Luka 7:7-9
Luka 7:7-9 TUKLAT16
Şonuň üçin hem men özümi Seniň ýanyňa barmaga mynasyp saýmadym. Diňe birje söz aýtsaň bes, meniň hyzmatkärim sagalar. Men hem buýruk astyndaky adamdyryn, ygtyýarymda esgerlerim bar. Birisine „Git“ diýsem gidýär, başgasyna „Gel“ diýsem gelýär. Hyzmatkärime „Şuny et!“ diýsem edýär». Isa bu sözleri eşidip, ýüzbaşa haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýän mähellä tarap öwrülip: «Size şuny aýdaýyn: Men hatda Ysraýylda-da şeýle beýik imany görmedim» diýdi.