaňsylap: «Sen Mesih dälmi näme? Onda Özüňi-de, bizi-de halas et-dä!» diýdi. 40Ikinji jenaýatçy bolsa muny aýdana käýäp: «Sen Hudaýdan gorkaňokmy? Sen hem Onuň bilen bir jezany çekýärsiň! 41Biz öz etmişimize laýyk adalatly jeza aldyk. Emma bu adam hiç hili erbetlik etmedi ahyry» diýdi. 42Onsoň ol: «Isa, Şalygyňa baran çagyň meni ýatlagyn!» diýdi. 43Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile jennetde bolarsyň» diýdi.
Isanyň ölümi
(Matta 27:45-56; Mark 15:33-41; Ýohanna 19:28-30)
44-45Wagt günortana golaýlanda, Günüň ýüzi tutuldy, öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy. Ybadathananyň perdesi ortarasyndan ýyrtylyp, ikä bölündi. 46#Zeb 30:6.Isa gaty ses bilen gygyryp: «Atam! Ruhumy Seniň eliňe tabşyrýaryn» diýdi-de, jan berdi. 47Ýüzbaşy bolan wakany görüp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Ol: «Bu, hakykatdan-da, dogry adam eken!» diýdi. 48Bu zatlara tomaşa etmek üçin üýşen ähli halk bolan wakalary görüp, döşlerini ýumruklaý-ýumruklaý yzlaryna gaýtdy. 49Isany tanaýan adamlaryň bary, şeýle-de Jelileden Onuň yzyna düşüp gaýdan aýallar uzagrakda durup, bu wakalara syn edýärdiler.
Isa jaýlanýar
(Matta 27:57-61; Mark 15:42-47; Ýohanna 19:38-42)
50 Mejlis agzalaryndan Ýusup atly bir adam bardy. Ol oňat hem dogruçyl adamdy. 51Özi-de mejlisiň kararyna we işine razylyk bermändi. Ýusup Ýahudyýanyň Arimatiýa şäherinden bolup, Hudaýyň Şalygyna garaşýardy. 52Ol Pilatyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi. 53Onsoň Ony aşak düşürip, kepene dolap, gaýada oýulan we henize çenli hiç kimiň jaýlanmadyk mazarynda jaýlady. 54Bu iş Taýýarlyk gününiň ahyrynda bolup, Sabat gününiň başlanmagyna golaýdy. 55Isa bilen Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyň yzyna düşüp gitdiler-de, mazary we Onuň jesediniň nähili jaýlananyny gördüler. 56Onsoň olar öýlerine gaýdyp, ýakymly ysly tütetgiler we atyrlar taýýarladylar.
Emma Hudaýyň buýrugy boýunça Sabat güni olar dynç aldylar.
Currently Selected:
Luka 23: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

: