Luka 24
24
24‑nji bap
Isa direlýär
(Matta 28:1-10; Mark 16:1-8; Ýohanna 20:1-10)
1Hepdäniň birinji güni#24:1 Hepdäniň birinji güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýekşenbe günüdir. ir säher bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly tütetgilerini alyp, mazara bardylar. 2Olar mazaryň agzyndaky daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. 3Mazaryň içine girenlerinde bolsa, Reb Isanyň jesedini tapmadylar. 4Muňa haýran bolup durkalar, garşylarynda lowurdaýan lybasda iki sany adam birdenkä peýda boldy. 5Aýallar gorkup, başlaryny ýere egdiler. Ýaňky adamlar olara: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz? 6Ol bu ýerde ýok, Ol direldi! Ol heniz siziň bilen bilekä Jelilede özüňize aýdan zatlaryny ýadyňyza salyň. 7Ol: „Ynsan Ogly günäli adamlaryň eline tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli we üçülenji gün direlmelidir“ diýipdi» diýdiler. 8Onsoň Isanyň bu sözleri olaryň ýadyna düşdi.
9Aýallar mazardan dolanyp gelip, bularyň baryny Onbirlere we beýlekileriň hemmesine habar berdiler. 10Resullara bu habary ýetirenler magdalaly Merýem, Ýowanna, Ýakubyň ejesi Merýem we olaryň ýanyndaky beýleki aýallardy. 11Emma bu sözler resullara boş göründi, olar aýallara ynanmadylar. 12Petrus bolsa ýerinden turup, mazara tarap eňdi. Ol eglip, kepeniň boş ýatanyny gördi. Ol bolan waka geň galyp, yzyna dolandy.
Isa Emmausa barýanlara görünýär
(Mark 16:12,13)
13Şol gün şägirtlerden ikisi Emmaus diýen oba barýardy. Bu oba Iýerusalimden on çakrym#24:13 On çakrym – grekçe altmyş stadios. Bu takm. 11 kilometre deňdir. uzaklykda ýerleşýärdi. 14Olar bolup geçen bu wakalar hakda özara gürleşýärdiler. 15Şeýlelikde, gepleşip, pikir alşyp barýarkalar, Isanyň Özi golaýa gelip, olar bilen bile ýöräberdi. 16Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy. 17Isa olardan: «Ýol bolsun! Näme hakda gürrüň edip barýaňyz?» diýip sorady. Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler. 18Olaryň Kleýop atlysy: «Iýerusalimde bolubam, şu günler ol ýerde bolan wakalardan bihabar gelmişek diňe Senmikäň?» diýip sorady. 19Isa olardan: «Haýsy wakalar?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalar. Ol Hudaýyň we ähli halkyň nazarynda sözde hem işde güýçli pygamberdi. 20Ýolbaşçy ruhanylar bilen baştutanlarymyz Ony ölüm jezasyna höküm etdirip, haça çüýlemek üçin häkimiň eline tabşyrdylar. 21Biz bolsa Ysraýyly halas etjek Şoldur diýip umyt edipdik. Onsoňam bu zatlaryň bolanyna üç gün boldy. 22Üstesine, aýallarymyzyň käbirem bizi haýrana goýdy. Olar şu gün ir bilen mazara baryp, 23Onuň jesedini tapmandyrlar. Olar biziň ýanymyza gelip, özlerine perişdeleriň görnendigini aýtdylar. Perişdeler Oňa diri diýýärmişler. 24Onsoň biziňkileriň käbiri mazara baryp, ýagdaýyň edil aýallaryň aýdyşy ýalydygyny görüpdirler, emma Isany görmändirler».
25 Isa olara: «Wah, siz akmaklar! Pygamberleriň aýdanlaryna giç ynanýanlar! 26Mesih bu görgüleri görüp, Öz şöhratyna girmeli dälmidi?» diýdi. 27Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi. 28Olar barýan obalaryna golaýlanlarynda, Isa uzagrak giderli göründi. 29Emma olar Ony saklap: «Biziň ýanymyzda galaý, basym agşam düşer, gün ýaşyp barýar» diýdiler. Şeýlelikde, Isa olaryň ýanynda galdy. 30Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi. 31Şonda olaryň gözleri açylyp, Isany tanadylar, emma Isa olaryň gözlerinden gaýyp boldy. 32Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Mukaddes Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy diýsene?» diýişdiler. 33Olar turup, şol pursadyň özünde Iýerusalime dolandylar. Ol ýerde Onbirleri we olaryň ýanynda bile üýşüp oturanlary tapdylar. 34Bular: «Dogrudan-da, Reb Isa direlipdir we Simuna görnüpdir!» diýdiler. 35Onsoň ol ikisi ýolda bolan wakalary, Isa çöregi bölende, Ony tanandyklaryny gürrüň berdiler.
Isa şägirtlere görünýär
(Matta 28:16-20; Mark 16:14-18; Ýohanna 20:19-23; Resul 1:6-8)
36Olar heniz bu barada gürrüň berip durkalar, Isanyň Özi olaryň arasynda durup: «Size salam bolsun!» diýdi. 37Olar ruh görýändiris öýdüp, tisginip gorka düşdüler. 38Isa olara: «Näme üçin dowla düşýärsiňiz? Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär? 39Meniň ellerime, aýaklaryma serediň. Bu Meniň Özüm! Maňa elleriňizi degrip görüň. Ruhuň et bilen süňki bolmaz, emma görşüňiz ýaly, Meniňki bar» diýdi. 40Muny aýdyp, ellerini, aýaklaryny olara görkezdi. 41Olar şatlykdan ýaňa henizem ynanyp bilmän, haýran galyp durkalar, Isa olara: «Bu ýerde iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýip sorady. 42Oňa bişirilen balygyň bir bölegini#24:42 Käbir golýazmalarda we biraz bal diýen sözler hem bar. berdiler. 43Isa alyp, olaryň gözleriniň alnynda ony iýdi. 44Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi. 45Onsoň Mukaddes Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy. 46Isa olara: «Mesih görgi görer we üçülenji gün ölümden direler diýip ýazylandyr. 47Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir. 48Siz bu zatlara şaýat bolarsyňyz. 49Men hem Atamyň wada eden Mukaddes Ruhuny size ýollaryn. Emma siz gökden injek gudrat bilen doldurylýançaňyz, Iýerusalimde galyň» diýdi.
Isa göge göterilýär
(Mark 16:19,20; Resul 1:9-11)
50 Isa olary şäheriň daşyna çykaryp, Beýtaniýa getirdi. Onsoň ellerini galdyryp, olara pata berdi. 51Pata berip durka, olardan aýrylyp, göge göterildi. 52Olar hem Oňa sežde edip, uly şatlyk bilen Iýerusalime dolandylar. 53Olar hemişe ybadathanada bolup, Hudaýa alkyş okaýardylar.#24:53 Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.
Currently Selected:
Luka 24: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

: